added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added today at 10:26
На хлопковых полях Мары и Дашогуза наблюдается заболевание хлопчатника На хлопковых полях Марыйского и Дашогузского велаятов наблюдается массовое заболевание хлопчатника. Не созревшие завязи хлопчатника высыхают, а на листьях заводятся насекомые. На видео и фото, сделанных 17 августа в Марыйском велаяте Туркменистана можно видеть не выросший и заросший сорняками хлопчатник, а также высохшие завязи растений. Специалисты отмечают, что согласно агротехническим срокам сейчас период опадения цветк
added yesterday at 18:21
Türkmenistanda MHM, IIM we häkimlikleriň işgärleri ilat arasynda Günbatara garşy wagyz işlerini geçirýär Türkmenistanda häkimiýetler ilat arasynda Günbatar ýurtlaryna garşy wagyz işlerini geçirmegi dowam etdirýärler. Soňky wagtlarda Lebap welaýatynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de häkimlikleriň ýerli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ilat arasynda Günbatar ýurtlaryna, hususan-da Birleşen Ştatlaryna garşy wagyz işleri geçirilýär. Bu barada Azatlyk Radi
added yesterday at 16:00
Daşoguzda köne okuw egin-eşikleri satylýan ‘Utul bazar' meşhurlyk gazanyp başlady Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň Daşoguz welaýatynda okuw geýimlerini we esbaplaryny köne harytlaryň satylýan bazaryndan satyn alýan raýatlaryňbarha köp göze ilýändigini Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär. Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy bu ýagdaýa il arasynda “Utul bazar” diýlip atlandyrylýan we köne egin-eşik satylýan b
added yesterday at 14:57
Бюджет Туркменистана не отвечает минимальным требованиям финансовой прозрачности, считает Госдеп США Бюджет Туркменистана не отвечает минимальным требованиям финансовой прозрачности, такой вывод содержится в распространенном в среду ежегодном докладе госдепартамента США о бюджетной прозрачности иностранных государств. В документе проанализирована работа 140 правительств, которым США оказывали финансовую помощь с 1 января по 31 декабря 2018 года. 67 правительств не удовлетворяют требованиям мин
added yesterday at 13:05
Количество туркменистанцев в российских ВУЗах в этом году уменьшилось в 5 раз Федеральная служба безопасности России опубликовала статистические данные по числу иностранцев, приехавших с начала года в Россию на учебу. Издание РБК, со ссылкой на погранслужбу ФСБ сообщает, что в этом году из Туркменистана приехало 5815 студентов, это почти в пять раз меньше, чем в прошлом году. По данным Министерства образования и науки России, в 2018 году в российских высших учебных заведениях обучались более 2
added yesterday at 11:57
Stambulyň Beýoglu etrabynda türkmenistanly raýatyň jesedi tapyldy Türkiýäniň Stambul şäheriniň Beýoglu etrabyndaky taşlanan, boş bir jaýda türkmenistanly bir raýatyň jesedi tapyldy. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler. “Hürriýet” neşiriniň 16-njy awgustda çap eden habaryna görä, Beyoğlu etrabyndaky Kalýonju Kullugu etrapçasynyň Kömürjü Zeýnel köçesindäki boş binadan ýakymsyz ysyň ýaýramagy netijesinde etrapçanyň ýaşaýjylary bu barada polisiýa habar berýärler. “Polisiýa işgärleri
added yesterday at 09:00
В Туркменистане снова возник дефицит бензина Автомобилисты в Туркменистане снова столкнулись с дефицитом бензина. Как сообщает корреспондент Азатлыка в Мары в настоящее время на местных заправках пропал бензин марки А-95. "В Мары бензин марки А-95 продают в единственном месте - на заправке, расположенной на трассе Мары-Байрамалы, в других местах этого бензина нет. Везде продают только А-80 и А-92. На бензоколонках вместо А-95 наклеены надписи А-92", - сообщил 19 августа корреспондент Азатлыка
added August 19 at 18:30
Türkmenistanda onlarça raýat ýurduň daşyna okamaga we işlemäge goýberilmeýär Türkmenistanda raýatlaryň daşary döwletlere okamaga we işlemäge gitmekde kynçylyklara duçar bolýandygy, olaryň Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara goýberilmeýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki we daşyndaky habarçylary hem-de çeşmeleri habar berýärler. “Şu ýyl ýurtda diplomlary kabul edilýän daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy çap edildi. Indi şol sanawlarda rugsat berlen döwletlere-de okama
added August 19 at 17:30
Marynyň gowaça meýdanlarynda gowaçalar gunçalaryny döküp başlady. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde pagtaçy kärendeçiler gowaça ideg etmek işleriniň üpjünçiligi bilen bagly problemalardan şikaýat edýärler. Azatlyk Radiosynyň Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylary regionlaryň gowaça meýdanlarynda ideg işlerini talaba laýyk berjaý etmäge doly mümkinçilikleriniň ýokdugyny habar beýärler. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky oba hojalyk işlerinden habarly çeşmesi regionyň käbir gowaça meý
added August 19 at 16:29
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üstaşyr ýükleri daşamak bilen bagly täze kadalary işe girizýär Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üstaşyr harytlary daşamak boýunça täze düzgüni işe girizýär. Turkmenportal.com habar saýtynyň gullugyň resmi websaýtyna salgylanyp, habar bermegine görä, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň üstaşyr deklarasiýasy, mundan beýläk, gulluga täze ornaşdyrylýan utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda awtomatlaşdyrylan usulda
Show more
1 572 participants in the group
Azatlygyň habaryndan soň, ‘Türkmengazyň’ işgärleriniň aýlyklary tölendi Azatlyk Radiosynyň aýlyklaryň gijikdirilmegi barada taýýarlan habaryndan soň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary welaýatyndaky edarasynyň işgärleriniň zähmet haklary plastik bank kartlaryna geçirildi. Ýatlatsak, 23-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri “Türkmengazyň” işgärleriniň aýlyk haklarynyň gijikdirilmeginden kösenýändigini habar beripdi. “‘Türkmengaz’ işgärleriniň aýlyklaryny şu aýyň 26-na geçirdi. Mundan ozal ençeme ýyllaryň dowamynda ‘Türkmengazyň’ işgärleri her aýyň 10-na çenli aýlyklaryny alýardylar. Şu ýylyň maý aýyndan başlap bolsa, işgärleriň aýlyklaryny aýyň 20-sine geçirip başladylar. Şu aý bolsa, 26-na geçirdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň bu kärhananyň ençeme işgäri bilen söhbetdeş bolan habarçysy 31-nji iýulda gürrüň berdi. Ýöne howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy “Türkmengazyň” işgärleriniň zähmet haklary plastik bank kartlara geçirilse-de, Mary şäherindäki bankomatlarda pul ýetmezçiligi bilen baglanyşykly meseläniň saklanyp galýandygyny aýtdy. “Häzir Mary şäherinde diňe ‘Senagat’ bankdaky bankomatda pul bar, galan banklarda pul ýok. Etraplardaky bankomatlarda-da pul ýok. ‘Senagat’ bankyň öňünde adamlar irden sagat 07:00-den nobata durýarlar. Bu ýerde nobata duran adamlaryň sany gaty kän, azyndan 200-300 adamy görse bolýar. Ýöne olaryň hemmesine pul ýetenok” diýip, habarçy öň şäheriň dürli künjeginde, şol sanda söwda nokatlarynda bankomatlaryň bolandygyny, ýöne soňra olaryň ýuwaş-ýuwaşdan aýrylandygyny hem belledi. Mary şäherindäki banklaryň biriniň işgäriniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertde aýtmagyna görä, şäheriň diňe käbir bankynda bankomat bar we olaryň-da diňe käbiri işleýär. Ýöne olarda diňe 70 çemesi adama ýeter ýaly pul goýulýar. “70 çemesi adamyň ortaça aýlyk hakyna barabar bolan pul serişdesi bankomatdan çykarylandan soňra, pul gutarýar. Bank işgärleri işe sagat 08:00-da gelýär. Her bir bank işgäriniň elinde azyndan 6-7 kart, käbirinde 20 sany kart bolýar. Bank irden sagat 09:00-da açylýar, ýöne bank açylanda köplenç bankomatlardaky pul gutaran bolýar. Sebäbi bank işgärleri öz ýanlary bilen getiren kartlaryny bankomada salyp, ondaky pul serişdesini alyp gutarýarlar” diýip, maryly bank işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, bu plastik kartlar bank işgärleriniň dogan-garyndaşlaryna, tanyş-bilişlerine, dostlaryna ýa-da goňşularyna degişli bolup, olar bu adamlaryň zähmet, pensiýa, talyp haklaryny ýa-da kömek pullaryny nagtlaşdyryp berýärler. Ýöne bank işgärleri munuň üçin her plastik kart eýesinden 10 manat alyp galýar. “Işgärler bu puluň özleriniň günortanlyk naharlaryna we ulaglarynyň benzin puluna ýetýändigini aýdýarlar” diýip, bank işgäri aýtdy. Azatlyk Radiosynda bu bank we bank işgäri barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar. Şeýle-de, Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada “Türkmengaz” döwlet konserni, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň we “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Mary şäherindäki edaralary bilen habarlaşyp, kommentariý alyp bilmedi. Azatlyk Radiosy ýokarda agzalan üç banka jaň edip, Mary şäheriniň bankomatlarynda pul ýetmezçiligi we raýatlaryň öz zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigi baradaky habarlar barada kommentariý bermegi soranda, jogapkär bank resmileri dessine telefony taşladylar. Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklardan ejir çekýändigi aýdylýan Türkmenistanda bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygy ýa-da olaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar barada Azatlyk Radiosy şu aýyň birinji ongünlüginden bäri azyndan alty gezek habar berdi. Häzirki wagt türkmenistanlylar öz plastik bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny, talyp we pensiýa haklaryny, şeýle-de kömek pullaryny diňe bankomatlar arkaly nagtlaşdyryp bilýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda nagt däl söwdanyň hem kadaly ýola goýulmandygyny aýdýarlar. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi websaýtynda berlen maglumata görä, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurduň banklaryndan berlen bank kartlarynyň sany 3 milliondan geçipdir we ýurt boýunça hyzmat edýän bankomatlaryň sany 2200-e golaý bolupdyr. Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ýurduň bankomatlarynda emele gelýän nagt pul ýetmezçiliginiň sebäpleri we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada düşündiriş ýa-da maglumat bilen çykyş etmän gelýärler. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30085187.html 
Log in or sign up to add a comment