Bölüp berlen ragioýygylyk geriminiň we käbir beýleki zerur bolan
serişdeleriň ulanylmagy üçin rugsatnamanyň hereket edýän möhletiniň uzaltmakdan ret etmegi sebäpli Türkmenistanda hereket edýän degişli kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda «MTS-TM» HJ-i tarapyndan müşderilerine aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün edilmegi 29.09.2017-nji ýyl senesinden togtadyldy.
Aragatnaşyk hyzmatlarynyň wagtlaýyn ýok bolmagy möhletiniň dowamynda adyňyzdaky müşderi belgilileriňiz, birikdirilen hyzmatlary we hasaplaryňyzda bar bolan pul serişdeleri adyňyzda saklanyp durar.
2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 17-sinden başlap müşderilerimiz,
hasaplaryňyzda bar bolan ulanylmadyk pul serişdeleriniň, şeýle-hem
işjeňleşdirilmedik ekspress töleg kartalary üçin pul serişdeleriniň arza
boýunça yzyna gaýtarylmagyny resmileşdirip bilerler.
Munuň üçin Siz, aşakda berlen salgylara boýunça «MTS-TM» HJ-iniň ofislerine ýüz tutmaly er bellenilen nusgada arza bermeli. Hasabyňyzdaky pul serişdeleri gaýtarylyp berlende, müşderi belgiňiz saklanyp galýar we, hyzmatlar gaýtadan üpjün edilmäge başlananda Siz ony ulanyp bilersiňiz.
Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy diňe müşderiniň ofise hut özüniň
gelmegi we pasportyny görkezmegi bilen, özüne hyzmat edýän bankyndaky
hasaplaşyk hasaby / kartoçka hasaby görkezilenden soň (ekspress töleg
kartalarynyň yzyna gaýtarylmagy ýagdaýynda ol kartalaryň hakyky bar bolmagy zerurdyr), nagt däl görnüşde, möçberleri boýunça çäklendirmesiz şekilde müşderiniň bank kartasyna ýa-da bankdaky hasaplaşyk hasabyna geçirmek arkaly amala aşyrylýar. www.mts.tm
Присоединяйтесь к ОК, чтобы подписаться на группу и комментировать публикации.
Нет комментариев