added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:00
Госучреждения Мары собирают деньги «на сбор хлопка» В Марыйском велаяте у работников государственных учреждений по устному распоряжению руководства каждые 10-15 дней собирают деньги «на сбор хлопка». Как сообщил корреспондент Радио Азатлык в Мары, администрация Марыйского велаята взимает с каждого государственного учреждения, расположенного на территории региона определённую сумму. «Например, каждая школа, каждый детский сад каждые 15 дней должны собрать по 4000 манатов, этрапская больница со
added yesterday at 17:30
Çilim ýene-de gymmatlap başlady: Lebapda 1 guty çilim 150 manada, Balkanda 200 manada çenli çykdy Türkmenistanyň dürli regionlarynda temmäki önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy täzeden ýüze çykyp başlady. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde habar berýärler. Lebap welaýatynda ýerleşýän döwlete degişli bolmadyk hususy söwda nokatlarda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat we Serdar şäherlerinde temmäk
added yesterday at 17:00
Türkmenistanda sarygetirme keseli ýaýraýar Türkmenistanda ilatyň arasynda gepatit ýaýraýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlaryndaky ýagdaý barada habar berýärler. "Daşoguz welaýatynda "A" gepatitiniň hakyky epidemiýasy bar. Esasan ýetginjekler we çagalar keselleýärler. Ulularyň arasynda az. Şuňa meňzeş ýagdaý soňky gezek üç ýyl mundan öň döräpdi" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy aýdýar. Habarçymyz, anonim şertlerde gürlän ýerli lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň
added yesterday at 16:00
В Мары хлопковое масло подорожало в три раза 5 октября в городе Мары, в подвальных магазинах рынка «Гок базар», расположенного на улице Молланепеса с 5:00 до 7:30 утра продавалось неочищенное хлопковое масло, по новой цене, превышающей предыдущую в три раза. Неделей ранее литр масла продавался за 2 маната 60 тенге ($0,7), в субботу же литр масла продавали за 7 манат 60 тенге. Кроме более высокой цены от покупателей требовали вместе с хлопковым маслом купить просроченное сливочное масло. Об эт
added yesterday at 15:30
Ýurt boýunça dowam edýän pagta ýygym möwsüminde býujet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnalýar Mary welaýatynda ýerleşýän döwlet edara kärhanalarynda işgärlerden “pagta ýygym üçin” dilden görkezme esasynda her 10-15 günden bir gezek pul ýygnalýar. Bu maglumatyň jikme-jikligini Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 14-nji oktýabrda habar berdi. Habarçynyň tassyklamagyna görä, welaýatyň çäginde ýerleşýän her bir döwlet edara-kärhanasy üçin M
added yesterday at 15:19
Marynyň döwlet dükanlarynda un paýlandy, emma hemmä ýetmedi Marynyň döwlet dükanlarynda uzak arakesmeden soň un satylyp başlandy. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, dükanlarda uly nobat döredi, emma unuň ilata çäkli möçberde satylmagyna garamazdan, alyjylaryň hemmesine ýetmändir. "​Anna güni Mary şäherinde döwlet dükanlarynda un paýlandy. Emma şonda un hemme adamlara ýetmedi, ýetmedik adamlara birinji güni habar tutup görüň diýip aýtdylar. Ýöne şu gün un gelmedi" diýip, habarçymyz Marynyň dükanl
added October 13 at 18:30
Käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda toý-dabaralary geçirmeklik düzgünleşdirilýär. Türkmenistanda nähili? Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen halkynyň arasynda durmuş toýlary üçin edilýän uly möçberli çykdajylar barada gürrüň gozgalýar, olaryň ýerlikliligi sorag astyna alynýar.
added October 12 at 18:30
Hepdäniň jemi #41 (12.10.2019 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Aşgabatda azeri we ermeni liderleriniň arasynda ‘gahrymanlar’ meselesinde dörän gapma-garşylyk, Kremliň II Jahan urşuny sowet döwründäki ýaly dabaralandyrmak ugrunda edýän tagallalary we onuň arkasynda niýet, GDA ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Owganystana ýetirýän täsirleri baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
added October 12 at 09:00
В Мары планируется закрытие некоторых детских садов В Мары планируется закрытие нескольких детских садов. Об это сообщают корреспонденты Азатлыка, со ссылкой на сотрудников региональных учреждений сферы образования. По словам корреспондента Азатлыка, о планах по закрытию дошкольных учреждений сообщили на собраниях, которые прошли на дня в районных управлениях образования Мары и Байрамалы. "В районных управлениях образования Мары и Байрамалы провели собрания, в которых приняли участие руководи
added October 11 at 18:30
Maryda birnäçe çagalar bagyna ýapylmak howpy abanýar Maryda birnäçe çagalar bagynyň ýapylmagy planlaşdyrylýar. Bu barada Azatlygyň regiondaky habarçylary, ýerli bilim edaralarynyň wekillerine salgylanyp habar berýärler. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, çagalar baglaryny ýapmak planlary barada Mary we Baýramaly etrap bilim müdirliklerinde geçirilen ýygnaklarda aýdylypdyr. "Mary welaýatynyň Baýramaly we Mary etrap bilim müdirliginde ýygnak geçirildi, ol ýygnaga gatnaşanlar etrap çagalar b
Show more
1 634 participants in the group
Lebapda köpçülikleýin transport serişdeleri mejbury pagta ýygyma çekilýän býujet işgärlerini gatnatmaga mejbur edilýär Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatdan Hojambaz etrabyna hem-de Amyderýa we Kerkiçi şäherçelerine, şeýle-de agzalýan ilatly nokatlardan obalara gatnaýan köpçülikleýin transport serişdeleriň hereketinde ýerli ýaşaýjylar üçin bökdençlik döredildi. Bu ilatly punktlaryň arasynda gatnaýan awtobuslar mejbury pagta ýygyma çekilýän býujet işgärlerini daşamaga mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 9-njy oktýabrda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde maglumat berdi. “Hojambaz – Türkmenabat, Amyderýa – Türkmenabat, Kerkiçi – Türkmenabat aralygyna gatnaýan awtobuslar, şeýle-de etraplar bilen obalaryň arasynda gatnaýan awtobuslar indi býujet işgärlerini pagta ýygyma gatnadýar. Şol sebäpden ýerli ýaşaýjylar, şol sanda okuwçylar transport meselesinde kösenýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp habar berdi. Türkmenistanda şu günler pagta ýygym möwsümi dowam edýär, regionlarda häkimiýetler pagta ýygym möwsümine girişilmegi bilen ýerlerdäki köpçülikleýin transport serişdelerini ýygyma köpçülikleýin çekilýän býujet işgärlerini gatnatmak üçin ulanýar. “Lebaplylar her ýyl pagta ýygym möwsüminde bu problema bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar” diýip, lebaply bir ýaşaýjy atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. “Her hojalykda maşyn ýok, hususy taksileriň hereketine ýol berilmeýär” diýip, ol agzalýan problemanyň töweregindäki ýagdaýlary düşündirdi. Habarçynyň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň çäginde hereket edýän hususy mikroawtobuslar soňky bir aý bäri Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň etraplardaky jerime duralgalarynda saklanýar. “Işlemek üçin, ýaşamak üçin tas şert ýok diýse-de boljak” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde zeýrendi. Türkmenistanda dowam edýän pagta ýygym möwsümine Balkan, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguzda 18-nji sentýabrda resmi derejede girişildi. Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar. Regionlarda döwlet gözegçiligindäki köpçülikleýin transport serişdeleriniň býujet işgärlerini pagta ýygyma gatnadanda wagtal-wagtal ýol hadysalaryna-da duş gelinýär. Geçen ýylky pagta möwsüminde Türkmenabat şäherinde mugallymlary pagta ýygmaga alyp barýan awtobus ýol hadysasyna uçrady. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bu hadysanyň jikme-jikligini habar berdi. 2018-nji ýylyň 31-nji awgust güni Türkmenabat şäherinde ýerleşýän 62-nji çagalar bagynyň golaýynda 20-den gowrak mugallymy pagta ýygmaga alyp barýan “Gaz 53” kysymly köpçülikleýin transport serişdesiniň “Nissan Versa” kysymly ýeňil awto ulag bilen çakyşmagynyň netijesinde ýol hadysasy boldy. Şeýle heläkçilik hadysalary barada Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdelerinde habar berilmeýär. Halkara hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda häkimiýetleriň mejbury zähmetden peýdalanmagyny yzygiderli tankyt edip gelýär. Türkmenistanda döwlet emeldarlary bu maglumatlary tassyklap ýa-da inkär edip resmi derejede çykyş etmeýärler. Ýurtda sowet ýyllaryndan bäri saklanyp gelýän pagtaçylyk pudagyndan mejbury zähmetden peýdalanylmagynyň halkara hukuk goraýjylar tarapyndan tankyt edilmeginiň fonunda, geçen ýyl Türkmenistanda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30207777.html
Log in or sign up to add a comment