Kanal Hayatda her gün ýaýlymda bolýan Türkmen dilindäki "Diri Sözler" telegepleşigimiziň '' MASLAHAT '' atly bölümünüň dowamyny size hödürleýäris.
Ahazýa patyşa bolanda kyrk iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy.3 Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ahazýanyň ejesi pis iş etmekde geňeşçisidi.4 Ahazýa hem Ahabyň maşgalasy ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Kakasy ölenden soň, Ahabyň nesilleri Ahazýanyň geňeşçisi bolup, ony heläkçilige uçratdylar.
2 Ýyl ýazgylary 2:22-24
Rebbiň kanunyndan lezzet alýan, gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr! Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär, günäkärleriň ýolundan ýöremeýär, ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar.
Zebur 1:1-2
Gaýtam ähli maslahatymy ret etdiňiz, meniň käýinjimi duýmak islemediňiz.
26 Men-parasat betbagtlygyňyza gülýändirin; sizi gorky basanda ýaňsylaryn.
27 Sizi gorky gaý kimin basanda, betbagtlyk harasat bolup inende, muşakgat hem gaýgy başyňyza düşende,
28 meni çagyrarsyňyz, ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.
Süleýmanyň pähimleri 1:25-28
-----------------------------------------------------------------------------------------------------------
Facebook sahypamyz https://www.facebook.com/diri.soz.7
Odnoklassniki sahypamyz https://ok.ru/profile/577139589052
E-mail dirisozler@gmail.com
Google+ https://plus.google.com/u/0/109100189
Показать еще
Присоединяйтесь — мы покажем вам много интересного
Присоединяйтесь к ОК, чтобы посмотреть больше интересных видео и найти новых друзей.