Радио Азатлык
added May 14 2019 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
Радио Азатлык
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
Радио Азатлык
added yesterday at 18:00
Hepdäniň jemi #12 (28.03.2020 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Dünýäniň koronowirus aladalarynyň fonunda Türkmenistanda köpçülik çärelerine görülýän güýçli taýýarlyk we ‘çäreçilik’ syýasatynyň mümkin bolan sebäpleri; owgan türkmenlerinden hiç bir wekiliň “Talyban” bilen gepleşjek hökümet toparyna goşulmazlygy we bu ýagdaýyň döreden reaksiýasy baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Радио Азатлык
added yesterday at 17:21
Prezidentler telefonda gürleşdi: TDH COVID-19 barada dymýar, UzA onuň maslahatlaşylandygyny aýdýar Döwlet eýeçiligindäki medianyň tassyklamagyna görä, döwlet baştutanyny soňky wagtlarda öz galam hakyny harçlap, regionlarda sadaka bermek praktikasyny has ýygjamladana meňzeýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji martda ýurduň demirgazyk welaýatyna iş saparyna baryp, Daşoguzdaky uly metjitde sadaka berdi we özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşdi. TDH bu
Радио Азатлык
added yesterday at 14:37
Туркменских фермеров обязали вырастить шелкопрядов или заплатить деньги Арендаторов государственных земель в дайханских объединениях Терс, Зарпчи, Мес Керкинского и Койтендагского этрапов Лебапского велаята в этом году заставляют выращивать шелкопряд или заплатить деньги. Похоже, что туркменские дайхане и в этом году снова будут подвергаться давлению со стороны властей, принуждающих их выращивать шелкопряда. Многолетний опыт показывает, что желающих добровольно выращивать шелкопряд не много, т
Радио Азатлык
added yesterday at 09:30
Elleri ykjam ýuwmagyň ähmiýeti Koronawirusa garşy iň netijeli we iň aňsat usul: bu eliňi ýuwmakdyr. Lukmanlar mümkin infeksiýany aýyrmak üçin elleriňizi sabyn, ýyly suw bilen ykjam ýuwmagy maslahat berýärler.
Радио Азатлык
added March 27 at 19:00
Türkmenabadyň döwlet azyk haryt dükanlaryna 3-4 gün bäri un getirilmeýär Soňky bir hepde bäri Türkmenabadyň döwlete degişli un we çörek önümleri satylýan dükanlarynda çörek gytaldy, alyjylar çörek satyn almak üçin dükanlaryň öňünde nobata garaşmaly bolýarlar. Hususy dükanlarda çörek döwlet bahasyndan has gymmat satylýar. Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti 26-njy martda ýurtda azyk üpjünçiligini kadalaşdyrmak maksady bilen döredilen pudagara toparyň düzümini tassyklady. Azatlyk Radiosynyň tür
Радио Азатлык
added March 27 at 18:00
Çeşme: Türkmenistana Azerbaýjandan paromly baran 10 adamda koronawirus tapyldy Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyna degişli ýagdaý barada dymmagyny dowan etdirýärler. DIM-niň 5-nji martda ýurtda keseliň ýokdugyny aýtmagyndan başga türkmen resmilerinden beýanat bolmady. Azatlygyň ýagdaýdan ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanda birnäçe keselläniň hasaba alnandygyny we sanlaryň artýandygyny aýdýarlar. 27-nji martda Azatlyk Radiosyna Azerbaýjandan Türkmenistana baradan paromyň ýolag
Радио Азатлык
added March 27 at 16:00
Источник: коронавирус обнаружен у 10 пассажиров парома, прибывшего в Туркменистан из Азербайджана Власти Туркменистана продолжают замалчивать ситуацию с распространениям коронавируса, других заявлений, кроме сообщения МИД страны 5 марта об отсутствии в стране заболевших, от туркменского руководства не было. По данным осведомленных источников Азатлыка в Туркменистане, непосредственно знакомых с ситуацией, в стране зафиксировано несколько случаев заболеваний, число которых растет. 27 марта Радио
Радио Азатлык
added March 27 at 15:30
COVID-19: Gazagystan çäklendirmeleriň gerimini artdyrýar; Özbegistanda ilkinji adam öldi Dünýäde koronawirusdan heläk bolanlaryň sany 24 müň adamdan geçdi, şeýle-de wirusa 534 müň adam ýolugdy. Hökümetler täze respitator hassalygynyň ýaýramagynyň öňüni aljak bolup tagalla edýärler. AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär. Gazagystan Gazak hökümeti ýurduň iň iri iki şäherinde çäklendirmeleriň gerimini artdyrdy. Häkimiýetler wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maks
Радио Азатлык
added March 27 at 15:00
В государственных магазинах Туркменистана не хватает продуктов, в банкоматах денег В то время, как правительство Туркменистана неустанно повторяет об обеспечении продовольственного изобилия в стране, ситуация с нехваткой продуктов в государственных магазинах и повышением цен в частной торговле продолжает ухудшаться. Кроме того, отсутствие денег в банкоматах и платёжных терминалах в торговых точках усугубляет проблемы населения. - Люди начинают собираться перед государственными магазинами с 6 ч
Радио Азатлык
added March 27 at 14:00
Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile Lebap welaýatynyň Kerki, Köýtendag etraplarynyň Ters, Zarpçy, Mes daýhan birleşiklerinden gelip gowşan maglumata görä, kärendeçilerden bu ýyl hem ýüpek gurçuklaryny idetmek ýa-da pul bermek talap edilýär. Türkmenistanda bu ýyl hem daýhanlara edilýän "pile sütemi" dowam etdiriljege meňzeýär; öňki ýyllaryň tejribeleri oba adamlarynyň bu işden köplenç zyýan çekýändiklerini, tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi, döwlet satyn
Show more
1 938 participants in the group
Golliwud serialynda “Ýörite maksatly topar” türkmen harbylary bilen türgenleşik geçýär, ýöne toparyň başga-da bir missiýasy bar Birleşen Ştatlaryň CBS hususy telewizion kanalynda efire berilýän “Ýörite maksatly topar” (SEAL Team) serialynyň 11-nji martda goýberilen seriasynda Golliwud režissýorlary ýene-de Türkmenistana üns çekdi. Filmde Ýörite maksatly toparyň, senariýa görä, Türkmenistanda üstünlikli amala aşyran gizlin operasiýasy çeper beýan edilýär. Filmiň senariýasyna görä, Birleşen Ştatlaryň söweşjeň taýýarlygy aýratyn ýokary Ýörite maksatly topary türkmen harbylary bilen geçiriljek bilelikdäki harby tälim-türgenleşik üçin Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherine barýar. Ýöne saýlama toparyň harby tälim-türgenleşikden daşgary, Merkezi aňtaw gullugynyň malgumatlaryna esaslanýan, başga-da bir gizlin missiýasy bar – olar, senariýa görä, türkmen ýörite gulluklary tarapyndan alnyp gaçylan ýadro ýaraglary boýunça pakistanly inžener Said Latifi halas etmeli. Ol türgenleşik geçiljek harby bazadan 20 kilometr aradaşlykda gizlin ýerde saklanýar, ýöne bäş günlük harby tälimiň tamamlanmagyndan bir gün ozal inženeriň Türkmenbaşa getirilmegine garaşylýar. Kinofilmdäki Türkmenistan pakistanly inženeriň kömegi bilen, hamana, ýadro tehnologiýalaryny işläp düzmegi maksat edinýär. “Biz näme üçin ol ýere baryp, öz taktikalarymyzy olar bilen paýlaşmaly” diýip, toparyň bir agzasy aýdýar. “Ertirki duşmanlaryňa bu gün tälim ber!” diýip, beýleki jogap berýär. “Olara harby tälim-türgenleşik hödürlemek bilen, ABŞ duşmançylykly regionda potensiýal ýaranlar bilen aragatnaşygy ýola goýýar” diýip, topar ýolbaşçysy okuwyň baş maksadyny düşündirýär. Ýörite maksatly topar Türkmenistana barýar, ýöne ýola düşmezden ozal harby serkerde “operasiýanyň çetin boljakdygyny, türkmen harby bazasynda özlerine elmydama keseden syn edilip, aňtaljakdyklaryny” duýdurýar. Çeper filmde türkmen harbylarynyň nyşana ok atmakda amerikaly harbylar bilen tas deň-derejede bäsleşik ukyplary görkezilýär. Okuwyň dowamynda Ýörite maksatly topar bazanyň daşyna çykmak üçin türkmen serkerdesini yrýar, derwezedäki barlag nokadynyň nobatçysyna bolsa daş çykmak üçin para berilýär. Aňsat operasiýa bilen pakistanly inžener türkmenleriň elinden alynýar. Kinofilmde Türkmenistanyň kartasy, döwlet baýdagy, türkmen dilinde gepleşýän harbylar hem-de awtoulaglaryň türkmen döwlet belgileri görkezilýär. Bu Birleşen Ştatlaryň hususy güýmenje kompaniýalary tarapyndan surata düşürilip, ýaňy-ýakynda tomaşaçylara ýetirilen hem-de senariýasy köplere Türkmenistany ýatladýan ikinji çeper filmdir. Mundan ozal, 13-nji dekabrda Netflix kompaniýasy synçylaryň Türkmenistan bilen ilteşdiren “Ýerasty Altylyk” atly çeper filmini tomaşaçylara ýetirdi. Ýatlsak, bu filmiň köpçülige ýetirilmeginiň yzýany türkmen häkimiýetleri onuň ýurt içinde ýaýramagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleri gördi, kinofilmiň gizlin prokaty bilen meşgullanýanlara jerime töledildi. Galyberse-de, ýanwaryň başlarynda Lebapda prokuratura edaralarynyň, MHM, IIM we häkimlik wekilleriniň gatnaşmagynda mekdeplerde we medeniýet öýlerinde Birleşen Ştatlara garşy wagyz-nesihat işleri geçirildi. Bu çärelere 8-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasy reaksiýa bildirdi hem-de agzalýan kinofilmiň hususy bir güýmenje kompaniýasy tarapyndan döredilen çeper eseridigine ünsi çekdi, şeýle-de ABŞ-nyň Türkmenistan bilen güýçli we netijeli gatnaşyklara ygrarly galýandygyny nygtady. “Ýörite maksatly topar” atly serial Birleşen Ştatlardaky hususy CBS telekanalynda 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri efire gidýär. Serialyň üçünji möwsümi 2019-njy ýylyň oktýabarynda goýberilip başlandy. Onuň beýleki ençeme seriasynda dürli ýurtlarda amala aşyrylan harby operasiýalar barada gürrüň edilýär. Media maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, häzirki wagtda serialyň nobatdaky serialaryny surata düşürmek işleri koronawirus bilen baglylykda togtadyldy. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30508904.html 
Log in or sign up to add a comment