added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:00
Госучреждения Мары собирают деньги «на сбор хлопка» В Марыйском велаяте у работников государственных учреждений по устному распоряжению руководства каждые 10-15 дней собирают деньги «на сбор хлопка». Как сообщил корреспондент Радио Азатлык в Мары, администрация Марыйского велаята взимает с каждого государственного учреждения, расположенного на территории региона определённую сумму. «Например, каждая школа, каждый детский сад каждые 15 дней должны собрать по 4000 манатов, этрапская больница со
added yesterday at 17:30
Çilim ýene-de gymmatlap başlady: Lebapda 1 guty çilim 150 manada, Balkanda 200 manada çenli çykdy Türkmenistanyň dürli regionlarynda temmäki önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy täzeden ýüze çykyp başlady. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde habar berýärler. Lebap welaýatynda ýerleşýän döwlete degişli bolmadyk hususy söwda nokatlarda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat we Serdar şäherlerinde temmäk
added yesterday at 17:00
Türkmenistanda sarygetirme keseli ýaýraýar Türkmenistanda ilatyň arasynda gepatit ýaýraýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlaryndaky ýagdaý barada habar berýärler. "Daşoguz welaýatynda "A" gepatitiniň hakyky epidemiýasy bar. Esasan ýetginjekler we çagalar keselleýärler. Ulularyň arasynda az. Şuňa meňzeş ýagdaý soňky gezek üç ýyl mundan öň döräpdi" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy aýdýar. Habarçymyz, anonim şertlerde gürlän ýerli lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň
added yesterday at 16:00
В Мары хлопковое масло подорожало в три раза 5 октября в городе Мары, в подвальных магазинах рынка «Гок базар», расположенного на улице Молланепеса с 5:00 до 7:30 утра продавалось неочищенное хлопковое масло, по новой цене, превышающей предыдущую в три раза. Неделей ранее литр масла продавался за 2 маната 60 тенге ($0,7), в субботу же литр масла продавали за 7 манат 60 тенге. Кроме более высокой цены от покупателей требовали вместе с хлопковым маслом купить просроченное сливочное масло. Об эт
added yesterday at 15:30
Ýurt boýunça dowam edýän pagta ýygym möwsüminde býujet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnalýar Mary welaýatynda ýerleşýän döwlet edara kärhanalarynda işgärlerden “pagta ýygym üçin” dilden görkezme esasynda her 10-15 günden bir gezek pul ýygnalýar. Bu maglumatyň jikme-jikligini Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 14-nji oktýabrda habar berdi. Habarçynyň tassyklamagyna görä, welaýatyň çäginde ýerleşýän her bir döwlet edara-kärhanasy üçin M
added yesterday at 15:19
Marynyň döwlet dükanlarynda un paýlandy, emma hemmä ýetmedi Marynyň döwlet dükanlarynda uzak arakesmeden soň un satylyp başlandy. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, dükanlarda uly nobat döredi, emma unuň ilata çäkli möçberde satylmagyna garamazdan, alyjylaryň hemmesine ýetmändir. "​Anna güni Mary şäherinde döwlet dükanlarynda un paýlandy. Emma şonda un hemme adamlara ýetmedi, ýetmedik adamlara birinji güni habar tutup görüň diýip aýtdylar. Ýöne şu gün un gelmedi" diýip, habarçymyz Marynyň dükanl
added October 13 at 18:30
Käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda toý-dabaralary geçirmeklik düzgünleşdirilýär. Türkmenistanda nähili? Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen halkynyň arasynda durmuş toýlary üçin edilýän uly möçberli çykdajylar barada gürrüň gozgalýar, olaryň ýerlikliligi sorag astyna alynýar.
added October 12 at 18:30
Hepdäniň jemi #41 (12.10.2019 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Aşgabatda azeri we ermeni liderleriniň arasynda ‘gahrymanlar’ meselesinde dörän gapma-garşylyk, Kremliň II Jahan urşuny sowet döwründäki ýaly dabaralandyrmak ugrunda edýän tagallalary we onuň arkasynda niýet, GDA ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Owganystana ýetirýän täsirleri baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
added October 12 at 09:00
В Мары планируется закрытие некоторых детских садов В Мары планируется закрытие нескольких детских садов. Об это сообщают корреспонденты Азатлыка, со ссылкой на сотрудников региональных учреждений сферы образования. По словам корреспондента Азатлыка, о планах по закрытию дошкольных учреждений сообщили на собраниях, которые прошли на дня в районных управлениях образования Мары и Байрамалы. "В районных управлениях образования Мары и Байрамалы провели собрания, в которых приняли участие руководи
added October 11 at 18:30
Maryda birnäçe çagalar bagyna ýapylmak howpy abanýar Maryda birnäçe çagalar bagynyň ýapylmagy planlaşdyrylýar. Bu barada Azatlygyň regiondaky habarçylary, ýerli bilim edaralarynyň wekillerine salgylanyp habar berýärler. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, çagalar baglaryny ýapmak planlary barada Mary we Baýramaly etrap bilim müdirliklerinde geçirilen ýygnaklarda aýdylypdyr. "Mary welaýatynyň Baýramaly we Mary etrap bilim müdirliginde ýygnak geçirildi, ol ýygnaga gatnaşanlar etrap çagalar b
Show more
1 634 participants in the group
IIM-niň täze ministriniň bellenmeginiň yzýany, Maryda PÝGG-niň işgärlerine gözegçilik güýçlendi Mary şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň işine gözegçilik edilýändigini we olaryň gulluk işini berjaý edýän mahaly, gizlin kamera düşürilýändigini Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär. Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy soňky birnäçe gün bäri dowam edýän bu gözegçilikleriň netijesinde düzgün bozan sürüjileri saklaýan PÝGG-niň işgärleriniň “para almagyň deregine, olara döwlet tarapyndan kesgitlenen pul jerimesini” ýazýandygyny aýdýar. “Mary şäheriniň köne ýarmarkasynyň ýolunyň ugrunda, 16-njy liseýiň golaýynda we başga-da birnäçe ýerde köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärlerine gizlin edaralaryň işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýär. Şäheriň birnäçe köçesinde elektrik liniýalaryny bejerýän ussalaryň eşigindäki işgärler, hamana, elektrik geçirijileri bejerýän ýaly bolup, ýoluň beýleki tarapynda duran PÝGG-niň işgärlerini kamerada surata düşürýärler. Düzgün bozan sürüjilerden para alan polisiýa işgärlerini dessine alyp gidýärler” diýip, habarçy şuňa meňzeş wakanyň 16-njy liseýiň golaýynda bolandygyny 10-njy oktýabrda beren maglumatynda aýtdy. Habarçy PÝGG-niň işgärlerine ýurduň haýsy edaralarynyň işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýändigini häzirlikçe anyklap bolmaýandygyny, ýöne bu wakalardan soňra köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän işgärleriň düzgün bozan sürüjilerden “para almaýandygyny” belledi. “PÝGG-niň işgärleri sürüjilere diňe döwlet tarapyndan kesgitlenen jerimäni ýazýarlar. Öňler olar jerimäni ýazman, onuň ýarysy möçberde para alyp goýberýärdiler. Ýöne häzir olar tutulyp, işden çykarylmakdan ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekilmekden gorkýarlar. Şeýle-de, häzir olaryň her biri günde 15 protokol ýazmaly edilipdir” diýip, habarçy ulag sürüjileriniň we PÝGG işgärleriniň birnäçesine salgylanyp gürrüň berdi. Azatlyk Radiosyna PÝGG-niň işgärlerine edilýän bu gözegçilikler we olaryň sebäpleri barada Mary welaýat polisiýa bölüminden kommentariý almak häzirlikçe başartmady. Ýöne bu waka türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ýolbaşçylaryna ýene bir gezek korrupsiýa we parahorlyga garşy berk göreşiň alnyp baryljakdygyny duýduryp, ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowy wezipesinden boşatmagyndan 10 gün soňa gabat geldi. 1-nji oktýabrda baş prokuror Batyr Atdaýew Mulikowyň korrupsiýa faktlaryna, mysal üçin, ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleri Azat Saparowyň, Kerimguly Çaryýewiň, Guwanç Meredowyň we beýlekileriň para almagyna göz ýumandygyny mälimetdi. Şonda döwlet TW-si para alan polisiýa işgärleriniň wideokameranyň öňünde toba edýän pursatlaryny görkezdi. Azatlyk Radiosyna Mary şäherinde PÝGG-niň işgärlerine edilýän gözegçilikleriň ýokarda agzalan ýagdaýlar bilen baglanyşyklydygyny ýa-da däldigini anyklamak häzirlikçe başartmady. Ýöne Azatlyk Radiosy sentýabr aýynyň dowamynda, ýagny “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlykda ýurtda, şol sanda Mary welaýatynda PÝGG-niň işgärleriniň ulag sürüjilerine we pyýadalara gözegçiligi güýçlendirendigini habar beripdi. Şonda Azatlygyň habarçylary köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň bu biraýlygy ulag sürüjilerden we pyýadalardan para almagyň guralyna öwürendigini gürrüň beripdiler. 8-nji oktýabrda “Türkmen.news” neşiri özüniň Aşgabatdaky çeşmelerine salgylanyp, ýurtda içeri işler ministriniň çalyşmagy bilen paýtagtyň köçelerinde PÝGG-niň işgärleriniň sanynyň we olaryň ulag sürüjilerini saklamagy bilen bagly wakalaryň göz-görtele azalandygyny habar berdi. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30209494.html 
Log in or sign up to add a comment