#MeniňYkbalymyHudaýKesgitleýär #ykbal #TürkmençeWagyz
Ýermeýa
29:11
11. Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.
2 Korintoslylar
5:17
17. Şoňa görä-de, kim Isa Mesih e degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!
Ýewreýler
9:27-28
27. Ynsanyň takdyrynda bir gezek ölüm bardyr, ondan soň Hudaýyň öňünde hasap bermelidir. 28. Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.
Ýohanna
5:24
24. Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.
Ýohanna
11:25-26
25. Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar. 26. Kim Maňa iman edip ýaşaýan bolsa, ol asla ölmez. Sen şuňa ynanýarsyňmy?» diýdi.
Ýohanna
8:35-36
35. Gul hiç haçan öýüň agzasy bolup bilmez, ýöne Ogul öýüň hemişelik agzasydyr. 36. Şonuň üçin hem Ogul sizi azat etse, siz, hakykatdan hem, azat bolarsyňyz.
Ýohanna
1:12
12. Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi.
Kanun taglymaty
30:19-20
19. Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar. 20. Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir».
Facebook sahypamyz
https://www.facebook.com/diri.soz.7
Odnoklassniki sahypamyz
https://ok.ru/profile/577139589052
İnstagram Sahypamyz.
https://www.instagram.com/dirisozler
VK Sahypamyz.
https://vk.com/dirisozler
Whatsapp/İmo 0544 847 88 84
E-mail
dirisozler@gmail.com