dizinfeksiýa işleri geçirilýär
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşogzuň merkezi şäherine sapar etmegine garaşylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmesi, şeýle-de garyndaşlary Daşoguzda ýaşaýan daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary habar berýärler.
Berdimuhamedowyň Daşoguza 27-nji martda barjakdygy aýdylýar.
Munuň bilen baglylykda, häzir şähere welaýatyň beýleki etraplaryndan hiç kim goýberilmeýär.
Şeýle-de, prezidentiň beýleki saparlarynyň öňüsyrasynda bolşy ýaly, Daşoguzda häzir güýçli depginde mejbury arassaçylyk işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de, dünýäde koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň fonunda, ýurtda bu wirusa ýolugan ýekeje-de ýagdaýyň hasaba alynmandygyny aýdýan türkmen häkimiýetleri şäherde dizinfeksiýa işlerini geçirýärler. Bellemeli ýeri, Berdimuhamedowyň amala aşyrjak saparyndan ozal bular ýaly öňüni alyş çäreleriniň tas görülmändigi nygtalýar.
“Daşoguz şäherinde jaýlaryň daşky diwarlary we üçekleri boýalýar. Dizinfeksiýa edilip, uly taýýarlyk görülýär” diýip, Ukrainada bilim alýan türkmen talyby Daşoguzdaky ýakynlaryna salgylanyp maglumat berdi.
Şol bir wagtda, prezidentiň Daşoguza etjek saparynyň gün tertibi anyk belli däl. Türkmen metbugatynda bu, umuman, saparyň özi barada hem hiç hili maglumat berilmeýär.
Geçen aýyň dowamynda Berdimuhamedow Lebapda we Maryda hem saparda bolupdy. Ozalky saparlardan tapawutlylykda, ol welaýatlaryň baş metjitlerine hem baryp, öz “galam hakyndan” düşdi diýilýän serişdeleriň hasabyna sadaka beripdi. Mundan soň, Berdimuhamedowa “jan-saglyk, uzak ömür” dilenip, doga-dileg hem edilipdi.
Bu “jan-saglyk” dilegleriň dünýädäki koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda edilip-edilmändigini, şeýle-de bularyň arasynda baglanyşygyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak başartmady.
Prezidentiň sapary, ýurtda welaýatlaryň arasyndaky gatnaw çäklendirmeleriniň fonunda geçýär. Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugaty çäklendirmeleriň girizilen pursadyndan häzirki güne çenli bu barada düşündiriş bermän gelýärler. Emma, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan internet neşirleri bularyň koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen amal edilýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30510564.html
Присоединяйтесь к ОК, чтобы подписаться на группу и комментировать публикации.
Нет комментариев