added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:00
Госучреждения Мары собирают деньги «на сбор хлопка» В Марыйском велаяте у работников государственных учреждений по устному распоряжению руководства каждые 10-15 дней собирают деньги «на сбор хлопка». Как сообщил корреспондент Радио Азатлык в Мары, администрация Марыйского велаята взимает с каждого государственного учреждения, расположенного на территории региона определённую сумму. «Например, каждая школа, каждый детский сад каждые 15 дней должны собрать по 4000 манатов, этрапская больница со
added yesterday at 17:30
Çilim ýene-de gymmatlap başlady: Lebapda 1 guty çilim 150 manada, Balkanda 200 manada çenli çykdy Türkmenistanyň dürli regionlarynda temmäki önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy täzeden ýüze çykyp başlady. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde habar berýärler. Lebap welaýatynda ýerleşýän döwlete degişli bolmadyk hususy söwda nokatlarda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat we Serdar şäherlerinde temmäk
added yesterday at 17:00
Türkmenistanda sarygetirme keseli ýaýraýar Türkmenistanda ilatyň arasynda gepatit ýaýraýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlaryndaky ýagdaý barada habar berýärler. "Daşoguz welaýatynda "A" gepatitiniň hakyky epidemiýasy bar. Esasan ýetginjekler we çagalar keselleýärler. Ulularyň arasynda az. Şuňa meňzeş ýagdaý soňky gezek üç ýyl mundan öň döräpdi" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy aýdýar. Habarçymyz, anonim şertlerde gürlän ýerli lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň
added yesterday at 16:00
В Мары хлопковое масло подорожало в три раза 5 октября в городе Мары, в подвальных магазинах рынка «Гок базар», расположенного на улице Молланепеса с 5:00 до 7:30 утра продавалось неочищенное хлопковое масло, по новой цене, превышающей предыдущую в три раза. Неделей ранее литр масла продавался за 2 маната 60 тенге ($0,7), в субботу же литр масла продавали за 7 манат 60 тенге. Кроме более высокой цены от покупателей требовали вместе с хлопковым маслом купить просроченное сливочное масло. Об эт
added yesterday at 15:30
Ýurt boýunça dowam edýän pagta ýygym möwsüminde býujet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnalýar Mary welaýatynda ýerleşýän döwlet edara kärhanalarynda işgärlerden “pagta ýygym üçin” dilden görkezme esasynda her 10-15 günden bir gezek pul ýygnalýar. Bu maglumatyň jikme-jikligini Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 14-nji oktýabrda habar berdi. Habarçynyň tassyklamagyna görä, welaýatyň çäginde ýerleşýän her bir döwlet edara-kärhanasy üçin M
added yesterday at 15:19
Marynyň döwlet dükanlarynda un paýlandy, emma hemmä ýetmedi Marynyň döwlet dükanlarynda uzak arakesmeden soň un satylyp başlandy. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, dükanlarda uly nobat döredi, emma unuň ilata çäkli möçberde satylmagyna garamazdan, alyjylaryň hemmesine ýetmändir. "​Anna güni Mary şäherinde döwlet dükanlarynda un paýlandy. Emma şonda un hemme adamlara ýetmedi, ýetmedik adamlara birinji güni habar tutup görüň diýip aýtdylar. Ýöne şu gün un gelmedi" diýip, habarçymyz Marynyň dükanl
added October 13 at 18:30
Käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda toý-dabaralary geçirmeklik düzgünleşdirilýär. Türkmenistanda nähili? Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen halkynyň arasynda durmuş toýlary üçin edilýän uly möçberli çykdajylar barada gürrüň gozgalýar, olaryň ýerlikliligi sorag astyna alynýar.
added October 12 at 18:30
Hepdäniň jemi #41 (12.10.2019 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Aşgabatda azeri we ermeni liderleriniň arasynda ‘gahrymanlar’ meselesinde dörän gapma-garşylyk, Kremliň II Jahan urşuny sowet döwründäki ýaly dabaralandyrmak ugrunda edýän tagallalary we onuň arkasynda niýet, GDA ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Owganystana ýetirýän täsirleri baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
added October 12 at 09:00
В Мары планируется закрытие некоторых детских садов В Мары планируется закрытие нескольких детских садов. Об это сообщают корреспонденты Азатлыка, со ссылкой на сотрудников региональных учреждений сферы образования. По словам корреспондента Азатлыка, о планах по закрытию дошкольных учреждений сообщили на собраниях, которые прошли на дня в районных управлениях образования Мары и Байрамалы. "В районных управлениях образования Мары и Байрамалы провели собрания, в которых приняли участие руководи
added October 11 at 18:30
Maryda birnäçe çagalar bagyna ýapylmak howpy abanýar Maryda birnäçe çagalar bagynyň ýapylmagy planlaşdyrylýar. Bu barada Azatlygyň regiondaky habarçylary, ýerli bilim edaralarynyň wekillerine salgylanyp habar berýärler. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, çagalar baglaryny ýapmak planlary barada Mary we Baýramaly etrap bilim müdirliklerinde geçirilen ýygnaklarda aýdylypdyr. "Mary welaýatynyň Baýramaly we Mary etrap bilim müdirliginde ýygnak geçirildi, ol ýygnaga gatnaşanlar etrap çagalar b
Show more
1 634 participants in the group
Lebapda etrap ýaşaýjylary gazyň pesliginden, oba ilaty gazyň berilmeýändiginden şikaýat edýär Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň ençeme etrabynyň ýaşaýjylary hojalyklara berilýän tebigy gaz üpjünçiliginiň juda pesliginden, oba ilaty gazyň düýbünden berilmeýändiginden şikaýat edýär. Munuň bilen bir wagtda, gaz hasaplaýjy gurallarynyň guratlygyny “Türkmenstandartlary” döwlet gullugyna barlatmaýan ýaşaýjylaryň tebigy gazy kesilýär. “Lebabyň Amyderýa, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda tebigy gazyň güýji juda pes. Gaz sähel ýanýar, onda çaý gaýnatmak ýa-da nahar bişirmek üçin käte ençeme sagadyňy sarp etmeli bolýar. Bu etraplaryň çetki obalaryna tebigy gaz düýbünden berilmeýär. Gazyň ýokdugy sebäpli oba ýaşaýjylary odun ýakyp, çaý-çörek iýýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçymyz 9-njy oktýabrda gürrüň berdi. Habarçy ýerli häkimiýetleriň etrap ýaşaýjylarynyň gaz üpjünçiliginiň pesdigi we oba ilatynyň gazyň düýbünden berilmeýändigi baradaky şikaýatlaryna oňaýly jogap bermeýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ol welaýatyň gaz edaralarynyň resmileriniň öz gaz hasaplaýjy gurallaryny “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynda barlagdan geçirmeýän raýatlaryň gazyny kesýändigini hem belledi. “Welaýat ýa-da etrap gaz edaralarynyň resmileri ýaşaýjylardan gaz hasaplaýjy enjamlaryny ‘Türkmenstandartlary’ döwlet gullugyndan geçirmegi talap edýärler. Bu gullyk gaz hasaplaýjynyň guratlygyny barlap, zawoddan çykan senesinden bäri 5 ýyl geçen bolsa, onda olary abatlatmagy talap edýär. Munuň üçin ýaşaýjylardan 400 manat soralýar. Mundan ýüz öwren ýaşaýjylara gazyny kesiljekdigi barada ilki duýduryş berilýär, soňra-da olaryň gazy kesilýär” diýip, habarçy häzirki wagt ençeme maşgalanyň gazsyz oturandygyny hem aýtdy. Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Lebap welaýatynyň gaz üpjünçilik edarasyndan we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Türkmenabatdaky ofisinden kommentariý alyp bilmedi. Türkmenistan özüniň gaz baýlygy boýunça dünýäde ilkinji orunlarda ýerleşdirilýär. Munuň bilen bir wagtda, türkmen hökümeti ýurtda her ýyl milliardlarça kub metr möçberinde türkmen gazynyň çykarylýandygyny wagtal-wagtal tekrarlaýar. Türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal.com neşiriniň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda Türkmenistanda 35,6 milliard kub metr tebigy we ugurdaş gaz öndürildi. Gürrüňi gidýän döwür içinde daşary ýurda 18,3 milliard kub metr türkmen gazy hem eksport edildi. Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň habarçylary indi köp ýyllardan bäri ýurduň dürli welaýatlarynda gaz üpjünçiliginiň pesdigini, käbir obalara tebigy gazyň asla berilmeýändigini, şol sebäpli ýaşaýjylaryň jaýlary elektrik peçlerini ýa-da odun ýakyp, ýylytmaga synanyşýandygyny habar berýärler. Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda howanyň temperaturasy gijelerine 0 gradusdan hem aşaklaýan mahaly, Mary welaýatynyň käbir daýhan birleşiklerinde gazyň güýjüniň juda pesdigini, şol sebäpli oba ýaşaýjylarynyň gündizlerine we gijelerine odun ýakyp ýylynýandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar beripdi. 2018-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş derejesiniň indi has gowulanandygyny" aýdyp, ilata çärýek asyrlap ýeňillikli bahalardan ýa-da mugt berlen hyzmatlary ýatyrdy. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ilatyň sarp edýän elektrik energiýasy, suwy we tebigy gazy tölegli edildi. Şoňky aýlarda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini öz wagtynda töläp bilmeýän raýatlaryň has köp göze ilýändigini habar berýärler. Sentýabr aýynda Wekilbazar etrabynyň “Atabaýew” daýhan birleşiginde elektrik energiýasynyň tölegini öz wagtynda geçirmedik azyndan 10 hojalygyň togunyň kesilendigi mälim boldy. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30208050.html
Log in or sign up to add a comment