added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:00
Госучреждения Мары собирают деньги «на сбор хлопка» В Марыйском велаяте у работников государственных учреждений по устному распоряжению руководства каждые 10-15 дней собирают деньги «на сбор хлопка». Как сообщил корреспондент Радио Азатлык в Мары, администрация Марыйского велаята взимает с каждого государственного учреждения, расположенного на территории региона определённую сумму. «Например, каждая школа, каждый детский сад каждые 15 дней должны собрать по 4000 манатов, этрапская больница со
added yesterday at 17:30
Çilim ýene-de gymmatlap başlady: Lebapda 1 guty çilim 150 manada, Balkanda 200 manada çenli çykdy Türkmenistanyň dürli regionlarynda temmäki önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy täzeden ýüze çykyp başlady. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde habar berýärler. Lebap welaýatynda ýerleşýän döwlete degişli bolmadyk hususy söwda nokatlarda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat we Serdar şäherlerinde temmäk
added yesterday at 17:00
Türkmenistanda sarygetirme keseli ýaýraýar Türkmenistanda ilatyň arasynda gepatit ýaýraýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlaryndaky ýagdaý barada habar berýärler. "Daşoguz welaýatynda "A" gepatitiniň hakyky epidemiýasy bar. Esasan ýetginjekler we çagalar keselleýärler. Ulularyň arasynda az. Şuňa meňzeş ýagdaý soňky gezek üç ýyl mundan öň döräpdi" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy aýdýar. Habarçymyz, anonim şertlerde gürlän ýerli lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň
added yesterday at 16:00
В Мары хлопковое масло подорожало в три раза 5 октября в городе Мары, в подвальных магазинах рынка «Гок базар», расположенного на улице Молланепеса с 5:00 до 7:30 утра продавалось неочищенное хлопковое масло, по новой цене, превышающей предыдущую в три раза. Неделей ранее литр масла продавался за 2 маната 60 тенге ($0,7), в субботу же литр масла продавали за 7 манат 60 тенге. Кроме более высокой цены от покупателей требовали вместе с хлопковым маслом купить просроченное сливочное масло. Об эт
added yesterday at 15:30
Ýurt boýunça dowam edýän pagta ýygym möwsüminde býujet işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnalýar Mary welaýatynda ýerleşýän döwlet edara kärhanalarynda işgärlerden “pagta ýygym üçin” dilden görkezme esasynda her 10-15 günden bir gezek pul ýygnalýar. Bu maglumatyň jikme-jikligini Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 14-nji oktýabrda habar berdi. Habarçynyň tassyklamagyna görä, welaýatyň çäginde ýerleşýän her bir döwlet edara-kärhanasy üçin M
added yesterday at 15:19
Marynyň döwlet dükanlarynda un paýlandy, emma hemmä ýetmedi Marynyň döwlet dükanlarynda uzak arakesmeden soň un satylyp başlandy. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, dükanlarda uly nobat döredi, emma unuň ilata çäkli möçberde satylmagyna garamazdan, alyjylaryň hemmesine ýetmändir. "​Anna güni Mary şäherinde döwlet dükanlarynda un paýlandy. Emma şonda un hemme adamlara ýetmedi, ýetmedik adamlara birinji güni habar tutup görüň diýip aýtdylar. Ýöne şu gün un gelmedi" diýip, habarçymyz Marynyň dükanl
added October 13 at 18:30
Käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda toý-dabaralary geçirmeklik düzgünleşdirilýär. Türkmenistanda nähili? Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen halkynyň arasynda durmuş toýlary üçin edilýän uly möçberli çykdajylar barada gürrüň gozgalýar, olaryň ýerlikliligi sorag astyna alynýar.
added October 12 at 18:30
Hepdäniň jemi #41 (12.10.2019 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Aşgabatda azeri we ermeni liderleriniň arasynda ‘gahrymanlar’ meselesinde dörän gapma-garşylyk, Kremliň II Jahan urşuny sowet döwründäki ýaly dabaralandyrmak ugrunda edýän tagallalary we onuň arkasynda niýet, GDA ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Owganystana ýetirýän täsirleri baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
added October 12 at 09:00
В Мары планируется закрытие некоторых детских садов В Мары планируется закрытие нескольких детских садов. Об это сообщают корреспонденты Азатлыка, со ссылкой на сотрудников региональных учреждений сферы образования. По словам корреспондента Азатлыка, о планах по закрытию дошкольных учреждений сообщили на собраниях, которые прошли на дня в районных управлениях образования Мары и Байрамалы. "В районных управлениях образования Мары и Байрамалы провели собрания, в которых приняли участие руководи
added October 11 at 18:30
Maryda birnäçe çagalar bagyna ýapylmak howpy abanýar Maryda birnäçe çagalar bagynyň ýapylmagy planlaşdyrylýar. Bu barada Azatlygyň regiondaky habarçylary, ýerli bilim edaralarynyň wekillerine salgylanyp habar berýärler. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, çagalar baglaryny ýapmak planlary barada Mary we Baýramaly etrap bilim müdirliklerinde geçirilen ýygnaklarda aýdylypdyr. "Mary welaýatynyň Baýramaly we Mary etrap bilim müdirliginde ýygnak geçirildi, ol ýygnaga gatnaşanlar etrap çagalar b
Show more
1 634 participants in the group
Aşgabadyň çagalar bagynyň körpelerini sirke äkitjek diýip aldadylar Aşgabadyň №90 çagalar bagynyň işgärleri körpeleri sirke äkitmek wadasynda tapylmadylar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary agzalan çagalar bagynda körpeleri sirke äkitmek wadasy bilen ene-atalarda pul toplanypdyr, emma olar sirke derek kino alnyp barylypdyr. - Geçen hepdede anna güni Aşgabadyň Ata Gowşudow köçesinde ýerleşýän №90 çagalar bagynda terbiýelenýänleri sirke äkitjek diýip aldadylar we "Aşgabat" kinoteatryna äkidip, "Winni Puh" multfilmini görkezdiler. Munuň üçin çagalar bagy ene-atalardan 6 manatdan pul ýygnady, - diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 7-nji oktýabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, sirke gitjegine sabyrsyzlyk bilen garaşan çagalaryň umydy puç bolupdyr, bu ýagdaý ene-atalarda uly nägilelik döredipdir. - Ene-atalar diňe bir aldaw bilen pul toplanandygyna däl, eýsem, çagalaryň aldanandygyna nägile boldular. Çagalar örän garaşypdy we olar iňňän gynandy, - diýip, Azatlygyň habarçysy ene-atalara salgylanyp habar berdi. Azatlyk Radiosy bu çagalar bagynyň ýolbaşçylary bilen habarlaşmak we olaryň çagalary sirke äkitmek wadasyny berjaý etmänliginiň sebäbini anyklap bilmedi. Emma käbir ene-atalar çagalar bagynyň işgärleriniň çagalary sirke äkitmek planynyň başdan bolmandygyny çak edýärler. Sebäbi çagalar bagynda ene-atalardan bilet üçin soralan puluň möçberi Aşgabadyň sirkine biletleriň bahasyndan has az bolupdy. - Men sirkde edil häzir nämäniň görkezilýändigini takyk bilemok, emma çagalary äkitmek başdan planlaşdyrylmandygy ähtimal, sebäbi sirke biletleriň bahasy 15-20 manatdan başlanýar - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, ene-atalar biletler üçin 6 manatdan tabşyrypdyr. Paýtagtyň "Aşgabat" kinoteatrynyň belli bir repertuary ýok. Görkeziljek film köplenç şol günüň özünde seansyň öňüsyrasynda kesgitlenýär. Üstesine, filmler ýeterlik tomaşaçy toplanan ýagdaýynda görkezilýär. - Bahalar hem tapawutlanýar, eger "Türkmenfilm" kinostudiýasynyň köne filmi bolsa, 5 manada durýar, hindi filmleri 6 manatdan. Şeýle-de, eger siz film görmäge tutuş maşgala bilen barsaňyz, emma ýeterlik tomaşaçy bolmasa, siz 10 adamyň biletini töleseňiz, size filmi hususy görnüşde görmegiňizi guramalaşdyrýarlar - diýip Azatlygyň habarçysy aýtdy. Aşgabatlylaryň ençemesiniň pikirine görä, Türkmenistanyň paýtagtynda döwrebap işleýän ýeke-täk kinoteatr "Berkarar" söwda merkezinde ýerleşýär, emma onuň repertuary hem tomaşaçylaryň isleglerini ödemeýär. - Ýeke-täk kadaly kinoteatr "Berkarar" söwda merkezinde ýerleşýär. Emma ol ýerde-de repertuar örän gowşak, iki hepde bäri "Ewerest" we "Taýna peçati drakona" atly iki sany filmi görkezýärler - diýip, Azatlygyň habarçysy adýar. Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň we çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň kino, teatra, sirke ýa-da ekskursiýa äkidilmegi Türkmenistanda ýygy-ýygydan guramalaşdyrylýar. Biletler üçin adatça ene-atalardan pul toplanýar, emma mugallymlaryň çagalary öz dynç günlerinde we öz hasabyna äkitmäge mejbur edilmegi hem seýrek däl. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30207724.html 
Log in or sign up to add a comment