Çarşenbe güni, 15-nji iýunda daňdan Türkmenistanyň Mary welaýatynda güýçli ýel turdy. Ýeliň netijesinde käbir etraplarda elektrik togy kesildi. Şeýle-de, durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we dükanlaryň üçeklerindäki örtükler gopdy. Ýel ekerançylyga hem täsir ýetirip, daýhanlary hem uly zyýana goýdy. Bu waka, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli ýeliň turmagyna garaşylýandygyny duýdurmagyndan birnäçe gün sora gabat geldi.
"Ilki asmana bulut ornaşyp, ýyldyrym çakdy, emma ýagyn ýagmady. Daňdana golaý güýçli şemal başlady" diýip, Mary şäheriniň ýaşaýjylarynyň biri anonimlik şertinde 15-nji iýunda gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatlaryna, welaýatyň käbir etraplarynyň daýhan birleşiklerinde elektrik simleri hatardan çykyp üzüldi. Häzirki wagtda ençeme hojalyk toksuz galýar.
"Ýerli elektrik edaralarynyň işgärleri şu gün ýetişdigimizden, bölekleýin tok bereris diýýärler. Ýöne olar bejermeli ýeriň kändigini hem belläp, eger ýetişmeseler, onda toguň ertir beriljekdigini aýdýarlar" diýip, ýaşaýjy sözüni şeýle dowam etdiri:
"Ýel köp adamyň jaýlarynyň üçeklerindäki örtüklerini soguryp, ýere düşürdi. Köp ýerde jaýlaryň üçekleri goňşularynyň ýa-da özleriniň işiginde duran ulaglaryň üstüne uçdy. Jaýlaryň üçeklerindäki çanak antennalarynyň köpüsi-de uçup, ýere gaçdy".
Habarçymyz köp ýaşaýjynyň öz üçeklerini bejermek üçin serişde sarp etmekden başga-da, goňşularynyň awtoulaglaryna ýeten maddy zyýanyň öwezini hem dolmaga çalyşýandygyny belledi.
Şol bir wagtda, ol ýeliň ýetiren maddy zyýanynyň öwezini dolmak meselesiniň käbir ýerlerde dawaly bolup galýandygyny hem habar berýär. Onuň sözlerine görä, şäheriň söwda nokatlaryndaky dükanlaryň üçeklerindäki örtükler hem uçup, duralgalarda duran satlyk awtoulaglaryň üstüne gaçdy. Häzirki pursatda munuň öwezini kimiň dolmalydygy barada dükan eýeleri bilen ulag satyjylarynyň arasynda düşünişmezlikler dowam edýär.
"Ulag satyjylary dükan eýelerine 'Seniň örtügiň gaçdy. Töle!' diýýärler. Dükan eýeleri bolsa, 'Biz günäkär däl. Biz özümiz üçegimizi goparyp, bilgeşleýin siziň satlyk ulaglaryňyzyň üstüne taşlamadyk. Biz tölejek däl' diýýärler" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýagdaýdan habarly maryly telekeçi habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyz ençeme maddy zyýan ýetiren ýeliň adam pidalaryna sebäp bolandygyny ýa-da bolmandygyny anyklap bilmedi. Ýöne ol ýeliň ýetiren zyýany netijesinde ýaralanyp, hassahana düşen adamlaryň bardygyny aýtdy.
"Kakasyny ýitirip, pata tutup oturan bir hojalykda düzme palatanyň içinde ýatan adamlaryň üstüne palatkanyň demirleri gaçdy. Köp adam şikes alyp, olaryň birnäçesi hassahana äkidildi" diýip, ýagdaýdan habarly maryly ýaşaýjy aýtdy.
Habarçymyz güýçli ýeliň sebitdäki gülläp oturan baglara, bakja önümlerine ýaramaz täsir ýetirip, daýhanlary hem uly zyýana goýandygyny aýdýar.
"Düýn galla meýdanynda bugdaý ýygylyp alnandan soň, ertir traktor tutup öýe äkideris diýip, yzynyň samanyny üýşürip goýduk. Ýöne bu gün irden barsak, düýnki üýşürilip goýlan samanlaryň birem ýok. Ýel bir çöpem goýmandyr. Hem saman gitdi, hem-de kireýine tutulan traktoryň hakyny tölemeli bolduk" diýip, maryly daýhanlarynyň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Maryda bolan bu tebigy hadysa, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň we goňşy Özbegistanyň käbir sebitlerinde güýçli ýeliň turmagyna garaşylýandygyny duýdurmagyndan birnäçe gün soňa gabat geldi.
"10-njy iýunda Türkmenistanyň Daşoguz, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir ýerlerinde tizligi 15-20 m/s çenli ýetýän güýçli ýeliň we käbir ýerlerde tizligi 18-23 m/s çenli ýetýän güýçli ýel bolar. Tozanly tupanyň ýa-da gar tupanynyň bolmagyna garaşylýar" diýlip, neşir 9-njy iýunda çap eden maglumatynda ýazdy.
Maryda güýçli ýeliň turmagy, sebit häkimiýetleriniň Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata etmegine garaşylýan saparyna berk taýýarlyk görýän mahalyna gabat gelýär. Habarçylarymyz 9-njy iýunda başlanan taýýarlyklaryň çäginde köçelerde giň gerimli arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini, ýollaryň süpürilip ýuwulýandygyny, haşal otlaryň çapylýandygyny, ýol belgileriniň, käbir jaýlaryň üçekleriniň, derwezeleriň we haýatlaryň reňklenýändigini habar beripdiler. Ýeliň bu taýýarlyklara ýetiren zyýanynyň anyk gerimi nämälim bolsa-da, onuň arassaçylyk işlerini puja çykarandygy ikuçsyzdyr.
Türkmenistanda soňky ýyllarda, hususan-da, soňky aýlarda anomal howa hadysalary, şol sanda güýçli tozanly ýeller ýygy-ýygydan bolýar. 2022-nji ýylyň başyndan bäri ýurtda şeýle ýelleriň azyndan 10-a golaýynyň bolandygy barada habar berildi.
NASA-nyň Ýer obserwatoriýasynyň 3-nji aprelde çap eden maglumatynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň kosmosdan düşürilen suraty ýaýradylyp, sebitde baharyň umumy alamatlaryndan biriniň tozandygy aýdyldy. Habarda sebitdäki guraýan kölleriň tozanly ýelleriň döremegine goşmaça goşant goşan bolmagynyň mümkindigi hem aýdylýar.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda turýan güýçli şemal, tupan ýa-da sil suwlarynyň joşmagy ýaly tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan aç-açan beýanat bilen çykyş edýärler. Şeýle-de, tebigy hadysalaryň netijeleri, ilata ýetiren täsirleri barada hem hiç zat aýdylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/31899034.html
Присоединяйтесь к ОК, чтобы подписаться на группу и комментировать публикации.
Нет комментариев