Радио Азатлык
added May 14 2019 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
Радио Азатлык
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
Радио Азатлык
added yesterday at 18:00
Hepdäniň jemi #12 (28.03.2020 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Dünýäniň koronowirus aladalarynyň fonunda Türkmenistanda köpçülik çärelerine görülýän güýçli taýýarlyk we ‘çäreçilik’ syýasatynyň mümkin bolan sebäpleri; owgan türkmenlerinden hiç bir wekiliň “Talyban” bilen gepleşjek hökümet toparyna goşulmazlygy we bu ýagdaýyň döreden reaksiýasy baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Радио Азатлык
added yesterday at 17:21
Prezidentler telefonda gürleşdi: TDH COVID-19 barada dymýar, UzA onuň maslahatlaşylandygyny aýdýar Döwlet eýeçiligindäki medianyň tassyklamagyna görä, döwlet baştutanyny soňky wagtlarda öz galam hakyny harçlap, regionlarda sadaka bermek praktikasyny has ýygjamladana meňzeýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji martda ýurduň demirgazyk welaýatyna iş saparyna baryp, Daşoguzdaky uly metjitde sadaka berdi we özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşdi. TDH bu
Радио Азатлык
added yesterday at 14:37
Туркменских фермеров обязали вырастить шелкопрядов или заплатить деньги Арендаторов государственных земель в дайханских объединениях Терс, Зарпчи, Мес Керкинского и Койтендагского этрапов Лебапского велаята в этом году заставляют выращивать шелкопряд или заплатить деньги. Похоже, что туркменские дайхане и в этом году снова будут подвергаться давлению со стороны властей, принуждающих их выращивать шелкопряда. Многолетний опыт показывает, что желающих добровольно выращивать шелкопряд не много, т
Радио Азатлык
added yesterday at 09:30
Elleri ykjam ýuwmagyň ähmiýeti Koronawirusa garşy iň netijeli we iň aňsat usul: bu eliňi ýuwmakdyr. Lukmanlar mümkin infeksiýany aýyrmak üçin elleriňizi sabyn, ýyly suw bilen ykjam ýuwmagy maslahat berýärler.
Радио Азатлык
added March 27 at 19:00
Türkmenabadyň döwlet azyk haryt dükanlaryna 3-4 gün bäri un getirilmeýär Soňky bir hepde bäri Türkmenabadyň döwlete degişli un we çörek önümleri satylýan dükanlarynda çörek gytaldy, alyjylar çörek satyn almak üçin dükanlaryň öňünde nobata garaşmaly bolýarlar. Hususy dükanlarda çörek döwlet bahasyndan has gymmat satylýar. Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti 26-njy martda ýurtda azyk üpjünçiligini kadalaşdyrmak maksady bilen döredilen pudagara toparyň düzümini tassyklady. Azatlyk Radiosynyň tür
Радио Азатлык
added March 27 at 18:00
Çeşme: Türkmenistana Azerbaýjandan paromly baran 10 adamda koronawirus tapyldy Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyna degişli ýagdaý barada dymmagyny dowan etdirýärler. DIM-niň 5-nji martda ýurtda keseliň ýokdugyny aýtmagyndan başga türkmen resmilerinden beýanat bolmady. Azatlygyň ýagdaýdan ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanda birnäçe keselläniň hasaba alnandygyny we sanlaryň artýandygyny aýdýarlar. 27-nji martda Azatlyk Radiosyna Azerbaýjandan Türkmenistana baradan paromyň ýolag
Радио Азатлык
added March 27 at 16:00
Источник: коронавирус обнаружен у 10 пассажиров парома, прибывшего в Туркменистан из Азербайджана Власти Туркменистана продолжают замалчивать ситуацию с распространениям коронавируса, других заявлений, кроме сообщения МИД страны 5 марта об отсутствии в стране заболевших, от туркменского руководства не было. По данным осведомленных источников Азатлыка в Туркменистане, непосредственно знакомых с ситуацией, в стране зафиксировано несколько случаев заболеваний, число которых растет. 27 марта Радио
Радио Азатлык
added March 27 at 15:30
COVID-19: Gazagystan çäklendirmeleriň gerimini artdyrýar; Özbegistanda ilkinji adam öldi Dünýäde koronawirusdan heläk bolanlaryň sany 24 müň adamdan geçdi, şeýle-de wirusa 534 müň adam ýolugdy. Hökümetler täze respitator hassalygynyň ýaýramagynyň öňüni aljak bolup tagalla edýärler. AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär. Gazagystan Gazak hökümeti ýurduň iň iri iki şäherinde çäklendirmeleriň gerimini artdyrdy. Häkimiýetler wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maks
Радио Азатлык
added March 27 at 15:00
В государственных магазинах Туркменистана не хватает продуктов, в банкоматах денег В то время, как правительство Туркменистана неустанно повторяет об обеспечении продовольственного изобилия в стране, ситуация с нехваткой продуктов в государственных магазинах и повышением цен в частной торговле продолжает ухудшаться. Кроме того, отсутствие денег в банкоматах и платёжных терминалах в торговых точках усугубляет проблемы населения. - Люди начинают собираться перед государственными магазинами с 6 ч
Радио Азатлык
added March 27 at 14:00
Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile Lebap welaýatynyň Kerki, Köýtendag etraplarynyň Ters, Zarpçy, Mes daýhan birleşiklerinden gelip gowşan maglumata görä, kärendeçilerden bu ýyl hem ýüpek gurçuklaryny idetmek ýa-da pul bermek talap edilýär. Türkmenistanda bu ýyl hem daýhanlara edilýän "pile sütemi" dowam etdiriljege meňzeýär; öňki ýyllaryň tejribeleri oba adamlarynyň bu işden köplenç zyýan çekýändiklerini, tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi, döwlet satyn
Show more
1 938 participants in the group
Ilkinji türkmenistanly koronawirus bilen ýurduň daşynda hasaba alyndy, Türkmenistanda kärhanalar ýapylýar. Türkmen häkimiýetleriniň koronawirusa garşy alyp barýan çäreleriniň resmi netijeleri belli däl. Türkmenistan dünýä ýaýran bu keselçiligi anyklamak we onuň öňüni almak boýunça bir aýdan gowrak wagt bäri tutuş ýurt boýunça amala aşyrýan çäreleri barada resmi sanlary köpçülige mälim etmeýär. Bu ýagdaýda türkmen raýatynda koronawirusyň ýurduň daşynda tapylandygy mälim boldy. Türkiýäniň Gündem Kibris neşriniň 22-nji martda habar bermegine görä, ýurduň Demirgazyk Kipr regionynda koronawirus bilen hasaba alnan 38 adamyň arasynda biri türkmenistanly gartaşan aýal bolup çykypdyr. Bu ýagdaýyň jikme-jiklerini anyklap bolmady. Türkmenistanlylar koronawirus infeksiýasy bilen ýurduň daşynda ilkini gezek anyklanýar. Türkmenistanyň häkimiýetleri türk media serişdeleriniň bu maglumatyny entek kommentirlemediler. Türkmenistan şu çaka çenli koronawirus bilen ne ýurduň, içinde, ne-de daşynda kesellän raýatlary barada habar beripdi. Şol bir wagtda-da, ýurtda kesellänleri anyklamak we keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça öň görülmedik çäreler amala aşyrylýar. Paýtagta barýan we welaýatlary baglaýan ýollarda barlaglar geçirilýär, adamlaryň gyzgyny barlanýar, kesel bolmakda güman edilýän adamlar karantina ugradylýar. Şu günler Türkmenistanda ýüzüne maska dakýan adamlar hem peýda boldy. "Türkmenabatda bazarlarda we köçelerde ýüzi maskaly adamlary köp görmek mümkin" diýip, habarçymyz 25-nji martda habar berdi. 24-nji martda ýene bir habarçymyz soňky günlerde Daşoguzda tiz kömek işgärlerine maska dakynmaga rugsat berlendigini habar berdi. Ýatlatsak, şu çaka çenli Türkmenistanda ilata maska dakynmak häkimiýetler tarapyndan gadagan edilýärdi. Maskaly adamlar köselerde saklanyp, jerimä sezewar bolýardy. Häzirki wagtda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary azyk öndürýän käbir kärhanalaryň ýapylandygyny habar berýärler. Kärhanalaryň ýapylmagynyň netijesinde şeýle-de ýurduň içindäki gatnawyň çäklendirilmegi sebäpli işsiz we girdejisiz galýan adamlaryň sany köpelýär. Käbir döwlet edaralarynyň işgärleri aýlyksyz dynç alyşa ugradyldy. Garaşsyz neşirler bolsa, kafe-restoranlaryň we sport desgalaryň ýapylandygyny habar berýärler. 24-nji martda paýtagtyň kafedir-restoranlaryna bu kärhanalary ýapmak görkezmesi berildi. Häzirki wagtda Görogly köçesindäki Ammar, Magtymguly şaýolundaky "Melbourne Burger" we ýene ençemesi müşderileri kabul etmeýär diýip, Turkmen.news neşri habar berýär we bu naharhanalaryň diňe onlaýn görnüşinde işläp, alyjylaryň öýlerine eltip berýändigini belleýär. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri 24-nji martdan başlap, ähli sport çäreleriniň we türgenleşikleriň ýatyrylandygyny, şeýle-de sport desgalarynyň we fitnes zallarynyň ýapylandygyny habar berýär. Bu obýektleriň näçe wagtlyk ýapyk durjagy belli däl. Ýurduň häkimiýetleri alyp barýan çärelerini kommentirlemeýärler. Türkmenistanyň döwlet mediasy bolup geçýän ýagdaýlar barada habar bermeýär. Türkmenistanda azyk krizisi güýçlenýär, döwlet dükanlarynda çörek, un we ýag nobatlary köpelýär, hususy dükanlarda azygyň nyrhy ençeme esse göterilýär. Şu günki gün dünýä koronawirusdan ýogalan adamlaryň sany 20 müňе golaýlady, kesellänleriň sany 430-den ýokarlandy, 116 müňden gowrak adam sagaldy. Ýewropanyň keselleriň profilaktikasy we gözeçgiligi boýunça merkeziniň maglumatyna görä, COVID-19 keselinden ölýänleriň sany diagnostika edilen 1000 adamdan 20-30 adama golaý bolýar. Informasiýada aýdylyşyna görä, bu keselden ýörite bejergi ýok, şonuň üçin lukmanlar onuň simptomlaryny bejerýärler, şol sanda hassalaryň gyzgynyny düşürýärler we dem alyş ugrundaky kemçilikleri bejerýärler. Suwuklyk bermek we kislorod terapiýasyny etmek ýaly goldaw beriji çäreleriň hassalar üçin peýdaly bolup biljegi maglumatda aýdylýar. Şeýle-de, bellenişine görä, wirus adamyň bedenine gözünden, agzyndan ýa-da burnundan girýär. Şonuň üçin eliňi ýuwman ýüzüňe degirmezlik iňňän möhüm bolup durýar. Eliňi sabyn bilen ýarym minutlap ýuwmak ýa-da spirtli serişdeler we salfetkalar bilen arassalamak, COVID-19 bilen infisirlenen adamlardan azyndan bir metr uzakda bolmak maslahat berilýär. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30508600.html 
Log in or sign up to add a comment