added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:30
Hepdäniň jemi #38 (21.09.2019 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Warşawda geçirilýän ýyllyk adam hukuklary maslahatyna gatnaşan türkmen aktiwisti Täjigül Begmedowa bilen söhbetdeşligimizi, Türkmenistanda korrupsiýa garşy görülýän çäreler we ozalky resmileriň ‘teletobalarynyň’ arkasynda ýatan zatlar, Owganystanda geçirilýän prezident saýlawlaryna ýerli türkmenleriň gatnaşygy hakyndaky söhbetlerimizi diňlemäge çagyrýarys
added yesterday at 09:15
Marynyň polisiýasy geçmesiz ýerden geçýän pyýadalara jerime salmagyny güýçlendirdi Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygyna” bagyşlanýan biraýlyk dowam edýän mahalynda, Mary şäheriniň polisiýa işgärleri köçelerdäki geçilmesiz ýerlerden geçýän pyýadalary saklap, olara jerime salmak çärelerini güýçlendirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär. “Polisiýa işgärleri şäheriň dürli köçesinde, hususan-da, pyýadalar üçin geçelgeleriň ýok ýerlerinde b
added September 20 at 18:00
Lebapda we Maryda edara-kärhanalaryň işgärlerinden “welosiped üçin” 40 manatdan pul ýygnalýar Häkimiýetler Mary we Lebap welaýatlarynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden welosiped satyn almagy talap edýär. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary öz garamagyndakyklardan welosiped satyn almak üçin her adam başyna 40 manat möçberinde pul ýygnaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 20-nji sentýabrda habar berdi. “Edaralaryň başlykl
added September 20 at 17:44
Появилось сомнительное видео с Омрузаком Умаркулиевым, считающимся без вести пропавшим в туркменской тюрьме В интернете появилось видео, на котором показан Омрузак Умаркулиев, который пропал из поля зрения в марте 2018 года после того, как безрезультатно пытался вылететь из Ашхабада в Турцию, где обучался в университете. На видео Омурзак показан в военной форме – якобы он служит уже 17 месяцев, а его отец – Ширинбай Умаркулиев, о смерти которого сообщалось ранее, жив и здоров. Редакция Радио Аз
added September 20 at 15:00
2018-nji ýylda Türkmenistanyň 4000 raýaty Belarusa göçdi Belarusyň döwlet statistika gullugynyň ýaýradan hasabatynda Türkmenistan 2018-nji ýylda Belarusa göçen raýatlarynyň sany boýunça ikinji orunda ýerleşdirildi. Bu barada “Belarusy i Rynok” neşiri “Belstat” döwlet gullugyna salgylanyp, 18-nji sentýabrda habar berdi. “2018-nji ýylda Türkmenistanyň 4001 sany raýaty Belarusa göçüp geldi. Bu sanyň aglaba bölegini türkmenistanly studentler emele getirýär” diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar. Hab
added September 20 at 14:00
Aktiwistler Türkmenistanyň türmede ýitenler barada beren wadasyny ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar Halkara hukuk kampaniýasy ÝGGH-nyň Warşawadaky adam hukuklary konferensiýasynda Türkmenistanyň öz türme ulgamynda adamlaryň zorlukly ýitirim edilmegine ýol bermezlik barada beren wadalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýtdy. Netijede, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy halkara jemgyýetçiligini, öz sözleri bilen aýtsak, Türkmenistanyň “sistemalaýyn” döwlet praktikasyna öwrülen ýitirim edilmeleri bes
added September 20 at 13:30
Aşgabatda öýsüz haýwanlaryň ‘awlanmagynyň’ fonunda alabaý itleriniň hojalyk jemgyýeti açyldy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň fonunda, türkmen häkimiýetleri Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumyny açdy. 18-nji sentýabrda bu toplumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary, ýaşulular, talyp we okuwçy ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar bilen bir hatarda, prezide
added September 20 at 13:00
Солдат, служащих в Лебапе, отправили на хлопок и забыли про них Солдат, проходящих срочную военную службу в городе Керки Лебапского велаята, в прошлом месяце отправили на сбор хлопка. Но их держат в тяжёлых условиях, неотопляемых палатках без нормального питания, из-за чего они обращаются за помощью к родителям. Об этом корреспонденту Радио Азатлык в Балканском велаяте рассказали родители нескольких солдат, проходящих службу в городе Керки. «Воинскую часть, где они служат с прошлого месяца от
added September 20 at 12:22
Maryly kärendeçiler harmana pagta tabşyranlarynda ‘talanýandyklaryny’ aýdýarlar Maryly daýhanlaryň ençemesi döwlet tarapyndan pagta hasyly kabul edilende pagtanyň möçberiniň, agramynyň azaldyp ýazylýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär. Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly pagtaçy daýhanlaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleri pagtanyň çyglygyny, hapal
added September 20 at 12:17
Органы безопасности усилили давление на верующих с целью вербовки осведомителей В городе Мары сотрудники велаятского управления министерства национальной безопасности снова усилили давление на граждан, регулярно посещающих мечеть для молитвы. Об этом 18 сентября сообщил корреспондент Радио Азатлык в Марыйском велаяте. По его словам, в эти дни некоторые верующие жители Марыйского велаята приглашаются в управление министерства национальной безопасности для допроса. «Сегодня я поговорил с одним 5
Show more
1 601 participants in the group
Türkmen bank kartlaryny türk bankomatlary ýuwudýar, kartlar eýesine gaýtarylmaýar, studentler kösenýär Türkiýede bilim alýan onlarça türkmenistanly student Türkmenistanyň banklaryndan alan Visa bank kartlary arkaly pul nagtlaşdyrmakda özleriniň dürli kynçylyklara duçar bolýandyklaryny aýdyp şikaýat edýärler. Olaryň maglumatlaryna görä käbir türk banklary türkmenistanlylaryň bankomatlar tarapyndan ýuwdulan bank kartlaryny yzyna gaýtaryp bermeýär. 10-njy sentýabrda Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly habarlaşan bir türkmen studenti Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankyndan berlen Visa töleg kartyndan özüniň Türkiýede pul nagtlaşdyrmak synanyşyklary barada maglumat berdi. Ol howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde Mergen diýip tutulmagyny sorady. Mergeniň maglumatyna görä, Türkiýäniň Stambul şäherinde bankomatlar Türkmenistanyň banklaryndan berlen kartlary “ýuwudýar”; käbir türk banklarynyň şahamçalary türkmenistanlylaryň Türkiýedäki bankomatlar tarapyndan “ýuwdulan” kartlaryny yzyna gaýtaryp bermeýärler. Ol Azatlyga ýetiren maglumatynda onlarça türkmen studentiniň şeýle kynçylyklary başdan geçirýändiklerini habar berdi. Mergen 19-njy awgustda Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Halk bankyň” Stambuldaky bankomatlarynyň birinden Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan berlen Visa karty arkaly pul nagtlaşdyrmaga synanyşýar. Ýöne onuň bank hasabynda, öz sözlerine görä, ýeterlik derejede maliýe serişdesi bolandygyna garamazdan pul nagtlaşdyrmak synanyşygy netije bermeýär. Türkmenistanyň banklaryndan berlen bank kartlary arkaly häzirki wagtda daşary döwletlerde bir gije-gündiziň dowamynda Türkiýede takmynan 20 dollar möçberinde pul nagtlaşdyryp bolýar. Türkmen banklarynyň VISA kart çäklendirmeleri ilaty täze usullary oýlap tapmaga mejbur edýär Mergen 23-nji awgustda ýene-de Türkiýäniň “Iş bankynyň” Stambulda ýerleşýän şahamçalarynyň birindäki bankomatdan türkmen karty arkaly pul nagtlaşdyrmaga synanyşýar, ýöne bu hem netijesiz bolýar. “Bankomat kartymy ýuwutdy. Iş bankyň şahamçasyna barsam, olar kartymy bermeýärler” diýip, Mergen gürrüň berýär. “Iş bankyň işgäri özleriniň bu mesele bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen habarlaşandyklaryny, türkmen banklarynyň ýuwdulan kartlary yzyna bermezligi tabşyrandygyny aýtdy” diýip, Mergen gürrüň berdi. Ol şeýle ýagdaýlarda 20-ä golaý türkmenistanlynyň türk banklaryna öz kartlaryny aldyrandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosynyň bu mesele bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan kommentariý almak synanyşygy häzirlikçe netije bermedi. Türkmenistanlylaryň bankomatlar tarapyndan ýuwdulan bank kartlarynyň yzyna gaýtaryp berilmezligi bilen bagly ýerli türk polisiýa edaralaryna arz etmäge çekinýändiklerini aýdýan türkmenistanly studentler, Mergeniň sözlerine görä, türk banklarynyň öz kartlaryny esassyz yzyna gaýtaryp bermeýändiklerine ynanýar. Türkmenistanyň raýatlary eýýäm iki ýyl töweregi wagt bäri Visa kartlary bilen bagly dürli kynçylyklary başdan geçirip gelýär. VISA kartlary: Türkmen bankyndaky 'býurokratik bökdençlikler' raýatlary surnukdyrýar Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň hossarlary Visa kartlarynyň üsti bilen olara Türkmenistandan maliýe serişdelerini ýeňillikli, ýagny dollaryň resmi bahasynyň esasynda ugradyp bilýärler. Ýöne onuň üçin daşary ýurtda bilim alýan student Türkmenistanyň banklaryna öz okaýan ýerini tassyklaýan güwähat tabşyrmaly. Bu dokumentleriň esasynda daşary ýurtda bilim alýan studente Türkmenistandan bank üsti bilen dollaryň resmi kursundan aýda 500 dollara ibermäge mümkinçilik döredilýär. Türkmenstanyň Merkezi Banky dollaryň manada bolan resmi gatnaşygyny 3.5 manatlygynda saklaýar. Ýurtda hereket edýän walýutanyň “gara bazarynda” 1 dollaryň bahasy onuň resmi kursundan 5-6 esse gymmatlygynyda galýar. Türkmenistanyň hökümeti şu ýylyň martyndan başlap, ýurt raýatlarynyň daşary ýurtda bilim almaklaryna degişli girizýän çäklendirmelerini güýçlendirdi. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30156394.html 
Log in or sign up to add a comment