Kanal Hayatda her gün ýaýlymda bolýan Türkmen dilindäki "Diri Sözler" telegepleşigimiziň '' MASLAHAT '' atly bölümünüň dowamyny size hödürleýäris.
Tutuş ysraýyl jemagaty Ýarobgamy çagyrdyp alyp, onuň bilen bile Rehabgamyň ýanyna gelip, oňa:4 «Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis» diýdiler.5 Rehabgam ysraýyl halkyna: «Gidiň-de, ýene-de üç günden meniň ýanyma dolanyp geliň» diýdi. Şeýdip, olar gitdiler.
6 Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşulular bilen geňeşip, olardan: «Bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady.7 Ýaşulular oňa: «Eger sen şu gün bu halka ýagşy hyzmat edip, olardan ýagşy sözüňi gaýgyrmasaň, olar saňa baky hyzmat ederler» diýip jogap berdiler.8 Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi.9 Rehabgam ýaş ýigitlerden: «Siz: „Sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýdi.10 Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt.11 Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.
12 Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýşi ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler.13 Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi.14 Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».15 Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Reb tarapyndan şeýle tamamlanypdy.
1 PATYŞALAR
12:3-15
20 Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady.
1 PATYŞALAR
12:20
-----------------------------------------------------------------------------------------------------------
Facebook sahypamyz
https://www.facebook.com/diri.soz.7
Odnoklassniki sahypamyz
https://ok.ru/profile/577139589052
E-mail
dirisozler@gmail.com
Google+
https://plus.google.com/u/0/109100189