Радио Азатлык
added May 14 2019 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
Радио Азатлык
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
Радио Азатлык
added today at 18:00
Harasat: “Henizem kömek ýok!”, Mejlisiň başlygy Lebapda, Daşary ýurtlarda protestler geçdi Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde gopan weýrançylykly apy-tupandan bäri bir aýdan hem aşa wagtyň geçmegine garamazdan, zyýan ýeten sebitleriň merkezi künjeklerinden beýleki ýerlerinde heniz hem abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Mejlisiň başlygy Lebaba sapar edip, resmileriň ilata ýeterlik ‘syýasy sowady’ öwretmeýändigini aýdyp nägile boldy. Harasatdan soň dereksiz ýiten adamlaryň ençemesiniň ykbaly heniz
Радио Азатлык
added today at 17:00
Russiýanyň döwlet telewideniýesi koronawirusyň Türkmenistandan sowa geçişi barada ýörite reportaž efire berdi, bilermenler şübheli “Tutuş dünýä COVID-19 bilen göreşe dowam edýän wagty, Türkmenistan wiruslar çölünde oazis bolmagynda galýar. Bu resmi taýdan post-sowet giňişliginde ýokançlygyň sowa geçen ýeke-täk döwletidir” diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Rossiya 24” telekanalynda 30-njy maýda efire berlen gepleşikde aýdylýar. Gepleşikde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
Радио Азатлык
added today at 16:11
Ene-atalar: Banklardaky korrupsiýa studentleri jenaýata itekleýär Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna bankyň üstünden pul iberjek bolýan raýatlaryň öňünde döredilýän emeli kösençlikleriň köpelmese, azalmaýandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýä​r. "“Senagat bank” Akdepe we Gurbansoltan eje etraplarynyň ilatyna hyzmat edýär. Bu bankda studentlere pul ibermek meselesinde hemişe kynçylyk, problema döreýär" diýip, daşoguzly ene-atalar bilen gürleşen haba
Радио Азатлык
added today at 15:00
Harasat: “Henizem kömek ýok!”, Mejlisiň başlygy Lebapda, Daşary ýurtlarda protestler geçdi Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde gopan weýrançylykly apy-tupandan bäri bir aýdan hem aşa wagtyň geçmegine garamazdan, zyýan ýeten sebitleriň merkezi künjeklerinden beýleki ýerlerinde heniz hem abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Mejlisiň başlygy Lebaba sapar edip, resmileriň ilata ýeterlik ‘syýasy sowady’ öwretmeýändigini aýdyp nägile boldy. Harasatdan soň dereksiz ýiten adamlaryň ençemesiniň ykbaly heniz
Радио Азатлык
added today at 14:00
Berdimuhamedow galla oragyna pata berdi, harasatdan, çekirtgeden 'çekilen' zyýany agzamady Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň 6-njy maýda beren maglumatyna görä, çekirtgeler Türkmenistandan diňe Özbegistana uçup geçmeýär, eýsem Kerki etrabynyň ekin meýdanlaryna, bugdaýa hem hüjüm edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük ýeralma, bugdaý oragy we öz doglan gününiň öňünden guraljak dabaraly çäreler baradaky gürrüňleriniň arasynda, Azatlygyň maý aýynda habar beren çekirtge howpuny gytaklý
Радио Азатлык
added today at 13:13
Aşgabatda meýletinçileriň häkimiýetlerden ýaşyryn bildirýän raýdaşlygy seslenme döretdi Dünýä Türkmenleriniň bu sany paýtagtdan Lebaba meýletinçi raýatlaryň özbaşdak başlangyçlary bilen häkimiýetlerden ýaşyryn iberýän ýardamlary hem-de olara okyjylarymyzyň we diňleýjilerimiziň bildiren seslenmelerine gönükdirilýär.
Радио Азатлык
added today at 12:30
Harasatyň netijeleri baradaky maglumatlar aradan bir aý geçensoň, heniz hem gümürtikliginde galýar Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan tupandan bir aý çemesi wagt soň, onuň netijeleri we pida bolan adamlar baradaky maglumatlar heniz hem gümürtikliginde galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat gümürtikliginiň arasynda harasatyň netijelerini öwrenmäge synanyşýar. 29-njy maýda habarçymyz harasatdan soň Lebapda aradan çykan üç adam we maýyp galan bir adam barada maglumat berdi: Leb
Радио Азатлык
added today at 12:02
Ýeralma talaby güýçlenýär. Azyk nobatyna duranlar tutulýar. Polisiýada häkimiýetlerden nägilelik ösýär “Polisiýa işgärleri gije-gündiziň dowamynda 16-18 sagat işlemäge mejbur edilýär. Olaryň alýan aýlyklary 2000 manada golaý, emma bu serişdäniň ýarysy iş bilen bagly çykdajylara gidýär. Hiç bir üpjünçilik ýok, hemme zerur zady özüň satyn almaly" diýip, ofiser aýtdy. Türkmenistanda kornowirus pandemiýasy sebäpli goňşy ýurtlar bilen aradaky serhetleriň baglanmagy, ykdysadyýetiň ýeterlik diwersika
Радио Азатлык
added today at 11:38
HRW призывает Туркменистан освободить популярного артиста, приговоренного к тюрьме за то, что он гей Хьюман Райтс Вотч (Хьюман Райтс Вотч) сообщает, что популярный артист и его партнеры в Туркменистане были приговорены к тюремному заключению за то, что они геи, и призвали власти «немедленно снять» все обвинения против мужчин. HRW отмечает, что шоумен был приговорен к двум годам тюрьмы 7 мая после того, как суд признал его виновным в содомии. В апреле независимое СМИ сообщило со ссылкой на нес
Радио Азатлык
added May 30 at 17:30
Hepdäniň jemi #21 (30.05.2020 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanyň daşary ýurt banklarynda saklanylýan walýuta serişdeleri we olaryň harçlanyşyndaky aýdyňlyk meselesi; Lebapda we Maryda gopan güýçli harasatdan soňky hökümet dymyşlygy barada gurnan söhbetlerimizi diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Show more
21 May
2 057 participants in the group
Aşgabatda ilat arasynda kelle bitleri ýaýraýar Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde geçirilen medisina barlaglarynda okuwçylaryň ençemesiniň kellesini bit basandygy anyklandy. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysy şu günler bularyň diňe mekdep okuwçylarynyň däl, eýsem uly ýaşly adamlaryň arasynda hem giňden ýaýrandygyny aýdýar. “Mekdeplerde medisina barlagy geçirilenden soň, okuwçylaryň ençemesinde bitiň we sirkäniň bardygy anyklanypdyr. Ýöne bu maglumat ýapyklygyna galdy we hiç hili çäre görülmedi. Pedikulýoz barada synp ýolbaşçylary diňe bitleri we sirkeleri bolan çagalaryň ene-atalaryna aýtdylar” diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 21-nji maýda gürrüň berdi. Azatlyk Radiosynda bu barlaglaryň paýtagtyň haýsy mekdeplerinde geçirilendigi we gürrüňi edilýän ene-atalar barada anyk maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar. Aýdylmagyna görä, bu mekdeplerde bitleriň we sirkeleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen hiç hili profilaktika çäreleri geçirilmedi. Bu bolsa, bitleriň we sirkeleriň beýleki çagalara hem ýokuşmagyna getirdi. “Men mekdepden bit getiren birnäçe adamy hut özüm tanaýaryn. Entegem ene-atalar muny derrew görüp, oňa garşy çäre gördüler. Bu mesele barada gürrüň gozgalmaýar. Ene-atalar biri-birini habarly edip, meseläniň öňüni almaga synanyşýarlar” diýip, habarçy belledi. Onuň sözüne görä, şu günler bitleriň we sirkeleriň paýtagtyň uly ýaşly adamlarynyň arasynda hem giňden ýaýrandygyny görse bolýar. “Häzir Aşgabatda pedikulýoz, ýagny bitlilik epidemiýasy dowam edýär diýsek hem bolar. Bular bir adamdan beýleki bir adama köplenç jemgyýetçilik transportlarynda, şol sanda awtobuslarda geçýär. Adamlaryň kellesindäki bitler başga bir adamyň kellesine, egnine ýa-da goşlarynyň üstüne bökýär. Şeýle ýagdaýa duş gelen azyndan üç adamy tanaýaryn. Olar bu ýagdaýy görüp, şok bolupdyrlar” diýip, habarçy aýtdy. Adamlaryň bitlemegine nämäniň sebäp bolýandygy, olaryň köpelmeginiň öňüni almak we ýok etmek üçin nähili çäreleriň görülmelidigi, şeýle-de zyýanly taraplary barada mekdep ýolbaşçylary we saglyk işgärleri tarapyndan aç-açan düşündiriş işleriniň geçirilmeýändigi aýdylýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýurtda howanyň temperaturasynyň gyzyp başlamagy bilen, yssy howanyň aýal-gyzlaryň we erkekleriň tahýalarynyň hem-de öýmeleriniň aşagynda has-da köpelmegine getirýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosyna bu maglumaty bu ugurdan bilermen saglyk işgärlerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Ýokarda aýdylanlar barada Aşgabat şäher häkimliginden, saglyk bölüminden we mekdeplerden kommentariý hem alyp bolmady. Saglyk.org websýatynda çap edilen maglumata görä, bitleriň kelle, köýnek we gasyk görnüşleri bar. Kelle we köýnek bitleri adamdan adama eşikler, ýorgan-düşek, daraklar we başga öý goşlary arkaly geçip bilýär. Maglumatda pedikulýozyň öňüni almakda hususy we jemgyýetçilik arassaçylyk çärelerine üns bermegiň möhüm orny eýeleýändigi hem bellenilýär. Bedeniňi kadaly, ýagny hepdede azyndan iki gezek ýuwmak, eşikleri we ýorgan-düşek daşlary çalşyp durmak bu çäreleriň käbiridir. Aşgabatda ilat arasynda bitiň ýaýrandygy barada ilkinji gezek habar berilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýerli synçylaryň ençemesi mekdep okuwçylarynyň ýa-da uly ýaşly adamlaryň bitlemegi bilen bagly ýagdaýlaryň mundan ozalky ýyllarda hem bolandygyny, ýöne häzirki ýaly giň derejede ýaýramandygyny aýdýarlar. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30625655.html 
Log in or sign up to add a comment