Essalawmaleýkim, hormatly ildeşler. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, her ýylyň Iýun aýynyň 1-de bütin dünýäde "Çagalary goramagyň halkara güni" aýratyn baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilýär. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler Türkmenistan ülkämizde hem giň gerime eýe bolýar. Bu gün diňe bir çagalaryň şadyýan baýramçylyk bellemelerinden ybarat bolman, eýsem abadançylykly we adalatly jemgyýeti döretmegiň esasy şerti hökmünde, çaganyň hukuklaryny goramagyň hem-de sylamagyň zerurlygy barada jemgyýete ýatlatmakdyr. Çagalar biziň şu günümiz, ertirimiz, geljegimizdir olary terbiýelemek, söýmek her bir ynsanyň borjudyr. Goý her bir ojakda çaga gülkisi belent ýaňlansyn!
Присоединяйтесь — мы покажем вам много интересного
Присоединяйтесь к ОК, чтобы подписаться на группу и комментировать публикации.
Комментарии 1