added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:00
Госучреждения Мары собирают деньги «на сбор хлопка» В Марыйском велаяте у работников государственных учреждений по устному распоряжению руководства каждые 10-15 дней собирают деньги «на сбор хлопка». Как сообщил корреспондент Радио Азатлык в Мары, администрация Марыйского велаята взимает с каждого государственного учреждения, расположенного на территории региона определённую сумму. «Например, каждая школа, каждый детский сад каждые 15 дней должны собрать по 4000 манатов, этрапская больница со
added yesterday at 17:30
Çilim ýene-de gymmatlap başlady: Lebapda 1 guty çilim 150 manada, Balkanda 200 manada çenli çykdy Türkmenistanyň dürli regionlarynda temmäki önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy täzeden ýüze çykyp başlady. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde habar berýärler. Lebap welaýatynda ýerleşýän döwlete degişli bolmadyk hususy söwda nokatlarda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat we Serdar şäherlerinde temmäk
added yesterday at 17:00
Türkmenistanda sarygetirme keseli ýaýraýar Türkmenistanda ilatyň arasynda gepatit ýaýraýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlaryndaky ýagdaý barada habar berýärler. "Daşoguz welaýatynda "A" gepatitiniň hakyky epidemiýasy bar. Esasan ýetginjekler we çagalar keselleýärler. Ulularyň arasynda az. Şuňa meňzeş ýagdaý soňky gezek üç ýyl mundan öň döräpdi" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy aýdýar. Habarçymyz, anonim şertlerde gürlän ýerli lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň
added yesterday at 16:00
В Мары хлопковое масло подорожало в три раза 5 октября в городе Мары, в подвальных магазинах рынка «Гок базар», расположенного на улице Молланепеса с 5:00 до 7:30 утра продавалось неочищенное хлопковое масло, по новой цене, превышающей предыдущую в три раза. Неделей ранее литр масла продавался за 2 маната 60 тенге ($0,7), в субботу же литр масла продавали за 7 манат 60 тенге. Кроме более высокой цены от покупателей требовали вместе с хлопковым маслом купить просроченное сливочное масло. Об эт
added yesterday at 15:30
Ýurt boýunça dowam edýän pagta ýygym möwsüminde býujet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnalýar Mary welaýatynda ýerleşýän döwlet edara kärhanalarynda işgärlerden “pagta ýygym üçin” dilden görkezme esasynda her 10-15 günden bir gezek pul ýygnalýar. Bu maglumatyň jikme-jikligini Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 14-nji oktýabrda habar berdi. Habarçynyň tassyklamagyna görä, welaýatyň çäginde ýerleşýän her bir döwlet edara-kärhanasy üçin M
added yesterday at 15:19
Marynyň döwlet dükanlarynda un paýlandy, emma hemmä ýetmedi Marynyň döwlet dükanlarynda uzak arakesmeden soň un satylyp başlandy. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, dükanlarda uly nobat döredi, emma unuň ilata çäkli möçberde satylmagyna garamazdan, alyjylaryň hemmesine ýetmändir. "​Anna güni Mary şäherinde döwlet dükanlarynda un paýlandy. Emma şonda un hemme adamlara ýetmedi, ýetmedik adamlara birinji güni habar tutup görüň diýip aýtdylar. Ýöne şu gün un gelmedi" diýip, habarçymyz Marynyň dükanl
added October 13 at 18:30
Käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda toý-dabaralary geçirmeklik düzgünleşdirilýär. Türkmenistanda nähili? Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen halkynyň arasynda durmuş toýlary üçin edilýän uly möçberli çykdajylar barada gürrüň gozgalýar, olaryň ýerlikliligi sorag astyna alynýar.
added October 12 at 18:30
Hepdäniň jemi #41 (12.10.2019 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Aşgabatda azeri we ermeni liderleriniň arasynda ‘gahrymanlar’ meselesinde dörän gapma-garşylyk, Kremliň II Jahan urşuny sowet döwründäki ýaly dabaralandyrmak ugrunda edýän tagallalary we onuň arkasynda niýet, GDA ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Owganystana ýetirýän täsirleri baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
added October 12 at 09:00
В Мары планируется закрытие некоторых детских садов В Мары планируется закрытие нескольких детских садов. Об это сообщают корреспонденты Азатлыка, со ссылкой на сотрудников региональных учреждений сферы образования. По словам корреспондента Азатлыка, о планах по закрытию дошкольных учреждений сообщили на собраниях, которые прошли на дня в районных управлениях образования Мары и Байрамалы. "В районных управлениях образования Мары и Байрамалы провели собрания, в которых приняли участие руководи
added October 11 at 18:30
Maryda birnäçe çagalar bagyna ýapylmak howpy abanýar Maryda birnäçe çagalar bagynyň ýapylmagy planlaşdyrylýar. Bu barada Azatlygyň regiondaky habarçylary, ýerli bilim edaralarynyň wekillerine salgylanyp habar berýärler. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, çagalar baglaryny ýapmak planlary barada Mary we Baýramaly etrap bilim müdirliklerinde geçirilen ýygnaklarda aýdylypdyr. "Mary welaýatynyň Baýramaly we Mary etrap bilim müdirliginde ýygnak geçirildi, ol ýygnaga gatnaşanlar etrap çagalar b
Show more
1 634 participants in the group
Gyz alyp gaçmak wideosynyň bardygyna garamazdan, milisiýanyň geleňsizligi jemgyýetçilikde närazylyk döredýär  Ýaş gyzy alyp gaçyp, zor bilen nikadan geçmäge mejbur edişleri barada Internetde ýaýradylan wideo ýazgy boýunça Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi «hiç kimden arza düşmedi» diýip, oňa ähmiýet berilmeýändigini mälim etdi. Graždan jemgyýetçiligi bilen ynsan hukugyny goraýjylar döwlet organynyň beýle jogabyna gahar-gazap bildirip, muny aňrybaş perwaýsyzlyk hasap etdiler. 7-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň sosial ulgamlarynda peýda bolan wideoda, entek örän ýaş görünýän bir gyz gelin oturmaly tutudan özüni daşary atjak bolýar, beýlekiler bolsa onuň başyna ýaglyk bürejek bolýarlar, ýagny onuň nikadan geçendigini aňlatmaga çalyşýarlar. Töwerekdäkileriň goh-galmagalyndan hem aýdym-saz sesinden ýaňa gyzyň gykylygy eşidilmeýär. Internet ulanyjylaryň ýazmagyna görä, alnyp gaçylan gyz 16 ýaşynda bolmaly, 35 ýaşly adam ony özüne gelin edinmek üçin güýç bilen alyp gaçypdyr. Bir gün geçenden soň, 8-nji oktýabrda Içeri işler ministrliginiň metbugat-gullugy Talas oblastynyň içeri işler bölümi bu goýlan wideo ýazgy boýunça derňew işini geçirýändigini mälim etdi, ýöne häzire çenli iş boýunça arza-şikaýatyň gowuşmandygyny-da bildirdi. Milisiýanyň beýle geleňsizligi sosial ulgamlarda dürli jedelleriň döremegine getirdi. Graždan aktiwisti Altyn Kapalowa muny perwaýsyzlyk atlandyrdy, kanun goraýjy guramalaryň gyzgyny bilen bu iş boýunça jenaýat işini gozgamalydygyny öňe sürdi. Onuň pikirine görä, işe beýle geleňsiz garamak şeýle jenaýatyň artmagyna itergi berýär: «Güýç ulanyjylaryň jogaby; «hiç kimden arza düşmedi» diýmekleri meni geň galdyrdy hem gaharymy getirdi. Milisiýa beýle jogap gaýtarmaly däl. Olar wideodaky fakt esasynda haýal etmezden derňew işine başlamaly. Kanun goraýjylara ol ýazgyda görkezilen adamlary tapmak kynmy? Bizde güýç ulanyjy guramalar beýle jenaýatyň üstüni açmaga gyzyklanma bildirmeýär diýen pikiri döredýär. Ol gyzyň nirededigi häzire çenli-de belli däl. Belki-de, häzir ol gyzyň garşysyna güýç ulanyp, ony nikadan geçmäge mejbur edendirler, belki, onuň garşysyna başga jenaýat edilýändir. Belki, ony hossarlary yzyna alandyr? Bu ýagdaýlar barada näme üçin milisiýa hiç zat aýtmaýar» diýip, Altyn Kapalowa närazylygyny bildirýär. Ýurist Çynara Žakupbekowa jemgyýetçilikde uly seslenme döreden bu wideo haýsydyr bir tarapyň arza-şikaýatnamasy bolmazdan, jenaýat işini açmaga hem derňew geçirmäge sebäp bolup bilýändigini ýatladýar: «Kanun boýunça olar bu wideony görenden soň, jenaýat işini açyp bilýärler. Jenaýat işini açmaga şu wideo esas bolup biler, ýagny arza gowuşmadyk ýagdaýynda-da derňew işine başlap, bolup geçen ýagdaýy anyklaşdyryp bilerdiler. Belki, ol gyzyň arza bermäge mümkinçiligi ýokdur? Onsoňam, ol gyz kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa, hossarlary arza berip bilerdi. Eger kämillik ýaşyna ýeten bolsa, onuň özüniň arza bermäge haky bar» diýip, ýurist Çynara Žakupbekowa düşündirýär. Şunuň bilen birlikde hukuk goraýjylar töwerekdäki adamlaryň bolşuna-da ünsi çekýärler. Olar gyzyň garşylygyna hem gykylygyna garamazdan, şagalaňly goh-galmagal hem dabaraly aýdym-sazyň sesi bilen zorluk aktynyň üstüni örtmäge çalyşýarlar. «Özgerişlik Agenti» guramasynyň başlygy Saliýa Akulowa häzirki ýagdaýda beýle jenaýatyň amala aşmagyna kimler gatnaşan bolsa, taraplaryň ählisiniň jogapkärçilik duýmaklarynyň zerurdygyny aýdýar: «Meniň pikirimçe, bu jemgyýetiň perwaýsyzlygyny açyk görkezýän hadysa. Ol gyzyň başyna ýaglyk bürejek bolup dyrjaşýan aýallaryň özleri-de birmahal şeýdip durmuşa çykan bolsalar gerek. Indi olar başgalar hem şeýdip durmuşa çykmaly diýip hasaplaýarlar. Töwerekdäkileriň hiç biri ol gyzyň ýagdaýyna üns bermeýär, öýlenýäniň dostlary hem ýoldaşlary aýdym aýdýarlar, ýagny şowhun döredýärler. Munuň özi perwaýsyzlygyň ýüze çykmagy. Gynansak-da, olar şeýle bolmalydyr diýip düşünýärler. Olar jenaýat edýändiklerini soňra-da bilenoklar. Şonuň üçinem bu ýagdaýda gyzyň alnyp gaçylmagyna dahylly bolanlaryň ählisi kanunda nähili görkezilen bolsa, şol derejede jogapkärçilige çekilmeli» diýip, Saliýa Akulowa belleýär. Gyrgyzystanda gyzlaryň güýç bilen alnyp gaçylmagy hem onuň mejbury nikadan geçmegini guramak häli-şindi dile düşüp dur. Geçen ýyl 20 ýaşly Burulaý Turdaaly kyzy alnyp gaçylandan soň, ony ogurlan göni milisiýanyň binasynda gyzy pyçaklap öldürdi. Bu hadysa gelin alyp gaçmak hereketine bolan garaýşy güýçlendirdi. 2019-njy ýyldan güýje giren täze Jenaýat kanunyna görä, Gyrgyzystanda gyzlary gelin edinmek maksady bilen alyp gaçan jenaýatça 5 ýyldan 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berlip bilner. Eger hadysa bolan wagtynda, gyz kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa, ony nikalaşmaga mejbur edenlere 200 müň som jerime salnar. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30209109.html 
Log in or sign up to add a comment