Радио Азатлык
added May 14 2019 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
Радио Азатлык
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
Радио Азатлык
added yesterday at 18:00
Hepdäniň jemi #12 (28.03.2020 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Dünýäniň koronowirus aladalarynyň fonunda Türkmenistanda köpçülik çärelerine görülýän güýçli taýýarlyk we ‘çäreçilik’ syýasatynyň mümkin bolan sebäpleri; owgan türkmenlerinden hiç bir wekiliň “Talyban” bilen gepleşjek hökümet toparyna goşulmazlygy we bu ýagdaýyň döreden reaksiýasy baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Радио Азатлык
added yesterday at 17:21
Prezidentler telefonda gürleşdi: TDH COVID-19 barada dymýar, UzA onuň maslahatlaşylandygyny aýdýar Döwlet eýeçiligindäki medianyň tassyklamagyna görä, döwlet baştutanyny soňky wagtlarda öz galam hakyny harçlap, regionlarda sadaka bermek praktikasyny has ýygjamladana meňzeýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji martda ýurduň demirgazyk welaýatyna iş saparyna baryp, Daşoguzdaky uly metjitde sadaka berdi we özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşdi. TDH bu
Радио Азатлык
added yesterday at 14:37
Туркменских фермеров обязали вырастить шелкопрядов или заплатить деньги Арендаторов государственных земель в дайханских объединениях Терс, Зарпчи, Мес Керкинского и Койтендагского этрапов Лебапского велаята в этом году заставляют выращивать шелкопряд или заплатить деньги. Похоже, что туркменские дайхане и в этом году снова будут подвергаться давлению со стороны властей, принуждающих их выращивать шелкопряда. Многолетний опыт показывает, что желающих добровольно выращивать шелкопряд не много, т
Радио Азатлык
added yesterday at 09:30
Elleri ykjam ýuwmagyň ähmiýeti Koronawirusa garşy iň netijeli we iň aňsat usul: bu eliňi ýuwmakdyr. Lukmanlar mümkin infeksiýany aýyrmak üçin elleriňizi sabyn, ýyly suw bilen ykjam ýuwmagy maslahat berýärler.
Радио Азатлык
added March 27 at 19:00
Türkmenabadyň döwlet azyk haryt dükanlaryna 3-4 gün bäri un getirilmeýär Soňky bir hepde bäri Türkmenabadyň döwlete degişli un we çörek önümleri satylýan dükanlarynda çörek gytaldy, alyjylar çörek satyn almak üçin dükanlaryň öňünde nobata garaşmaly bolýarlar. Hususy dükanlarda çörek döwlet bahasyndan has gymmat satylýar. Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti 26-njy martda ýurtda azyk üpjünçiligini kadalaşdyrmak maksady bilen döredilen pudagara toparyň düzümini tassyklady. Azatlyk Radiosynyň tür
Радио Азатлык
added March 27 at 18:00
Çeşme: Türkmenistana Azerbaýjandan paromly baran 10 adamda koronawirus tapyldy Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyna degişli ýagdaý barada dymmagyny dowan etdirýärler. DIM-niň 5-nji martda ýurtda keseliň ýokdugyny aýtmagyndan başga türkmen resmilerinden beýanat bolmady. Azatlygyň ýagdaýdan ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanda birnäçe keselläniň hasaba alnandygyny we sanlaryň artýandygyny aýdýarlar. 27-nji martda Azatlyk Radiosyna Azerbaýjandan Türkmenistana baradan paromyň ýolag
Радио Азатлык
added March 27 at 16:00
Источник: коронавирус обнаружен у 10 пассажиров парома, прибывшего в Туркменистан из Азербайджана Власти Туркменистана продолжают замалчивать ситуацию с распространениям коронавируса, других заявлений, кроме сообщения МИД страны 5 марта об отсутствии в стране заболевших, от туркменского руководства не было. По данным осведомленных источников Азатлыка в Туркменистане, непосредственно знакомых с ситуацией, в стране зафиксировано несколько случаев заболеваний, число которых растет. 27 марта Радио
Радио Азатлык
added March 27 at 15:30
COVID-19: Gazagystan çäklendirmeleriň gerimini artdyrýar; Özbegistanda ilkinji adam öldi Dünýäde koronawirusdan heläk bolanlaryň sany 24 müň adamdan geçdi, şeýle-de wirusa 534 müň adam ýolugdy. Hökümetler täze respitator hassalygynyň ýaýramagynyň öňüni aljak bolup tagalla edýärler. AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär. Gazagystan Gazak hökümeti ýurduň iň iri iki şäherinde çäklendirmeleriň gerimini artdyrdy. Häkimiýetler wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maks
Радио Азатлык
added March 27 at 15:00
В государственных магазинах Туркменистана не хватает продуктов, в банкоматах денег В то время, как правительство Туркменистана неустанно повторяет об обеспечении продовольственного изобилия в стране, ситуация с нехваткой продуктов в государственных магазинах и повышением цен в частной торговле продолжает ухудшаться. Кроме того, отсутствие денег в банкоматах и платёжных терминалах в торговых точках усугубляет проблемы населения. - Люди начинают собираться перед государственными магазинами с 6 ч
Радио Азатлык
added March 27 at 14:00
Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile Lebap welaýatynyň Kerki, Köýtendag etraplarynyň Ters, Zarpçy, Mes daýhan birleşiklerinden gelip gowşan maglumata görä, kärendeçilerden bu ýyl hem ýüpek gurçuklaryny idetmek ýa-da pul bermek talap edilýär. Türkmenistanda bu ýyl hem daýhanlara edilýän "pile sütemi" dowam etdiriljege meňzeýär; öňki ýyllaryň tejribeleri oba adamlarynyň bu işden köplenç zyýan çekýändiklerini, tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi, döwlet satyn
Show more
1 938 participants in the group
"Türkmenhowaýollarynyň" uçaryndan düşürilen etniki türkmenler özlerine keseki ýaly çemeleşilendigini aýdýarlar Türkmen häkimiýetleriniň koronawirus sebäpli girizen çäklendirmeleriniň fonunda, mundan bir aý çemesi ozal 10-dan gowrak etniki türkmen Stambuldan Türkmenistana uçjak wagty uçardan düşürildi. Türkmenistanda hemişelik ýaşamaga ygtyýarnamasy bolan bu türkmenleriň aýtmagyna görä, "Türkmehowaýollary" kompaniýasynyň işgärleri munuň sebäplerini olarda türkmen raýatlygynyň ýokdugy bilen düşündirdiler. Stambula wagtlaýyn gezmäne gelen türkmenler 25 ýyl bäri Türkmenistanda ýaşaýandyklaryny belläp, özlerine keseki ýaly çemeleşilendigini aýdýarlar​. Onlarça ýyl bäri Türkmenistanda ýaşaýan, emma türkmen raýatlygyny alyp bilmedik asly owganystanly we eýranly etniki türkmenleriň azyndan ýedi sanysynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, geçen aýyň ahyrynda olar Stambuldan Turkmenistana uçjak wagty duýdansyz uçardan düşürildi. "Bizi ilki regirstrasiýadan geçirdiler. Hiç zat diýmediler. Uçara münenimizden bir salym soň, "Türkmenhowaýolllarynyň" uçarynda işleýänler käbir ýolagçylaryň ýanyna gelip, pasportlaryny barlap başladylar. Bize, kakama, gyz jigime we maňa, "siz Türkmenistanyň raýaty däl. Siz uçardan düşmeli" diýdiler. Biz sebäbini soranymda "Häzir wirus sebäpli diňe Türkmenistanyň raýatlaryny uçara alýarys" diýdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan etniki türkmen gürrüň berdi. Onuň sözüne görä, olar özlerinde Türkmenistanda hemişelik ýaşamaga ygtyýarnamanyň bardygyny aýdyp, öýlerine barýandyklaryny düşündirmäge synanyşanda, uçardaky işgärler olara "wirus wakasy köşeşsin, soňra Türkmenistana gelersiňiz" diýip jogap beripdirler. "Biz hiç zat edip bilmedik. Häzirki wagt biziň maşgalamyzyň ýarysy, ejem, oglan doganlarym Türkmenistanda, biz Stambulda galdyk" diýip, etniki türkmen gürrüň berdi. Şol güni uçardan düşürilen ýene bir maşgala özleriniň 25 ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda ýaşaýandygyny aýdyp, näme sebäpden özlerine keseki adam ýaly çemeleşilenine düşünmeýändigini belledi. "Biziň öýümiz, işimiz, çagalarymyzyň okuwy, hemme zadymyz Türkmenistanda bolsa-da, bizi öýümize goýbermediler. Türkiyede-de ýagdaý öwerlikli däl. Üstesine-de, biz häzir goşmaça çykdajy edip, jaý kireýine alyp, bärde galýarys. Muňa haçana çenli maddy güýjümiz ýeter belli däl. Biletlerimiziň puluny hem yzyna gaýdyp bermediler" diýip, dört adamdan ybarat maşgalanyň bir agzasy gizlinlik şertinde Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Şeýle-de, ol şol güni şu sebäpler esasynda başga-da 10-dan gowrak ýolagçynyň uçardan düşürilendigini hem belledi. Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän etniki türkmenleriň şahsyýetleri we bu wakanyň takyk haçan bolandygy barada anyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar. Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary "Türkmenhowaýolllary" kompaniýasyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Bu waka Türkmenistanda koronawirusa garşy görülýän çäreler güýçlendirlip, ýurduň guryýer we deňiz serhetleriniň ýapylmagynyň, uçar gatnawlarynyň çürt-kesik çäklendirilmeginiň yzýanyna gabat geldi. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30502933.html 
Log in or sign up to add a comment