added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:30
Hepdäniň jemi #38 (21.09.2019 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Warşawda geçirilýän ýyllyk adam hukuklary maslahatyna gatnaşan türkmen aktiwisti Täjigül Begmedowa bilen söhbetdeşligimizi, Türkmenistanda korrupsiýa garşy görülýän çäreler we ozalky resmileriň ‘teletobalarynyň’ arkasynda ýatan zatlar, Owganystanda geçirilýän prezident saýlawlaryna ýerli türkmenleriň gatnaşygy hakyndaky söhbetlerimizi diňlemäge çagyrýarys
added yesterday at 09:15
Marynyň polisiýasy geçmesiz ýerden geçýän pyýadalara jerime salmagyny güýçlendirdi Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygyna” bagyşlanýan biraýlyk dowam edýän mahalynda, Mary şäheriniň polisiýa işgärleri köçelerdäki geçilmesiz ýerlerden geçýän pyýadalary saklap, olara jerime salmak çärelerini güýçlendirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär. “Polisiýa işgärleri şäheriň dürli köçesinde, hususan-da, pyýadalar üçin geçelgeleriň ýok ýerlerinde b
added September 20 at 18:00
Lebapda we Maryda edara-kärhanalaryň işgärlerinden “welosiped üçin” 40 manatdan pul ýygnalýar Häkimiýetler Mary we Lebap welaýatlarynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden welosiped satyn almagy talap edýär. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary öz garamagyndakyklardan welosiped satyn almak üçin her adam başyna 40 manat möçberinde pul ýygnaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 20-nji sentýabrda habar berdi. “Edaralaryň başlykl
added September 20 at 17:44
Появилось сомнительное видео с Омрузаком Умаркулиевым, считающимся без вести пропавшим в туркменской тюрьме В интернете появилось видео, на котором показан Омрузак Умаркулиев, который пропал из поля зрения в марте 2018 года после того, как безрезультатно пытался вылететь из Ашхабада в Турцию, где обучался в университете. На видео Омурзак показан в военной форме – якобы он служит уже 17 месяцев, а его отец – Ширинбай Умаркулиев, о смерти которого сообщалось ранее, жив и здоров. Редакция Радио Аз
added September 20 at 15:00
2018-nji ýylda Türkmenistanyň 4000 raýaty Belarusa göçdi Belarusyň döwlet statistika gullugynyň ýaýradan hasabatynda Türkmenistan 2018-nji ýylda Belarusa göçen raýatlarynyň sany boýunça ikinji orunda ýerleşdirildi. Bu barada “Belarusy i Rynok” neşiri “Belstat” döwlet gullugyna salgylanyp, 18-nji sentýabrda habar berdi. “2018-nji ýylda Türkmenistanyň 4001 sany raýaty Belarusa göçüp geldi. Bu sanyň aglaba bölegini türkmenistanly studentler emele getirýär” diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar. Hab
added September 20 at 14:00
Aktiwistler Türkmenistanyň türmede ýitenler barada beren wadasyny ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar Halkara hukuk kampaniýasy ÝGGH-nyň Warşawadaky adam hukuklary konferensiýasynda Türkmenistanyň öz türme ulgamynda adamlaryň zorlukly ýitirim edilmegine ýol bermezlik barada beren wadalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýtdy. Netijede, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy halkara jemgyýetçiligini, öz sözleri bilen aýtsak, Türkmenistanyň “sistemalaýyn” döwlet praktikasyna öwrülen ýitirim edilmeleri bes
added September 20 at 13:30
Aşgabatda öýsüz haýwanlaryň ‘awlanmagynyň’ fonunda alabaý itleriniň hojalyk jemgyýeti açyldy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň fonunda, türkmen häkimiýetleri Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumyny açdy. 18-nji sentýabrda bu toplumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary, ýaşulular, talyp we okuwçy ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar bilen bir hatarda, prezide
added September 20 at 13:00
Солдат, служащих в Лебапе, отправили на хлопок и забыли про них Солдат, проходящих срочную военную службу в городе Керки Лебапского велаята, в прошлом месяце отправили на сбор хлопка. Но их держат в тяжёлых условиях, неотопляемых палатках без нормального питания, из-за чего они обращаются за помощью к родителям. Об этом корреспонденту Радио Азатлык в Балканском велаяте рассказали родители нескольких солдат, проходящих службу в городе Керки. «Воинскую часть, где они служат с прошлого месяца от
added September 20 at 12:22
Maryly kärendeçiler harmana pagta tabşyranlarynda ‘talanýandyklaryny’ aýdýarlar Maryly daýhanlaryň ençemesi döwlet tarapyndan pagta hasyly kabul edilende pagtanyň möçberiniň, agramynyň azaldyp ýazylýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär. Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly pagtaçy daýhanlaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleri pagtanyň çyglygyny, hapal
added September 20 at 12:17
Органы безопасности усилили давление на верующих с целью вербовки осведомителей В городе Мары сотрудники велаятского управления министерства национальной безопасности снова усилили давление на граждан, регулярно посещающих мечеть для молитвы. Об этом 18 сентября сообщил корреспондент Радио Азатлык в Марыйском велаяте. По его словам, в эти дни некоторые верующие жители Марыйского велаята приглашаются в управление министерства национальной безопасности для допроса. «Сегодня я поговорил с одним 5
Show more
1 601 participants in the group
Mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýän Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň ýene-de bir konwensiýasyny ratifisirledi Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň 144-nji Konwensiýasyny, ýagny Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek üçin üçtaraplaýyn geňeşmelere goşulyşmak hakyndaky Konwensiýany ratifisirledi. 9-njy sentýabrda Ženewada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçisi Atageldi Haljanow Türkmenistanyň degişli konwensiýany ratifisirleýändigi baradaky resminamany Halkara Zähmet Guramasynyň baş direktory Gaý Raýdere gowşurdy. “Ilçi Atageldi Haljanowy Türkmenistanyň HZG-nyň üçtaraplaýyn geňeşmeler baradaky 144-nji Konwensiýasyny tassyklandygy [baradaky resminama] bilen kabul edýändigime hoşal. Arassa zähmetli geljegi bina etmek üçin hökümetleriň, iş üpjünçileriniň we işçileriň arasyndaky geňeşmeler wajypdyr” diýip, Raýder 9-njy sentýabrda özüniň Twitter hasabynda ýazdy. Ženewada geçirilen duşuşyk we Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň ýene-de bir konwensiýasyny tassyklamagy barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýty hem habar berdi. “Baş direktor G.Raýder soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilendigini belläp geçmek bilen, Türkmenistanyň 144 Konwensiýany ratifisirlän 149-njy ýurt bolandygyny nygtady” diýip, ministrligiň habarynda aýdylýar. Türkmenistanda 2018-nji ýylyň oktýabrynda “Durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagy boýunça üçtaraplaýyn toparyň döredilmegi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Halkara hukuk toparlary, şol sanda “Hýuman Raýts Wotç” Türkmenistanyň hususan-da pagtaçylyk pudagynda türkmen hökümetiň mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt edip gelýär. Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy alnyp barylýan halkara kampaniýalara gatnaşýan Turkmen.news saýtynyň baş redaktory Ruslan Mätiýew 11-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň täze konwensiýa goşulmagy bilen iş ýüzünde ýurtda mejbury zähmetiň soňlanmaýandygyny aýtdy: “Onuň (Konwensiýanyň – red.) kabul edimegi hiç hili täsir edenok. Ynha, görşümiz ýaly häzir Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi başlady. Bu gün sentýabryň 11-i. Ýene-de öňki ýyllarda bolşy ýaly býujet işgärleri pagta çekilýär – mugallymlar, lukmanlar, bank işgärleri, hemme diýen ýaly” diýip, Mätiýew aýtdy. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň bu ýylky pagta möwsümini ozalky ýyllardan tapawutlandyrýan bir ýagdaý bar: “Ýöne bu ýylyň aýratynlygy, adamlardan pul talap edilýär. Mysal üçin, mugallymlar hepdäniň arasynda eger pagta gitjek diýseler hem, olara gitmek ýok, tersine olar pul bermeli gaýtam, öz ornuna adam tutular ýaly. Şonuň üçin hiç hili, hiç hili täsiri ýok; [Türkmenistan] Zähmet guramanyň ähli kanunlaryny kabul edäýsin, şonda-da [Türkmenistanda] mejbury zähmet togtamaz” diýip, Mätiýew aýtdy. Türkmen hökümetiniň wekiliýetleri adam hukuklary boýunça geçirilýän halkara duşuşyklarda Türkmenistanyň zähmet pudagynda mejbury zähmet dahylly hukuk bozulmalara ýol berilýändigini ret edip, ýurtda kabul edilýän täze kanunçylyk namalaryna salgylanýarlar. Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetiň inspeksiýasyna degişli 81-nji Konwensiýasyny hem-de Oba hojalyk pudagynda zähmetiň inspeksiýasyna degişli 129-njy konwensiýany heniz ratifisirlemedi. Guramanyň resmi websatyndaky maglumatlara görä, Türkmenistanyň täze goşulan Konwensiýasy zähmetiň ähli ugurlarynyň halkara zähmet ülňelerine laýyk getirilmegi üçin hökümetleriň, iş üpjünçileriniň hem-de işçileriň üçtaraply geňeşmeleri geçirmeklerine hemaýat berýär. https://www.azathabar.com/a/30158921.html 
Log in or sign up to add a comment