Kanal Hayatda her gün ýaýlymda bolýan Türkmen dilindäki "Diri Sözler" telegepleşigimiziň '' MASLAHAT '' atly bölümünüň dowamyny size hödürleýäris.
«Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar. Muny Reb aýdýandyr.2 Faraonyň penasynda penalamak üçin, Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin, Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler.3 Faraonyň goragy olara utanç, ryswalyk bolar Müsüriň kölegesini penalamak.4 Baştutanlary Zoganda bolup, ilçileri Hanase ýetenem bolsalar,5 özlerine peýdasy bolmadyk halk zerarly utanja galar olar. Ne ýardam berýär bu halk, ne-de peýda berýär, gaýtam olary utanja we gyjalata goýýar».
6 Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.7 Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr. Munuň üçin Men ony: «Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym.
Işaýa
30:1-7
Seret, ine, sen döwük gamyş kysymly Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin şeýledir
2 Patyşalar
18:21
Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.
Ýeremeýa
2:36
Nesihatlaryň bilen maňa ýol görkezýärsiň, soňunda meni hormat bilen kabul edersiň.25 Meniň göklerde Senden başga kimim bar? Seniň bilen ýerde-gökde ýok mätäçligim.26 Tenim, ýüregim ysgyndan düşýär, ýöne Hudaý ýürek kuwwatym, baky nesibäm.27 Dogrudan-da, Senden uzaklaşýanlar ýok bolup gider, Özüňe biwepalyk edenleri Sen ýok edersiň.
Zebur 7
2:24-27
Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.9 Çünki Ol aýtdy – aýdany boldy; Ol buýurdy – buýrany hem berk durdy.10 Reb milletleriň maslahatyny hiç edýär, halklaryň niýetlerini puja çykarýar.
Zebur
32:8-10
Rebbiň Ruhuna kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi?14 Akyl üçin Ol kimden maslahat sorady? Adalat ýoluny Oňa öwreden kim? Oňa bilim berip, paýhas ýoluny görkezen kim?
Işaýa
40:13-14
Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler?
34 «Rebbe kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi?35 Hudaý bergili bolar ýaly, kim Oňa zat berdi?»36 Hiç kim! Çünki bütin barlyk Hudaýdan bolup, Ol arkaly we Onuň üçindir! Oňa baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!
Rimliler
11:33-36
-----------------------------------------------------------------------------------------------------------
Facebook sahypamyz
https://www.facebook.com/diri.soz.7
Odnoklassniki sahypamyz
https://ok.ru/profile/577139589052
E-mail
dirisozler@gmail.com
Google+
https://plus.google.com/u/0/109100189