Предыдущая публикация
Dert boluban, sözi geçer janyňdan,
Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan,
Her iş tutsan, ol guwanar ýanyňdan.
Gahra münüp galdyrmagyn şeýtany,
Nebse uýup, unutmagyn Rahmany,
Kesse aklyň ýagşy bile ýamany,
Her bir söze dolup-daşma ganyňdan.
Sabryň bolsa, Subhan ýeter dadyna,
Jeňňi-jedel laýyk däldir adyňa,
Alma ýaman sözi hergiz ýadyňa,
Tiken bolup dürtüp geçer donuňdan.
Barça bolan işler Hakyň işidir,
Aňa ten bermeýen - akmak kişidir,
Bir ýaman söz jana ýylan dişidir,
Soksa, zähri asan çykmaz iniňden.
Magtymguly, ýalançydyr bu jahan,
Mestde akyl bolmaz, gäwürde iman,
Jaýyn tapsa garynja deý pis duşman,
Arslan bolup, el götermez şanyňdan.
Присоединяйтесь к ОК, чтобы подписаться на группу и комментировать публикации.
Нет комментариев