Предыдущая публикация
Aglasaňda, merdiň ýanynda aglap
namartdan gözýaşyň gizlegin, balam.
Ýola çykma, dosduň kimdigin bilmän
Suwa girme, suwuň çuňlugun bilmän
Ýalandan aglaman, ýalandan gülmän
sözläňde çynyňy sözlegin, balam.
Toprakdan aýama maňlaý deriňi
Ajam bolsa belent tutgun serini
Öz büdüräp, öz ýykylan ýeriňi il ýykylmaz ýaly düzlegin, balam.
Işi düşen bendäň işin düzedip
Jomart boljak bolmaile göz edip
Ekmedik bagyňa goluň uzadyp
Özgäniň miwesin ýolmagyn, balam!
Присоединяйтесь к ОК, чтобы посмотреть больше фото, видео и найти новых друзей.
Нет комментариев