Haçandan bäri makala ýazmaga wagtymam bolmady, kiçijik ýurtda ''pişigiň gulagy'' ýaly kagyz işi üçin muň alada goýýar. Her mesele üçin 3 welaýaty kesip merkeze ylgamaly bolýan.
Döwlet hyzmat merkezlerini köpeltmek şeýle agyrmyka? Hiç kimiň aladasynda dälmika ýa bilibem düzeltmek islänoklar?! Aşgabatda ýol ugry bir topar ýaşaýyş jaýlaryny peýdaly-peýdasyz gurup barýar, şolaň içine adam girýänini-hä hiç duş gelmedim – girip bilmeýärem. Adam pahyr 5 mln aýlygy bilen 200.000$ haçan gazanar?
Meniň bilen ylalaşsaňyz, ol elitka jaýlara derek önüm öndürýän zawod-fabriklerini, halk üçin iş ýerlerini köpeltmegi has zerurmyka diýýän. Ahyry jemgyýet üçin möhüm bolan pudaklary gaz we elektrik ugrunda işläp has özgertmegi we peýdalanmaga amatly etmegiň çäresine seretmegi gerek bolup dur.
Geçen ýylyň dekabr aýy, täze ýyla ýakyn 3 gün yzgiderli ýurtda düýpli elektrik kesildi, ýeketäk elektro-stansiýamyz MARY GRES-de patlama bolupdyr. Şäherde ýaşaýanlar suwsyz galdy, oba ýerlerinde gaz ýetenok, gyşyň howasy-da içiňi kesip barýar, gaty sowukdy. Baýramçylyk bellän ýalyjak bolmadyk, täze ýylyň gelip-geçeni duýdansyz boldy. Sebäbi hemmäň aladasy öýüni gyzdyrmak bilen geçdi. Ýagny diýmek isleýänim ilki bilen adamlara gerekli bolan zatlary bermeli, bina galdyryp abraý gazanaryn öýdülýärmikä?
Dogrusy maňa Aşgabatdaky gurulan myhmanhanalara, elitka jaýlara aýak basmak nesip edenogam. Telewidenýada-da edil ähli zat gül ýaly diýip görkezýäler, belki merkeze ýakyn ýerler birneme ýagdaýy gowudyr ýöne çet taraplar gaty ezilýär, ol tarapyň aladasyny edýän ýok ýaly, olaram şu ýurduň raýaty. Häzir bir zady öwüp beýlekisini ýamanlamok, bolşy ýaly ýazdym. Nädogry düşünjede bolmaň, öz ýurdumy eý görýän, oňa hormatym uly şol sebäpden-de içinde bolýan hapaçylyga gaharym gelýär.
Mowzugyň adyndan alsam, Türkmenistanda 2012 ýyldaky edilen işlere seredeniňde, ediljek diýlip aýdylan ýöne ýatdan çykarylan işler, belki edilip bilinjek işler has köp. Bilim pudagynda, welaýatlarda mekdepler guruldy, orta okuwlar 12 ýyllyga geçdi, okuw meýilnamasyna käbir täze dersler girizildi. Talyplar bolsa öňki düzgüne dowam, çäreden-çäre ylgaýalar, baha almak üçin çäre ýerinde kim baýdagy has ýokara galdyryp gatyrak gygyrsa bäşlik, çärä gelmedikleri okuwdan kowulan ýagdaýy hem bar. Ýene-de käbirleri geň galyp soraýalar ''näme üçin hemmesi başaryp bilse daşary ýurda gidip okaýalar?'' – jogaby bir sözlem öňde. Çäreler netijesinde hiç pudakda-da tejribeli türkmen spesialistleri ýetişenok. Mysal bersem, öýjükli aragatnaşyk ulgamlary MTC we Altyn asyr, birisi daşary ýurt firma beýlekäm biziňki, tapawudyny bilýänsiňiz?! Täze ýyldan bäri çäreler ýatyryljakdygy barada gürrüňler bar.
Şu wagt daşary ýurtda bolup Türkmenistana dolanmagy pikirlenýän birisi gyzyklanýandyr ''iş ýagdaýy nähili?“. Gynansagam gowy diýip biljek däl ýöne öňki ýyllara görä birneme özgeriş bar, olam daşary ýurt firmalary Türkmenistanyň başaryp bilmedik işlerini ýerine ýetirmäge gelýäler, şolar bilen işleşip bolar. Iňlis dili we kompýuteri bilseňiz türkmen talyplarynyň arasyndan siziň işe saýlanmaga mümkinçiligiňiz has uly. Başgada terjimeçiler gözlenýär, eşidişime görä 1000$ töweregi aýlyk çykýar. Şu ýylyň maksatnamasynda döwlet milli kosmos agentswasy, halkara derejesinde uniwersitet, 2 sany aeroport (Aşgabat, Lebap), Ýewropa döwletleriniň birnäçesinde ilçihanalar gurulýar, bulardan wakansiýalar (iş) gözläp bilersiňiz.
Ýene bir pikir, Prezident fondy açylypdyr, bu Türkmenistanyň ylmy özgeriş pudagynda açylyşlara, ýurt içi pudaklara proýektleri hödürlemek üçin pul kömegi berilýär. Ýagny, siziň islendik ugurdan tejribäňiz bar, diplomyňyz eliňizde, meselem transport pudagyny okap Türkmenistanda ýol düzgünini özgertmäge ýa telekomunikasiýa ugrundan öwrenip öýjükli aragatnaşyk ulgamyna pikiriňizi hödürläp bilersiňiz. Proýekt üstünde işleýän çykdaýjylaryňyzy döwlet göterýär. Garaz hereket eden bereket tapar diýilişi ýaly Türkmenistan ilinde ýatan adama nan ýok, özüňize maksat edinip, şonuň ugruna gaýrat etmegiňiz gerek.
Batyr
©SalamTurkmen, 2013
Присоединяйтесь — мы покажем вам много интересного
Присоединяйтесь к ОК, чтобы подписаться на группу и комментировать публикации.
Нет комментариев