added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:00
Госучреждения Мары собирают деньги «на сбор хлопка» В Марыйском велаяте у работников государственных учреждений по устному распоряжению руководства каждые 10-15 дней собирают деньги «на сбор хлопка». Как сообщил корреспондент Радио Азатлык в Мары, администрация Марыйского велаята взимает с каждого государственного учреждения, расположенного на территории региона определённую сумму. «Например, каждая школа, каждый детский сад каждые 15 дней должны собрать по 4000 манатов, этрапская больница со
added yesterday at 17:30
Çilim ýene-de gymmatlap başlady: Lebapda 1 guty çilim 150 manada, Balkanda 200 manada çenli çykdy Türkmenistanyň dürli regionlarynda temmäki önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy täzeden ýüze çykyp başlady. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde habar berýärler. Lebap welaýatynda ýerleşýän döwlete degişli bolmadyk hususy söwda nokatlarda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat we Serdar şäherlerinde temmäk
added yesterday at 17:00
Türkmenistanda sarygetirme keseli ýaýraýar Türkmenistanda ilatyň arasynda gepatit ýaýraýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlaryndaky ýagdaý barada habar berýärler. "Daşoguz welaýatynda "A" gepatitiniň hakyky epidemiýasy bar. Esasan ýetginjekler we çagalar keselleýärler. Ulularyň arasynda az. Şuňa meňzeş ýagdaý soňky gezek üç ýyl mundan öň döräpdi" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy aýdýar. Habarçymyz, anonim şertlerde gürlän ýerli lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň
added yesterday at 16:00
В Мары хлопковое масло подорожало в три раза 5 октября в городе Мары, в подвальных магазинах рынка «Гок базар», расположенного на улице Молланепеса с 5:00 до 7:30 утра продавалось неочищенное хлопковое масло, по новой цене, превышающей предыдущую в три раза. Неделей ранее литр масла продавался за 2 маната 60 тенге ($0,7), в субботу же литр масла продавали за 7 манат 60 тенге. Кроме более высокой цены от покупателей требовали вместе с хлопковым маслом купить просроченное сливочное масло. Об эт
added yesterday at 15:30
Ýurt boýunça dowam edýän pagta ýygym möwsüminde býujet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnalýar Mary welaýatynda ýerleşýän döwlet edara kärhanalarynda işgärlerden “pagta ýygym üçin” dilden görkezme esasynda her 10-15 günden bir gezek pul ýygnalýar. Bu maglumatyň jikme-jikligini Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 14-nji oktýabrda habar berdi. Habarçynyň tassyklamagyna görä, welaýatyň çäginde ýerleşýän her bir döwlet edara-kärhanasy üçin M
added yesterday at 15:19
Marynyň döwlet dükanlarynda un paýlandy, emma hemmä ýetmedi Marynyň döwlet dükanlarynda uzak arakesmeden soň un satylyp başlandy. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, dükanlarda uly nobat döredi, emma unuň ilata çäkli möçberde satylmagyna garamazdan, alyjylaryň hemmesine ýetmändir. "​Anna güni Mary şäherinde döwlet dükanlarynda un paýlandy. Emma şonda un hemme adamlara ýetmedi, ýetmedik adamlara birinji güni habar tutup görüň diýip aýtdylar. Ýöne şu gün un gelmedi" diýip, habarçymyz Marynyň dükanl
added October 13 at 18:30
Käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda toý-dabaralary geçirmeklik düzgünleşdirilýär. Türkmenistanda nähili? Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen halkynyň arasynda durmuş toýlary üçin edilýän uly möçberli çykdajylar barada gürrüň gozgalýar, olaryň ýerlikliligi sorag astyna alynýar.
added October 12 at 18:30
Hepdäniň jemi #41 (12.10.2019 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Aşgabatda azeri we ermeni liderleriniň arasynda ‘gahrymanlar’ meselesinde dörän gapma-garşylyk, Kremliň II Jahan urşuny sowet döwründäki ýaly dabaralandyrmak ugrunda edýän tagallalary we onuň arkasynda niýet, GDA ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Owganystana ýetirýän täsirleri baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
added October 12 at 09:00
В Мары планируется закрытие некоторых детских садов В Мары планируется закрытие нескольких детских садов. Об это сообщают корреспонденты Азатлыка, со ссылкой на сотрудников региональных учреждений сферы образования. По словам корреспондента Азатлыка, о планах по закрытию дошкольных учреждений сообщили на собраниях, которые прошли на дня в районных управлениях образования Мары и Байрамалы. "В районных управлениях образования Мары и Байрамалы провели собрания, в которых приняли участие руководи
added October 11 at 18:30
Maryda birnäçe çagalar bagyna ýapylmak howpy abanýar Maryda birnäçe çagalar bagynyň ýapylmagy planlaşdyrylýar. Bu barada Azatlygyň regiondaky habarçylary, ýerli bilim edaralarynyň wekillerine salgylanyp habar berýärler. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, çagalar baglaryny ýapmak planlary barada Mary we Baýramaly etrap bilim müdirliklerinde geçirilen ýygnaklarda aýdylypdyr. "Mary welaýatynyň Baýramaly we Mary etrap bilim müdirliginde ýygnak geçirildi, ol ýygnaga gatnaşanlar etrap çagalar b
Show more
1 634 participants in the group
Türkmenabatda okuwçy gyzlar bilen ýygnak geçirilip, olara ‘edep-terbiýe barada öwüt-ündew’ berildi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki orta we hünär mekdeplerinde okuwçy gyzlar bilen ýygnaklar geçirilip, olara “edep-terbiýe barada öwüt-ündewler” berildi. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän Lebapdaky habarçysy şeýle duşuşyklaryň geçen hepdäniň dowamynda geçirilendigini aýtdy. “Lebap welaýatynyň kazyýet, prokuratura, polisiýa, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri orta we hünär mekdepleriň okuwçy gyzlary bilen ýörite ýygnaklary guramalaşdyrdylar. Olar bu ýygnaklarda gyzlara ‘edep-terbiýe, päklik’ barada wagyz-nesihat berdiler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 9-njy oktýabrda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, şeýle ýygnaklar Türkmenabadyň beýleki orta we hünär mekdepleri bilen bir hatarda, şäheriň 2-nji, 4-nji, 9-njy we 13-nji mekdeplerinde geçirildi. Habarçy ýygnaga gatnaşan saglyk we bilim işgärleriniň hem-de okuwçy gyzlaryň ençemesine salgylanyp, şeýle duşuşyklaryň geçirilmeginiň sebäpleriniň durmuşa çykmadyk we ýetginjek okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly wakalaryň has köp göze ilmegi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. “Soňky aýlarda, hatda soňky ýyllarda okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy we çaga dogurmagy bilen bagly ýagdaýlara has köp duş gelse bolýar” diýip, habarçy saglyk we bilim işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi. Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada Lebap welaýatynyň prokuraturasyndan, bilim we saglygy saklaýyş bölümlerinden, şeýle-de 2-nji, 4-nji, 9-njy we 13-nji mekdeplerinden kommentariý almak häzirlikçe başartmady. Azatlyk Radiosynyň habarçysy häzirki wagt okuwçy gyzlaryň köpüsiniň ene-atasynyň gazanç etmek üçin daşary ýurtlarda zähmet çekýändigini, şol sebäpli çagalara olaryň baba-mamasynyň ýa-da dogan-garyndaşlarynyň esewan edýändigini belläp, şeýle diýdi: “Çagalar bilen olaryň hossarlary ene-atasy ýaly gyzyklanyp, terbiýeläp bilmeýär we olar ünsden düşürilýär. Şol sebäpli okuwçy gyzlaryň arasynda göwreli bolup, çaga dogurmagy ýaly wakalara duş gelse bolýar” diýip, habarçy türkmenabatly bir mugallymyň sözlerini sitirledi. Belläp geçsek, soňky ýyllarda ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen bagly, türkmenistanlylaryň eklenç gözleginde daşary ýurtlara gidýändigi, ýurduň welaýatlarynda tas her maşgaladan azyndan bir adamyň Türkmenistanyň daşyndadygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary ençeme gezek habar beripdi. Şu ýylyň aprel aýynda Lebap welaýatynda ene-atasy Türkiýede işleýän çagalaryň dogan-garyndaşlaryndan dil haty alnyp, çaganyň hossarlaryndan onuň özleriniň gözegçiligindedigini we haýsydyr bir hadysa bolan ýagdaýynda, jogapkärçiligi öz üstüne alýandyklaryny tassyklap, gol goýmak talap edildi. Türkmen häkimiýetleri daşary döwletlere işlemäge gidýän türkmenistanlylaryň sany, işsizligiň derejesi ýa-da okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy baradaky maglumatlary ilat köpçüligine ýetirmeýärler. Türkmenistanyň orta we hünär mekdeplerinde okuwçy gyzlar, şeýle-de ýokary okuw jaýlaryndaky student gyzlar bilen ýygnaklaryň geçirilip, olara “edep-terbiýe barada öwüt-ündewleriň” berilmegi bilen bagly Azatlyk Radiosy mundan öňki ýyllarda hem birnäçe gezek habar beripdi. Ýokary okuw jaýlarynyň Aýallar guramasynyň başlygynyň, prokuratura, polisiýa, bilim we saglyk işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýygnaklarda gyzlardan beýlekiler bilen bir hatarda, okuwdan boş wagtynda kafe-restoranlarda, toý-tomgylarda görünmezlik talap edilýär. Şeýle-de, olara “türkmen däp-dessurlaryna gabat gelmeýän, türkmen gyzyna gelişmeýän hereketleri etmezlik” berk tabşyrylýar. 2017-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan student gyzlar bilen ýörite ýygnaklar geçirilip, olardan dynç alyş döwri öýlerine diňe uçar bilen gitmek we gelmek talap edildi.Şonda ýokary okuw jaýlarynyň resmileri student gyzlara bu talabyň olary “bidüzgünçilikden goramak” maksady bilen döwlet derejesinde kabul edilendigini aýtdylar. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30207903.html 
Log in or sign up to add a comment