Goýup köne ýylda aladalary,
Täze ýyla şatlyk bilen ädeli.
Aýazbaba sowgat bize paýlasa,
Bagtyñ gülki sowgadyndan dadaly, Baýlygymyz saglyk bolup dökülsin. Ýykylsañyz düşüñ bagtyñ üstüne,
Her ojakda çaga sesi köpelsin.
Taýsyzlaram ýetsin bagt köşgüne,
Höküm sürsün parahatlyk dünýäde. Gözýaş diñe şatlyk üçin eçilsin, Durmuşyñyz besläp ýaza-bahara.
Allam size uzak ömür eçilsin,
Ýörän ýoluñyzda bolmasyn garam, Egsilmesin bolçulugyñ miwesi.
Erteki mysaly şowlulyklardan, Buýsançly başyñyz asman diresin. Agzybirlik gurşap alsyn daşyñyz,
Ýol bermäliñ döremegine gamlaryñ.
Agarmasyn wagtyndan öñ saçlarymyz,
Sanamalyñ ýygyrdyny mañlaýyn.
Saçaklarmyz doly bolsun çörekden,
Uzadan ýerñize ýet