added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added today at 18:00
Gaza baý Marynyň oba ilaty peçlerde odun we sygyr tezegini ýakyp ýylynýar Gaza baý Mary welaýatynyň oba ýaşaýjylary öýlere gazyň we elektrik togunyň kadaly berilmeýändigi sebäpli, peçlerde odun we sygyr tezegini ýakyp, ýylynmaga mejbur bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçylarynyň biri bu ýagdaýy Murgap etrabynyň “Hyrlsan Juma” we “Türkmenistan” daýhan birleşikleriniň ilatynyň başdan geçirýändigini aýdýar. “Marynyň oba ýaşaýjylary gazyň pesliginden şikaýat edýärle
added today at 17:30
Maryda we Balkanabatda ilat kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýär Türkmenistanyň Mary we Balkan welaýatlaryndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklar dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary raýatlaryň zähmet we pensiýa haklaryny nagtlaşdyrmak üçin ertirden agşama çenli şäheriň dürli künjeklerini aýlanýandygyny aýdýarlar. “Mary şäheriniň bankomatlary boş, ýagny şäher boýunça ‘Belent’ söwda merkeziniň öňünde ýerleşýän ‘Türkmenistan’
added today at 16:27
В ашхабадских госмагазинах продукты продают только за безналичный расчет В столичных государственных магазинах продукты начали продавать только за безналичный расчет. Об этом сообщают корреспонденты Азатлыка в Ашхабаде. "Сегодня яйца и подсолнечное масло за наличные не продают, только по карточкам. Но еще вчера яйца в нашем госмагазине продавали за наличные решетками по 15 штук, пока не кончались, то есть брали дополнительно лишние 1.50 маната с каждой решетки. По госцене яйцо стоит 45 тенге,
added today at 15:00
HORMATLY ARKADAG: Siziñ arzañyzy berip gitmegiñiz gerek, Hormatly Arkadag! Hormatly Arkadag! Aşgabatda 16-njy tapgyry gidip duran gurluşyk işlerini arada aýlanyp gördüñiz. Meniñ size raýat hökmünde soramak isleýän zadym bar. Bu tapgyrlaryñ soñy haçan geler? Ýalnyş düşünmäñ göripligim ýok. Ýöne şu jaýlarda kimler ýaşamaly? Ozaly bilen 3 -5 sany jaýy bolanyñkya ýene biri goşulmaly ýa-da jaýdan kösenip ýören aşaky gatlak adamlara amatly şertler bilen berilermi? Mena beriler öýdemok. Berjek bolsañ
added today at 14:43
HWF: Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmeli Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmaklyk bäsdeşligi hem-de manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegi talap edýär diýip, golaýda Aşgabada sapar eden Halkara walýuta fondunyň missiýasy 14-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy. 5 – 12-nji noýabr aralygynda Halkara walýuta fondunyň missiýasy Aşgabada sapar etdi. Halkara maliýe bilermenler toparynyň ýolbaşçysy 14-nji noýabrd
added today at 13:01
В Ашхабаде сотни людей собираются в очереди за визой в Узбекистан У посольства Узбекистана в Ашхабаде в эти дни можно увидеть очереди из сотен людей, желающих получить туристическую визу, сообщает издание «Türkmen.news». Ссылаясь на своего корреспондента в Туркменистане, издание сообщает, что к 7 часам утра у здания посольства уже собирается более 250 человек. В течение дня количество людей значительно увеличивается. Большинство стоящих в очереди жители Лебапского и Дашогузского велаятов, сре
added today at 10:10
Marynyň demirýol wokzalynda gullukdan gelen esgerleri surata düşürmek gadagan edildi Mary şäheriniň demirýol stansiýasynda harby gullugyny berjaý edip dolanan esgerleri dabaraly ýagdaýda garşy almak çäresi geçirildi. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, şäher häkimiýetleriniň guramaçylygyndaky bu çäre polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklaryň işgärleriniň berk gözegçiliginde geçirilipdir. Muňa şaýat bolan adamlara we ýolagçylara surata düşürmek we wideo etmek gadagan edilipdir.
added yesterday at 19:10
Lebap welaýatynda 1 halta sementiň bahasy ýene-de ýokarlanyp, 200 manada çenli çykdy Lebap welaýatynda sementiň bahasy ýene-de gymmatlady. Welaýatyň administratiw merkeziniň gurluşyk harytlary satylýan dükanlarynda Balkan welaýatynda öndürilen sementiň bir haltasynyň bahasy 160 manatdan satylýar, welaýatyň günorta etraplarynda munuň bahasy 200 manada çykdy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde 13-nji noýabrda habar b
added yesterday at 18:09
На железнодорожной станции в Мары запретили фотографировать прибытие демобилизованных солдат  На железнодорожной станции в Мары состоялась торжественная встреча, уволившихся в запас солдат срочной службы. Как сообщил корреспондент Азатлыка в Мары, встреча, организованная властями города, состоялась под надзором полиции, препятствовавшей осуществление пассажирами видео и фото съемки. По его словам, это произошло 1 ноября, демобилизованные солдаты прибыли в одном из вагонов регулярного поезда Аш
added yesterday at 17:15
Täze gurulýan Darganatada gurluşykçylar 5 aý bäri aýlyklaryny alyp bilmeýär Täze gurulýan Darganata şäherçesinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde zähmet çeken köp sanly gurluşykçy 5 aý bäri ýerli firmalardan aýlyk haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy atlandyrylmazlyk şertlerinde 14-nji noýabrda habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, Darganata etrap merkezine Amyderýanyň joşmak howpy abanýar. Bu ýagdaýa çykalga hökmünde ýerli häkimiýetler et
Show more
1 694 participants in the group
Türkmenistanyň täjik ulaglaryna girizen tranzit gadagançylygyna 10 aý boldy. Mesele çözülermi? Täjigistanyň resmi delegasiýasy 1-nji noýabrda Türkmenistana baryp gaýtdy. Aşgabatdaky gepleşiklere gatnaşan Täjigistanyň transport ministriniň birinji orunbasary Suhrob Mirzoda delegasiýanyň ýük ulaglaryň Türkmenistanyň territoriýasyndan geçmegine degişli sorag berendigini, emma türkmen tarapynyň anyk jogap bermändigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Meseläniň oňyn çözgüdine garaşmak mümkinmi diýlip berlen sowala Mirzoda: "Mesele çözülermi bilmeýäris, emma biz umyt edýäris" diýip jogap berdi. Söhbetdeşimiz beýleki kommentariýlerden saklanyp, meseläniň çözgüdi üçin wagtyň gerek boljagyny mälim etdi. "Täjik delegasiýasynyň gozgan meseleleriniň tas ählisine seredildi, emma wagty talap edýän käbir meseleler galdy" diýip, resmi belledi. Täjigistanyň energiýa we suw resurslary ministri Usmonaly Usmonzodanyň ýolbaşçylygyndaky resmi topary Aşgabada sapar edip, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýanyň 9-njy maslahatyna gatnaşdy. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň bu barada ýaýradan beýanatyna görä, maslahatyň netijesinde protokolda taraplaryň transport-tranzit mümkinçiliklerini ulanmaga islegleri görkezilýär. Maslahatdan bir gün öň 31-nji oktýabrda Aşgabatda Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasynda syýasy konsultasiýalar geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşan Täjigistanyň delegasiýasyna daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin baştutanlyk etdi. Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Wafo Niýatbekzodanyň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, konsultasiýalaryň dowamynda möhüm meseleleriň maslahat edilmändir. "Şeýle konsultasiýalar her ýylda geçirilýär, olarda umumy häsiýetli meseleler maslahat edilýär" diýip, resmi belledi. Täjigistanyň iki sany ýokary derejeli resmi toparynyň Aşgabada eden saparlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň "sowaşan" döwrüne gabat geldi. Şu ýylyň fewral aýynyň başyndan bäri türkmen häkimiýetleri Täjigistana barýan ýa-da ondan gelýän ýük ulaglary öz territoriýasyndan tranzit geçirmeýär. Türkmenistan ýöredýän bu gadagançylygynyň sebäplerini düşündirmekden saklanýar. Bu ýagdaýda Täjigistanyň häkimiýetleri ulag sürüjileri Azerbaýjanyň territoriýasyndan geçýän alternatiw marşrutlary ulanmaga çagyrdy. Türkmenistanyň Eýran bilen serhet araçägindäki “Sarahs” geçelgesinde we Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhet araçägindäki “Farap” geçelgesinde onlarça täjik ýük ulagy saklanyp galypdy. Täjigistanyň ýük ulag eýeleri Türkmenistanyň territoriýasyndaky tranzit gadagançylygy zerarly maddy zyýan çekýändiklerini habar beripdi. Türkmen häkimiýetleri gürrüňi edilýän gadagançylyk dogrusynda häzirlikçe resmi çykyş etmän gelýärler. Türkmenistanyň Täjigistana ýük çekýän ulaglary öz territoriýasyndan geçirmezligi bilen bagly waka ilkinji gezek ýüze çykmaýar. Türkmen serhetçileri 2018-nji ýylyň awgust aýynyň aýagynda Täjigistanyň ýük daşaýjylarynyň ulaglaryny öz territoriýasyna geçirmändi. 2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda resmi Aşgabat Türkmenistanyň üstünden Täjigistana barýan ýük ulaglaryň howpsuzlyk sebäpli türkmen serhedinde saklanýandygyny aýtdy. Türkmen tarapynyň bu düşündirişiniň nämäni aňladýandygy henize çenli nämälim bolup galýar. Käbir bilermenler Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna täjik tarapynyň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolup gurluşygyna degişli proýekt boýunça borçlaryny ýerine ýetirmezliginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar. "Türkmenistanyň Owganystana demirýoluň gurluşygyna uly umytlary bardy. Ol ýoluň 88 kilometrlik bölegini gurdy, emma Täjigistan öz böleginiň gurluşygyna howlukmaýar, sebäbi onuň Özbegistan bilen gatnaşyklary kadalaşdy. Meseläniň şuňa bagly bolmagy mümkin" diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bilermenleriň biri aýtdy. Syýasaty öwreniji Parwiz Mullojanow Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýektine uly ähmiýet berýän Aşgabadyň pozisiýalarynyň we garaýyşlarynyň Täjigistanyň bähbitlerine gabat gelmeýändigini belleýär. Bilermen Türkmenistanyň ýük ulaglaryň tranzit meselesini öz bähbitleriniň Täjigistan tarapyndan hasaba alynmagy üçin gural hökmünde ulanýan bolmagyny çak edýär. Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy barada gepleşikler 2013-nji ýylyň başynda başlanypdy. Şol ýylyň 20-nji martda Aşgabatda üç ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda demir ýoluň gurluşygy barada memoranduma gol çekilipdi. Türkmenistan demir ýoluň öz giňişliginden geçýän 85 kilometrlik bölegini 2015-nji ýylyň noýabr aýynda jemledi. Şonda Täjigistan öz giňişliginden geçmeli 50 kilometrlik bölegini we Owganystanyň üstünden geçjek bölegini maliýeleşdirmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdy. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30257863.html 
Log in or sign up to add a comment