added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added today at 17:30
Maryda we Balkanabatda ilat kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýär Türkmenistanyň Mary we Balkan welaýatlaryndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklar dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary raýatlaryň zähmet we pensiýa haklaryny nagtlaşdyrmak üçin ertirden agşama çenli şäheriň dürli künjeklerini aýlanýandygyny aýdýarlar. “Mary şäheriniň bankomatlary boş, ýagny şäher boýunça ‘Belent’ söwda merkeziniň öňünde ýerleşýän ‘Türkmenistan’
added today at 16:27
В ашхабадских госмагазинах продукты продают только за безналичный расчет В столичных государственных магазинах продукты начали продавать только за безналичный расчет. Об этом сообщают корреспонденты Азатлыка в Ашхабаде. "Сегодня яйца и подсолнечное масло за наличные не продают, только по карточкам. Но еще вчера яйца в нашем госмагазине продавали за наличные решетками по 15 штук, пока не кончались, то есть брали дополнительно лишние 1.50 маната с каждой решетки. По госцене яйцо стоит 45 тенге,
added today at 15:00
HORMATLY ARKADAG: Siziñ arzañyzy berip gitmegiñiz gerek, Hormatly Arkadag! Hormatly Arkadag! Aşgabatda 16-njy tapgyry gidip duran gurluşyk işlerini arada aýlanyp gördüñiz. Meniñ size raýat hökmünde soramak isleýän zadym bar. Bu tapgyrlaryñ soñy haçan geler? Ýalnyş düşünmäñ göripligim ýok. Ýöne şu jaýlarda kimler ýaşamaly? Ozaly bilen 3 -5 sany jaýy bolanyñkya ýene biri goşulmaly ýa-da jaýdan kösenip ýören aşaky gatlak adamlara amatly şertler bilen berilermi? Mena beriler öýdemok. Berjek bolsañ
added today at 14:43
HWF: Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmeli Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmaklyk bäsdeşligi hem-de manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegi talap edýär diýip, golaýda Aşgabada sapar eden Halkara walýuta fondunyň missiýasy 14-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy. 5 – 12-nji noýabr aralygynda Halkara walýuta fondunyň missiýasy Aşgabada sapar etdi. Halkara maliýe bilermenler toparynyň ýolbaşçysy 14-nji noýabrd
added today at 13:01
В Ашхабаде сотни людей собираются в очереди за визой в Узбекистан У посольства Узбекистана в Ашхабаде в эти дни можно увидеть очереди из сотен людей, желающих получить туристическую визу, сообщает издание «Türkmen.news». Ссылаясь на своего корреспондента в Туркменистане, издание сообщает, что к 7 часам утра у здания посольства уже собирается более 250 человек. В течение дня количество людей значительно увеличивается. Большинство стоящих в очереди жители Лебапского и Дашогузского велаятов, сре
added today at 10:10
Marynyň demirýol wokzalynda gullukdan gelen esgerleri surata düşürmek gadagan edildi Mary şäheriniň demirýol stansiýasynda harby gullugyny berjaý edip dolanan esgerleri dabaraly ýagdaýda garşy almak çäresi geçirildi. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, şäher häkimiýetleriniň guramaçylygyndaky bu çäre polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklaryň işgärleriniň berk gözegçiliginde geçirilipdir. Muňa şaýat bolan adamlara we ýolagçylara surata düşürmek we wideo etmek gadagan edilipdir.
added yesterday at 19:10
Lebap welaýatynda 1 halta sementiň bahasy ýene-de ýokarlanyp, 200 manada çenli çykdy Lebap welaýatynda sementiň bahasy ýene-de gymmatlady. Welaýatyň administratiw merkeziniň gurluşyk harytlary satylýan dükanlarynda Balkan welaýatynda öndürilen sementiň bir haltasynyň bahasy 160 manatdan satylýar, welaýatyň günorta etraplarynda munuň bahasy 200 manada çykdy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde 13-nji noýabrda habar b
added yesterday at 18:09
На железнодорожной станции в Мары запретили фотографировать прибытие демобилизованных солдат  На железнодорожной станции в Мары состоялась торжественная встреча, уволившихся в запас солдат срочной службы. Как сообщил корреспондент Азатлыка в Мары, встреча, организованная властями города, состоялась под надзором полиции, препятствовавшей осуществление пассажирами видео и фото съемки. По его словам, это произошло 1 ноября, демобилизованные солдаты прибыли в одном из вагонов регулярного поезда Аш
added yesterday at 17:15
Täze gurulýan Darganatada gurluşykçylar 5 aý bäri aýlyklaryny alyp bilmeýär Täze gurulýan Darganata şäherçesinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde zähmet çeken köp sanly gurluşykçy 5 aý bäri ýerli firmalardan aýlyk haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy atlandyrylmazlyk şertlerinde 14-nji noýabrda habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, Darganata etrap merkezine Amyderýanyň joşmak howpy abanýar. Bu ýagdaýa çykalga hökmünde ýerli häkimiýetler et
added yesterday at 16:14
Türkiýe 'Yslam döwletiniň' türkmenistanly 6 agzasyny ekstradisiýa edýär Türkiýe “Yslam döwleti” (YD) toparynyň 959 sany daşary ýurtly agzasyny öz döwletlerine ekstradisiýa edýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň 6 sany raýaty bar. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler. “Hürriyet” neşiriniň 13-nji noýabrda çap eden habaryna görä, türk hökümeti öz ýurtlaryna ekstradisiýa ediljek “Yslam döwleti” ekstremist toparyň agzalarynyň sanawyny çap etdi. Bu sanawa görä, Merkezi Aziýa döwletlerind
Show more
1 694 participants in the group
MHM-niň başlygyna käýinç berilmegine geý oglanyň ýagdaýynyň sebäp bolmagy mümkin Türkmenistanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe berk käýinç bermegine türkmenistanly geý oglanyň dowul döreden ýagdaýynyň sebäp bolan bolmagy mümkin. Berdiýewiň MHB-niň ýolbaşçysy wezipesinde ilkinji gezek käýinç alan wagtynda kanun goraýjy edaralar seksual azlyklaryň wekilleri anyklamak boýunça çärelerini güýçlendirdiler. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, käbir regionlarda polisiýa Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy boýunça öň jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlary sorag edýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji noýabrda MHM-niň ýolbaşçysy Ýaýlym Berdiýewe berk käýinç yglan etdi. Bu Berdiýewiň 2018-nji ýylda milli howpsuzlyk ministri wezipesine belleneli biri alan ilkinji käýinjidir. Umuman, türkmen hökümetindäki beýleki ministrlerden tapawutlylykda Berdiýew öz awtoritar ýolbaşçysyndan örän seýrek käýinç alýar. Soňky gezek ol käýinje geçen ýylyň maý aýynda goranmak ministri bolan döwründe eýe boldy. Azatlygyň bir-birinden garaşsyz iki çeşmesiniň aýtmagyna görä, Berdimuhamedowyň nägileligine Azatlyk bilen söhbetdeşliginde özüniň geýdigini aýdan aşgabatly ýaş lukman Kasymberdi Garaýew bilen bagly ýagdaý sebäp bolupdyr. Hökümetdäki ýagdaýlardan habarly çeşmeleriň biriniň sözlerine görä, prezidentiň gaharynyň gelmegine, onuň öz pikirine görä "türkmenler üçin masgaraçylykly ýagdaý" barada daşary ýurt mediasynda çap edilmegi sebäp bolupdyr. Şeýle-de, prezident köpçüligiň öňünde çykyş eden türkmeniň Berdimuhamedowyň özi ýaly lukman bolmagyndan nägile bolupdyr. Ýatlatsak, 24 ýaşly Garaýew we onuň ýitirim edilmegi barada berlen maglumatlardan soň, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi tutuş ýurt boýunça medisina işgärleriniň arasynda geýleri we lesbianlary tapmak üçin barlag geçirip başlady. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýerli habarçylaryna salgylanyp habar bermegine görä, Saglygy goraýyş ministrliginiň welaýat bölümleriniň ählisinde bu meselä bagyşlanan ýygnaklarda diňe bir mesele - “öz ahlaksyz hereketleri bilen biziň hünärimizi (lukmançylygy – red. belligi) masgaralan wraç” hakynda gürrüň edildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň geçen hepdede habar bermegine görä, LGBT wekillerini anyklamak boýunça çäreler diňe saglygy saklaýyş ugry bilen däl-de, eýsem beýleki strukturalarda hem geçirilýär. Üstesine, kanun goraýjy edaralar welaýat merkezleriniň birinde (ony howpsuzlyk nukdaý nazardan agzamaýarys- red.) öň geý bolmakda şübhelenen, ýa-da Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy (beçebazlyk) boýunça öň jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlary soraga çekýär. "Bu ýerde gomoseksualdygy belli bolan adamlary söhbetdeşlige çagyrýarlar. Hatda Nyýazow düwründe olaryň gomoseksual bolandygy sebäpli goşuna alynmadyk adamlary hem soraga çagyrdylar. Üstesine, beçebazlyk sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlar bilen söhbetdeşlik geçirdiler. Mundan öň beýle dowul turmandy, sebäbi olary diňe erkekler bilen jynsy gatnaşygyň üstünde tutulanda saklaýardylar. Häzir bolsa şol waka sebäpli şeýle gopgun turdy" diýip, habarçymyz aýtdy. Ýatlatsak, 6-njy noýabrda Aşgabat wagty bilen agşam sagat 11 töwereginde Kasymberdi Garaýew we onuň kakasy Azatlyk Radiosynyň baş redaktoryna jaň etdiler. Olar özi barada berlen ähli habarlaryň hakykata gabat gelmeýändigini öňe sürdüler. Kasymberdiniň öz ýakynlary üçin ýazan we Azatlyk Radiosyna ugradan wideo ýüzlenmesiniň başga maksat bilen ýazylandygyny we onuň Azatlygyň redaksiýasyna düşmeginiň ýalňyşlyk bolandygyny aýtdylar. Bellemeli ýeri, Kasymberdi täsirli italian senatory Monika Çirinnanyň (Monica Cirinna) ony gorap eden çykyşyndan birnäçe sagat geçensoň azatlyga çykdy. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa sapary bilen bagly edilen bu çykyşynda senator Italiýanyň hökümetini agzalaryny türkmen delegasiýasy bilen duşuşykda Garaýewň ykbalyna aladalanma bildirmäge çagyrdy. Şeýle-de, adam hukuklaryny we LGBT haklaryny goraýjy italiýaly we halkara guramalary Garaýewi goldap kampaniýa başladylar. Mundan öň Azatlyk Radiosy Garaýewiň polisiýa çagyrylmagyndan soň ýitirim bolandygyny habar beripdi. Şondan birnäçe gün öň 21-nji oktýabrda Azatlyk Radiosy onuň öz seksual aýratynlygy sebäpli kanun goraýjy edaralary we öz garyndaşlary tarapyndan gören kemsitmeleri we zorluklary barada beren gürrüňini çap etdi. 25-nji noýabrda Türkmenistanyň güýç strukturalaryna ýakyn çeşmämiz Kasymberdiniň gözlenýändigini we oňa howpuň abanýandygyny habar berdi. Çeşmämiz howpsuzlyk organlarynyň başda "Kämil" ady bilen tanadylan Kasymberdiniň şekillendirilmegine gabat gelip biljek ýaş lukmanlary barlandygyny mälim etdi. Türkmenistan gomoseksualizmi jenaýat hökmünde yzarlaýan ýurtlaryň hatarynda galýar. Dünýäde şeýle ýurtlar 60 golaý bolup, olaryň sany barha azalýar. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30258429.html 
Log in or sign up to add a comment