added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added today at 19:30
Aşgabatda italýan artistleriniň gatnaşmagynda “Pagliacci” operasy goýulýar 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Pagliacci” operasynyň premýerasy goýlar. Meşhur eseri Aşgabatda türkmen-italýan artistleri bilelikde sahnalaşdyrýar. Onuň guramaçylygyna türkmen paýtagtynda geçirilýän III Halkara teatr festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilelikde gatnaşýar. Belli opera kompozitory hem-de libret
added today at 18:30
Içeri işler ministriniň çalyşmagyndan soň, Maryda polisiýa aktiwleşdi Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda şäheriň köçelerinde polisiýa işgärleriniň sany köpelipdir. "Içeri işler ministriniň wezipesine Çakyýewiň bellenmeginden soň Mary şäherinde polisiýa işgärleriniň sany artdy. Geçen ýylda polisiýany diňe ýol hereketiniň howpsuzlygy aýynyň dowamynda sentýabrda köpçülikleýin görüp bolýardy. Polisiýa işgärleri pyýadalar üçin geçelgelere gözegçilik edipd
added today at 17:29
Mary Bitaraplyk gününe taýýarlanýar: Raýatlara çäreler barada gürlemezlik tabşyrylýar Mary welaýatynda býujet işgärleri, studentler, okuwçylar we çagalar baglarynyň körpeleri Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýär. Şeýle-de, olara çäreler barada gürrüň etmezlik tabşyrylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär. “Mary şäheriniň Atabaýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze stadionda Bitaraplyga taýýarlyk
added today at 16:15
После смены руководства МВД, в Мары активизировалась полиция Как сообщает корреспондент в Мары, в настоящее время на городских улицах заметно увеличилось количество сотрудников полиции. "После того, как на должность министра внутренних дел был назначен Чакыев в городе Мары увеличилось количество полицейских. Если в прошлом году полицию можно было видеть повсеместно во время месячника безопасности. Полицейские контролировали безопасность на пешеходных переходах, дежурили у школ. В настоящее вре
added today at 15:20
‘Ýerli uny we ýagy tapmak nasy satyn almakdan-da kyn’ Türkmenistanda azyk harytlarynyň gytçylygy we gymmatçylygy dowam edýär. Marynyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahasy gymmatlaýan mahaly, Lebabyň hususy söwda nokatlarynda arassalanmadyk ýerli pagta ýagynyň we unuň satuwy gadagan edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky we Lebapdaky habarçylary howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 19-njy noýabrda habar berdi. Marydaky habarçy azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň 14-nji
added today at 12:59
Родители новобранцев сообщают о скудном питании и вымогательстве в туркменской армии На прошлой неделе в воинских частях пограничных войск Туркменистана, расположенных в Тагтабазарском и Серхетабатском этрапах Марыйского велаята, а также в Ахалском велаяте прошли церемонии принятия военной присяги. Участвовавшие в церемонии близкие солдат рассказали корреспонденту Радио Азатлык о проблемах в военных частях с продовольственным обеспечением и вымогательством со стороны командиров. Житель Лебапск
added today at 12:22
Jaý gurýar, massaž edýär hem palaw bişirýär. Bahtiýary Kareliýada işlemäge näme mejbur edýär? Soňky 15 ýylyň dowamynda Bahtiýar Uzakow Orsýete gidip, çagalarynyň durmuş toýy üçin pul gazanýar. Häzir ol Kareliýada Nikolaý Mukkoneniň kärhanasynda işleýär. 34 ýaşly Nikolaý Mukkonen gelip çykyşy boýunça fin, mundan birnäçe ýyl öň öz firmasyny açyp, şungit mineralyny gaýtadan işleýär, şeýle hem şol sebitde turizmi ýola goýýar. Syýahatçylary suwy üýtgeşik bolan şungit kölüne alyp gidýär. Bahtiýar Ni
added today at 10:00
Aşgabatda zenan sürüjileriň şahadatnamalarynyň möhletini uzaltmak boýunça arzalary kabul edilmeýär Aşgabatda zenan sürüjileriň täze sürüjilik şahadatnamalaryna eýe bolmakda we möhleti geçen dokumentini täzelemekde çekýän kynçylyklary dowam edýär. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. - Aşgabatda zenan sürüjilere 10 ýyllyk möhleti dolan sürüjilik şahadatnamalaryny köpçülikleýin bermeýärler. Möhleti dolansoň olar hasaba alyş-ekzamenasion bölüme ýüz tutýarlar, şeýle-de bu edarany GAI-
added yesterday at 19:00
Pagta planyny ikinji bolup dolan Maryda býujet işgärlerinden pul ýygnamak işleri dowam edýär Türkmenistanda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ikinji bolup ýerine ýetiren Mary welaýatynda býujet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnamak işleri dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 18-nji noýabrda habar berdi. “Mary welaýatyndaky býujet işgärleriniň her birinden her hepde 20 manatdan 60 manada çenli p
added yesterday at 18:00
Ашхабадским автомобилисткам отказывают в обновлении водительских удостоверений Ашхабадские автомобилистки продолжают сталкиваться с проблемами в получении новых и продлении водительских удостоверений с истекшим сроком действия. Об этом сообщает корреспондент Азатлыка в Ашхабаде. - В Ашхабаде массово не выдают женщинам водителям новые права по истечении 10-летнего срока. Когда срок истекает, они обращаются в РЭО (Регистрационно-экзаменационный отдел), который находится на улице Магистральной, е
Show more
1 698 participants in the group
Aşgabadyň çagalar bagynyň resmisi körpeleriň iýmitini dükanlara satmakda aýyplanyp ‘tussag edildi’ Geçen hepde Aşgabadyň polisiýa işgärleri 104-nji çagalar bagynyň ýolbaşçysynyň hojalyk işler boýunça orunbasaryny tussag etdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär. Bu habar Marynyň çagalar baglarynda barlaglaryň geçirilýändigi we körpelere berilýän iýmitiň hiliniň barlanýandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi. Neşir öz ýurt içindäki habarçysyna salgylanyp, 8-nji noýabrda çap eden habarynda hojalyk işler boýunça orunbasaryň körpelere berilýän azyk önümlerini dükanlara satmakda aýyplanyp tussag edilendigini mälim etdi. “Bu azyk harytlarynyň arasynda tüwi, mesge ýagy, goýaldylan süýt we makaron, unaş önümleri hem-de alma bar. Çagalar bagynyň ýolbaşçysynyň hojalyk işler boýunça orunbasarynyň saklanmagy bilen bagly jenaýat işi gozgaldy. Derňewçiler çagalar bagyna berilýän azyk önümleriniň belli bir böleginiň yzygiderli söwda dükanlaryna satylandygyny anykladylar. Bu wakadan çagalar bagynyň ýolbaşçysy habarly däl ýaly bolup görünýär. Sebäbi ol öz wezipesini dowam etdirýär” diýip, neşiriň habarynda aýdylýar. Neşir bu wakadan soňra şäheriň çagalar baglarynyň köpüsinde barlaglaryň geçirilip başlanandygyny hem habar berýär. Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Şeýle-de, bu aýdylanlar barada 104-nji çagalar bagyndan hem kommentariý alyp bilmedi. Ýöne bu habar Mary welaýatynyň Mary şäherindäki çagalar baglarynda barlaglaryň geçirilýändigi we körpelere berilýän iýmitiň hiliniň barlanýandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi. 5-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri welaýatyň howpsuzlyk we prokuratura işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu barlaglaryň duýdansyz amala aşyrylýandygyny aýtdy. “Barlagçylar hojalyk müdirlikleriniň ammarlaryna girip, terezide azyk önümlerini ölçeýärler. Aşhana girip naharyň bişirilişini, iýmitiň ýokumlylygyny barlaýarlar. Naharlara goşulýan azyk önümleriniň agramyny hem ölçeýärler” diýip, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň we ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan maryly habarçy gürrüň beripdi. Habarçy bu barlaglaryň çagalar baglarynda körpelere berilýän azyk önümleriniň hiliniň pesligi, olaryň öýlerine aç gelýändigi barada ene-atalaryň ençemesiniň welaýat prokuraturasyna ýazan arzalarynyň yzýany geçirilýändigini aýdypdy. 2017-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri 8 manatdan 80 manada ýokarlandyryldy. Şondan bäri ene-atalaryň onlarçasy çagalar baglarynyň tölegleriniň duýdansyz 10 esse gymmatladylandygyna garamazdan, olarda berilýän iýmitiň hiliniň gowulanmaýandygy barada ençeme gezek habar berdiler. 27-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň çagalar baglarynyň ençemesinde täze düzgüniň güýje girizilendigini gürrüň berdi. Bu düzgüne görä, ene-atalardan körpeleriň çagalar baglaryndaky ýassyk we ýorgan-düşek daşlaryny öýlerinde ýuwup getirmek talap edilýär. Türkmenistanyň çagalar baglaryndaky bu meseleler barada ýuduň media serişdelerinde hiç zat aýdylmaýar. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30260004.html
Log in or sign up to add a comment