Bir gün ýola çykdym elim torbaly
Kempir "Line"-da otyr, elem çorbaly
Haýran galyp, gözlem gaçdy dyzyma
Garry ýaşok "Line" öwredýä gyzyna
Ýene ýöräberdim kellämi çaýkap
Alkaş "Line"-da otyr, üsti hem añkap
Bir körpede baryp çüñke dykyldy,
Bir açkarik büdräp çukra ýykyldy.
Keselletdi adamlaryñ baryny
Narkoş etdi Türkmenistanyñ ýaryny
Kim lentada aljak bolýa aryny
Kim liçkada gözläp ýören ärini.
Çopanlaram otyr indi "Line"-da,
Bar bu artyp guda bilen gaýynda,
Moda boldy ýylyñ on iki aýynda
Bukulyp hat ýazýa gelin jaýynda
Garaz "Line"-dadyr şäher, obaly,
Hanha "Line"-da otyr dili tobaly
Öñler "Wechat" bardy ýüzüñ tuwagy,
Indi "Line" boldy hemmä geregi.