added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added today at 18:00
Gaza baý Marynyň oba ilaty peçlerde odun we sygyr tezegini ýakyp ýylynýar Gaza baý Mary welaýatynyň oba ýaşaýjylary öýlere gazyň we elektrik togunyň kadaly berilmeýändigi sebäpli, peçlerde odun we sygyr tezegini ýakyp, ýylynmaga mejbur bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçylarynyň biri bu ýagdaýy Murgap etrabynyň “Hyrlsan Juma” we “Türkmenistan” daýhan birleşikleriniň ilatynyň başdan geçirýändigini aýdýar. “Marynyň oba ýaşaýjylary gazyň pesliginden şikaýat edýärle
added today at 17:30
Maryda we Balkanabatda ilat kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýär Türkmenistanyň Mary we Balkan welaýatlaryndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklar dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary raýatlaryň zähmet we pensiýa haklaryny nagtlaşdyrmak üçin ertirden agşama çenli şäheriň dürli künjeklerini aýlanýandygyny aýdýarlar. “Mary şäheriniň bankomatlary boş, ýagny şäher boýunça ‘Belent’ söwda merkeziniň öňünde ýerleşýän ‘Türkmenistan’
added today at 16:27
В ашхабадских госмагазинах продукты продают только за безналичный расчет В столичных государственных магазинах продукты начали продавать только за безналичный расчет. Об этом сообщают корреспонденты Азатлыка в Ашхабаде. "Сегодня яйца и подсолнечное масло за наличные не продают, только по карточкам. Но еще вчера яйца в нашем госмагазине продавали за наличные решетками по 15 штук, пока не кончались, то есть брали дополнительно лишние 1.50 маната с каждой решетки. По госцене яйцо стоит 45 тенге,
added today at 15:00
HORMATLY ARKADAG: Siziñ arzañyzy berip gitmegiñiz gerek, Hormatly Arkadag! Hormatly Arkadag! Aşgabatda 16-njy tapgyry gidip duran gurluşyk işlerini arada aýlanyp gördüñiz. Meniñ size raýat hökmünde soramak isleýän zadym bar. Bu tapgyrlaryñ soñy haçan geler? Ýalnyş düşünmäñ göripligim ýok. Ýöne şu jaýlarda kimler ýaşamaly? Ozaly bilen 3 -5 sany jaýy bolanyñkya ýene biri goşulmaly ýa-da jaýdan kösenip ýören aşaky gatlak adamlara amatly şertler bilen berilermi? Mena beriler öýdemok. Berjek bolsañ
added today at 14:43
HWF: Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmeli Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmaklyk bäsdeşligi hem-de manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegi talap edýär diýip, golaýda Aşgabada sapar eden Halkara walýuta fondunyň missiýasy 14-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy. 5 – 12-nji noýabr aralygynda Halkara walýuta fondunyň missiýasy Aşgabada sapar etdi. Halkara maliýe bilermenler toparynyň ýolbaşçysy 14-nji noýabrd
added today at 13:01
В Ашхабаде сотни людей собираются в очереди за визой в Узбекистан У посольства Узбекистана в Ашхабаде в эти дни можно увидеть очереди из сотен людей, желающих получить туристическую визу, сообщает издание «Türkmen.news». Ссылаясь на своего корреспондента в Туркменистане, издание сообщает, что к 7 часам утра у здания посольства уже собирается более 250 человек. В течение дня количество людей значительно увеличивается. Большинство стоящих в очереди жители Лебапского и Дашогузского велаятов, сре
added today at 10:10
Marynyň demirýol wokzalynda gullukdan gelen esgerleri surata düşürmek gadagan edildi Mary şäheriniň demirýol stansiýasynda harby gullugyny berjaý edip dolanan esgerleri dabaraly ýagdaýda garşy almak çäresi geçirildi. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, şäher häkimiýetleriniň guramaçylygyndaky bu çäre polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklaryň işgärleriniň berk gözegçiliginde geçirilipdir. Muňa şaýat bolan adamlara we ýolagçylara surata düşürmek we wideo etmek gadagan edilipdir.
added yesterday at 19:10
Lebap welaýatynda 1 halta sementiň bahasy ýene-de ýokarlanyp, 200 manada çenli çykdy Lebap welaýatynda sementiň bahasy ýene-de gymmatlady. Welaýatyň administratiw merkeziniň gurluşyk harytlary satylýan dükanlarynda Balkan welaýatynda öndürilen sementiň bir haltasynyň bahasy 160 manatdan satylýar, welaýatyň günorta etraplarynda munuň bahasy 200 manada çykdy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde 13-nji noýabrda habar b
added yesterday at 18:09
На железнодорожной станции в Мары запретили фотографировать прибытие демобилизованных солдат  На железнодорожной станции в Мары состоялась торжественная встреча, уволившихся в запас солдат срочной службы. Как сообщил корреспондент Азатлыка в Мары, встреча, организованная властями города, состоялась под надзором полиции, препятствовавшей осуществление пассажирами видео и фото съемки. По его словам, это произошло 1 ноября, демобилизованные солдаты прибыли в одном из вагонов регулярного поезда Аш
added yesterday at 17:15
Täze gurulýan Darganatada gurluşykçylar 5 aý bäri aýlyklaryny alyp bilmeýär Täze gurulýan Darganata şäherçesinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde zähmet çeken köp sanly gurluşykçy 5 aý bäri ýerli firmalardan aýlyk haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy atlandyrylmazlyk şertlerinde 14-nji noýabrda habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, Darganata etrap merkezine Amyderýanyň joşmak howpy abanýar. Bu ýagdaýa çykalga hökmünde ýerli häkimiýetler et
Show more
1 694 participants in the group
Çeşme: Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndan 5000 çemesi işgär işinden boşadyldy Şu ýylyň güýz paslynda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndan ýurt boýunça 5 müň töweregi işgär işinden boşadyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ynamdar çeşmesi habar berýär. Mediada çykyş etmäge ygtyýarsyz çeşme howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertinde beren maglumatynda bu çäräniň iş orunlaryny kemeltmek boýunça kabul edilen kararyň esasynda amala aşyrylandygyny aýdýar. “Bu san ýurduň bäş welaýatyna degişli. Işinden boşadylan adamlar esasan pagta, bugdaý kabul edýän we saklaýan harmanhanalarda, pagtany arassalaýan we gaýtadan işleýän, pagta çiginden ýag öndürýän hem-de un zawodlarynda, tekstil fabriklerinde işleýärdiler” diýip, çeşme 7-nji noýabrda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ýurduň bir welaýatyndan 1850 çemesi adam işinden boşadyldy. Bu işgärleriň esasy bölegini laboratoriýalarda işleýän işgärler, şeýle-de tehnikler, garawullar, ýük ýükleýjiler we sürüjiler emele getirýär. Azatlyk Radiosynda bu welaýat barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar. Azatlygyň çeşmesi ýurduň käbir etraplarynda pagta kabul edýän harmanhanalaryň hem ortaça 35%-niň ýapylandygyny, muňa pagta hasylynyň pesligi sebäpli olaryň aglabasynyň boş durmagynyň sebäp bolandygyny belledi. “Soňky 10 ýylyň dowamynda harmanhanalaryň bary-ýogy 10%-de pagta saklanýar, galan bölegi boş durýar. Sebäbi pagta hasyly juda pes. Ýapylan şol harmanhanalaryň haýatlary, armaturalary hususy taraplara satyldy” diýip, çeşme aýtdy. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi websaýtynda ýa-da ýurduň metbugatynda iş orunlarynyň kemeldilendigini tassyk ýa-da inkär edýän maglumatlar häzirlikçe göze ilmeýär. Azatlyk Radiosyna işden boşadylan adamlaryň häzirki ykbalyny, olaryň işsizlik boýunça kömek puly bilen üpjün edilendigini ýa edilmändigini hem anyklamak başartmady. Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy bilen, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, döwlet konsernleriniň ýapylmagynyň ýa-da birikdirilmeginiň barha ýygjamlaşana meňzeýändigini aýdýarlar. Munuň bilen bir wagtda, olar ýurduň dürli edara-kärhanalarynda iş orunlarynyň gysgaldylmagynyň yzygiderli ýüze çykýandygyny we işlerini ýitirýän adamlary barha köp görse bolýandygyny belleýärler. Awgustyň aýagynda Azatlygyň habarçysynyň öňki resmileriň birine salgylanyp ýazmagyna görä, ozalky “Türkmenawtoýollary” ýa Awtomobil ulaglary ministrliginiň ýapylmagy bilen, bu edaranyň Ahal we Lebap welaýatlaryndaky bölümlerinde müňläp adam işini ýitirdi. Şonda ministrligiň öňki işgäri bu edaradan tutuş ýurt boýunça 15 müň çemesi adamyň aýlyk alandygyny, olaryň maşgala agzalarynyň indi kyn günleri başdan geçirýändigini gürrüň berdi. Türkmen häkimiýetleri ýurtda işsizligiň derejesi, işini ýitiren adamlaryň sany, olary sosial taýdan goramak, gaýtadan hünär bermek we işe ýerleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada maglumat bermeýärler. Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistandan 1 million 879 müňden gowrak raýatyň daşary ýurtlara çykyp gidendigini aýdýarlar. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30258270.html 
Log in or sign up to add a comment