added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:30
Hepdäniň jemi #38 (21.09.2019 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Warşawda geçirilýän ýyllyk adam hukuklary maslahatyna gatnaşan türkmen aktiwisti Täjigül Begmedowa bilen söhbetdeşligimizi, Türkmenistanda korrupsiýa garşy görülýän çäreler we ozalky resmileriň ‘teletobalarynyň’ arkasynda ýatan zatlar, Owganystanda geçirilýän prezident saýlawlaryna ýerli türkmenleriň gatnaşygy hakyndaky söhbetlerimizi diňlemäge çagyrýarys
added yesterday at 09:15
Marynyň polisiýasy geçmesiz ýerden geçýän pyýadalara jerime salmagyny güýçlendirdi Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygyna” bagyşlanýan biraýlyk dowam edýän mahalynda, Mary şäheriniň polisiýa işgärleri köçelerdäki geçilmesiz ýerlerden geçýän pyýadalary saklap, olara jerime salmak çärelerini güýçlendirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär. “Polisiýa işgärleri şäheriň dürli köçesinde, hususan-da, pyýadalar üçin geçelgeleriň ýok ýerlerinde b
added September 20 at 18:00
Lebapda we Maryda edara-kärhanalaryň işgärlerinden “welosiped üçin” 40 manatdan pul ýygnalýar Häkimiýetler Mary we Lebap welaýatlarynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden welosiped satyn almagy talap edýär. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary öz garamagyndakyklardan welosiped satyn almak üçin her adam başyna 40 manat möçberinde pul ýygnaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 20-nji sentýabrda habar berdi. “Edaralaryň başlykl
added September 20 at 17:44
Появилось сомнительное видео с Омрузаком Умаркулиевым, считающимся без вести пропавшим в туркменской тюрьме В интернете появилось видео, на котором показан Омрузак Умаркулиев, который пропал из поля зрения в марте 2018 года после того, как безрезультатно пытался вылететь из Ашхабада в Турцию, где обучался в университете. На видео Омурзак показан в военной форме – якобы он служит уже 17 месяцев, а его отец – Ширинбай Умаркулиев, о смерти которого сообщалось ранее, жив и здоров. Редакция Радио Аз
added September 20 at 15:00
2018-nji ýylda Türkmenistanyň 4000 raýaty Belarusa göçdi Belarusyň döwlet statistika gullugynyň ýaýradan hasabatynda Türkmenistan 2018-nji ýylda Belarusa göçen raýatlarynyň sany boýunça ikinji orunda ýerleşdirildi. Bu barada “Belarusy i Rynok” neşiri “Belstat” döwlet gullugyna salgylanyp, 18-nji sentýabrda habar berdi. “2018-nji ýylda Türkmenistanyň 4001 sany raýaty Belarusa göçüp geldi. Bu sanyň aglaba bölegini türkmenistanly studentler emele getirýär” diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar. Hab
added September 20 at 14:00
Aktiwistler Türkmenistanyň türmede ýitenler barada beren wadasyny ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar Halkara hukuk kampaniýasy ÝGGH-nyň Warşawadaky adam hukuklary konferensiýasynda Türkmenistanyň öz türme ulgamynda adamlaryň zorlukly ýitirim edilmegine ýol bermezlik barada beren wadalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýtdy. Netijede, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy halkara jemgyýetçiligini, öz sözleri bilen aýtsak, Türkmenistanyň “sistemalaýyn” döwlet praktikasyna öwrülen ýitirim edilmeleri bes
added September 20 at 13:30
Aşgabatda öýsüz haýwanlaryň ‘awlanmagynyň’ fonunda alabaý itleriniň hojalyk jemgyýeti açyldy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň fonunda, türkmen häkimiýetleri Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumyny açdy. 18-nji sentýabrda bu toplumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary, ýaşulular, talyp we okuwçy ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar bilen bir hatarda, prezide
added September 20 at 13:00
Солдат, служащих в Лебапе, отправили на хлопок и забыли про них Солдат, проходящих срочную военную службу в городе Керки Лебапского велаята, в прошлом месяце отправили на сбор хлопка. Но их держат в тяжёлых условиях, неотопляемых палатках без нормального питания, из-за чего они обращаются за помощью к родителям. Об этом корреспонденту Радио Азатлык в Балканском велаяте рассказали родители нескольких солдат, проходящих службу в городе Керки. «Воинскую часть, где они служат с прошлого месяца от
added September 20 at 12:22
Maryly kärendeçiler harmana pagta tabşyranlarynda ‘talanýandyklaryny’ aýdýarlar Maryly daýhanlaryň ençemesi döwlet tarapyndan pagta hasyly kabul edilende pagtanyň möçberiniň, agramynyň azaldyp ýazylýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär. Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly pagtaçy daýhanlaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleri pagtanyň çyglygyny, hapal
added September 20 at 12:17
Органы безопасности усилили давление на верующих с целью вербовки осведомителей В городе Мары сотрудники велаятского управления министерства национальной безопасности снова усилили давление на граждан, регулярно посещающих мечеть для молитвы. Об этом 18 сентября сообщил корреспондент Радио Азатлык в Марыйском велаяте. По его словам, в эти дни некоторые верующие жители Марыйского велаята приглашаются в управление министерства национальной безопасности для допроса. «Сегодня я поговорил с одним 5
Show more
1 601 participants in the group
Türkmen kartlaryndan peýdalanmakdaky kynçylyklaryň fonunda, Berdimuhamedow bank ulgamyny ösdürmegi maslahat etdi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt banklary hem-de halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda ýurduň ykdysady ulgamynda maýa goýum hyzmatlaryny ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Prezidentiň eden bu çykyşy Türkiýedäki bankomatlaryň türkmen bank kartlaryny “ýuwudýandygy”, eýesine gaýtarylmaýandygy baradaky habarlaryň peýda bolan, şeýle-de ýurduň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiliginiň we olaryň öňünde uly nobatlaryň dowam edýän mahalyna gabat geldi. 10-njy sentýabrda döwlet baştutany Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň gatnaşmagynda bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri, sanly ykdysadyýete geçmek baradaky maksatnama ara alnyp maslahatlaşyldy. Berdimuhamedow “daşary ýurt banklary hem-de halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda... eýýäm däp bolan gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny” belledi. “Nagt pul dolanyşygyny azaltmak we döwrebap tehnologiýalar bilen birlikde töleg kartlaryna daýanýan nagt däl hasaplaşyklaryň gurallaryny ornaşdyrmak häzir geljegi uly ugurlaryň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, şeýle gurallary peýdalanmak bilen amala aşyrylýan maliýe amallaryny kadalaşdyryjy düzgünleri döwrebaplaşdyrmaga jogapkärli çemeleşmek zerurdyr” diýip, TDH türkmen lideriniň sözlerini sitirledi. Şeýle-de, prezident Internet ulgamynyň we ykjam aragatnaşygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň hasabyna ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek gerekdigini hem aýtdy. Ýygnagyň barşynda Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow “bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler” barada hasabat berdi diýlip, remi metbugatyň habarynda aýdylsa-da, onuň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Berdimuhamedowyň bank ulgamyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahaty Türkiýedäki bankomatlaryň türkmen bank kartlaryny yzyna gaýtaryp bermeýändigi barada maglumatlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi. “Türkiýäniň Stambul şäherinde bankomatlar Türkmenistanyň banklaryndan berlen kartlary “ýuwudýar”; käbir türk banklarynyň şahamçalary türkmenistanlylaryň Türkiýedäki bankomatlar tarapyndan “ýuwdulan” kartlaryny yzyna gaýtaryp bermeýärler” diýip, efirde özüni Mergen diýip tanyşdyran türkmen studenti aýtdy. Ol Azatlyga ýetiren maglumatynda onlarça türkmen studentiniň şeýle kynçylyklary başdan geçirýändiklerini habar berdi. Mergen 23-nji awgustda Türkiýäniň “Iş bankynyň” Stambulda ýerleşýän şahamçalarynyň birindäki bankomatdan türkmen karty arkaly pul nagtlaşdyrmaga synanyşýar, ýöne bu netijesiz bolýar. “Bankomat kartymy ýuwutdy. Iş bankyň şahamçasyna barsam, olar kartymy bermeýärler. Iş bankyň işgäri özleriniň bu mesele bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen habarlaşandyklaryny, türkmen banklarynyň ýuwdulan kartlary yzyna bermezligi tabşyrandygyny aýtdy” diýip, Mergen gürrüň berdi. Azatlyk Radiosyna Türkiýedäki türkmen studentleriniň başdan geçirýän bu ýagdaýlarynyň türkmen häkimiýetleriniň “halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýändigi" aýdylýan çäreleri baglanyşyklydygyny ýa-da däldigini anyklamak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi. Galyberse-de, tomus aýynyň başyndan bäri Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky bankomatlarda nagt puluň ýeterlik derejede tapdyrmazlygy bilen bagly ýagdaý dowam edýär. Ýüzlerçe adamdan ybarat ilat köpçüligi öz pullaryny nagtlaşdyrmak üçin käte ençeme sagatlap, käte-de ençeme günläp nobata durmaly bolýarlar. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30158400.html 
Log in or sign up to add a comment