Dünýe bir bimesrep jaýdyr,
Haram gezer, halal gezer;
Mal eýesi pylan baýdyr,
Adam ornuna mal gezer.
Şerigaty bilseň dogry,
Aýtmasaň, boldugyň ogry,
Kazy egri, müfti egri,
Elip ornuna dal gezer.
Galypdyr kelamyň sözi,
Kör begenmez gören gözi,
Pir bolar şeýtanyň özi,
Sopular hem haýal gezer.
Sena bolmaz subhy-şamda,
Til – gybatda, gulak – tamda,
Kemine diýr, şu eýýamda
Sogap ornuna kal gezer.
Il birlik etmedi bize, ýigitler,
Geliň, bu watandan çykyp gideliň!
(Duşmanyň) ýalyna öwrenen itler
Gitmese, boýnuna kakyp gideliň!
Syndyrmaňlar goçaklaryň badyny,
Ýitirdiňiz ärsarynyň adyny,
Indi möwlam berse iliň dadyny,
«Lahowla-billany» okyp gideliň!
Begleriň ýüzüne gara çekildi,
Anyň üçin abraý ýere döküldi,
Üstümize emir tugy dikildi,
Goldan gelse, ony ýykyp gideliň!
Gün-günden halymyz bolandyr harap,
Bir niçe humsanyň agzyna garap,
Seýdi diýer, haram boldy bu Lebap,
Bir ýana sil kimin akyp gideliň!
От всего сердца поздравляю всех женщин с 8 марта! Женщина - самое прекрасное создание на Земле, которое приносит доброту и любовь в этот мир. Ваши улыбки поднимают настроение окружающим. Будьте счастливы, успешны и любимы!