added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:21
Türkmenistanda MHM, IIM we häkimlikleriň işgärleri ilat arasynda Günbatara garşy wagyz işlerini geçirýär Türkmenistanda häkimiýetler ilat arasynda Günbatar ýurtlaryna garşy wagyz işlerini geçirmegi dowam etdirýärler. Soňky wagtlarda Lebap welaýatynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de häkimlikleriň ýerli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ilat arasynda Günbatar ýurtlaryna, hususan-da Birleşen Ştatlaryna garşy wagyz işleri geçirilýär. Bu barada Azatlyk Radi
added yesterday at 16:00
Daşoguzda köne okuw egin-eşikleri satylýan ‘Utul bazar' meşhurlyk gazanyp başlady Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň Daşoguz welaýatynda okuw geýimlerini we esbaplaryny köne harytlaryň satylýan bazaryndan satyn alýan raýatlaryňbarha köp göze ilýändigini Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär. Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy bu ýagdaýa il arasynda “Utul bazar” diýlip atlandyrylýan we köne egin-eşik satylýan b
added yesterday at 14:57
Бюджет Туркменистана не отвечает минимальным требованиям финансовой прозрачности, считает Госдеп США Бюджет Туркменистана не отвечает минимальным требованиям финансовой прозрачности, такой вывод содержится в распространенном в среду ежегодном докладе госдепартамента США о бюджетной прозрачности иностранных государств. В документе проанализирована работа 140 правительств, которым США оказывали финансовую помощь с 1 января по 31 декабря 2018 года. 67 правительств не удовлетворяют требованиям мин
added yesterday at 13:05
Количество туркменистанцев в российских ВУЗах в этом году уменьшилось в 5 раз Федеральная служба безопасности России опубликовала статистические данные по числу иностранцев, приехавших с начала года в Россию на учебу. Издание РБК, со ссылкой на погранслужбу ФСБ сообщает, что в этом году из Туркменистана приехало 5815 студентов, это почти в пять раз меньше, чем в прошлом году. По данным Министерства образования и науки России, в 2018 году в российских высших учебных заведениях обучались более 2
added yesterday at 11:57
Stambulyň Beýoglu etrabynda türkmenistanly raýatyň jesedi tapyldy Türkiýäniň Stambul şäheriniň Beýoglu etrabyndaky taşlanan, boş bir jaýda türkmenistanly bir raýatyň jesedi tapyldy. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler. “Hürriýet” neşiriniň 16-njy awgustda çap eden habaryna görä, Beyoğlu etrabyndaky Kalýonju Kullugu etrapçasynyň Kömürjü Zeýnel köçesindäki boş binadan ýakymsyz ysyň ýaýramagy netijesinde etrapçanyň ýaşaýjylary bu barada polisiýa habar berýärler. “Polisiýa işgärleri
added yesterday at 09:00
В Туркменистане снова возник дефицит бензина Автомобилисты в Туркменистане снова столкнулись с дефицитом бензина. Как сообщает корреспондент Азатлыка в Мары в настоящее время на местных заправках пропал бензин марки А-95. "В Мары бензин марки А-95 продают в единственном месте - на заправке, расположенной на трассе Мары-Байрамалы, в других местах этого бензина нет. Везде продают только А-80 и А-92. На бензоколонках вместо А-95 наклеены надписи А-92", - сообщил 19 августа корреспондент Азатлыка
added August 19 at 18:30
Türkmenistanda onlarça raýat ýurduň daşyna okamaga we işlemäge goýberilmeýär Türkmenistanda raýatlaryň daşary döwletlere okamaga we işlemäge gitmekde kynçylyklara duçar bolýandygy, olaryň Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara goýberilmeýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki we daşyndaky habarçylary hem-de çeşmeleri habar berýärler. “Şu ýyl ýurtda diplomlary kabul edilýän daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy çap edildi. Indi şol sanawlarda rugsat berlen döwletlere-de okama
added August 19 at 17:30
Marynyň gowaça meýdanlarynda gowaçalar gunçalaryny döküp başlady. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde pagtaçy kärendeçiler gowaça ideg etmek işleriniň üpjünçiligi bilen bagly problemalardan şikaýat edýärler. Azatlyk Radiosynyň Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylary regionlaryň gowaça meýdanlarynda ideg işlerini talaba laýyk berjaý etmäge doly mümkinçilikleriniň ýokdugyny habar beýärler. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky oba hojalyk işlerinden habarly çeşmesi regionyň käbir gowaça meý
added August 19 at 16:29
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üstaşyr ýükleri daşamak bilen bagly täze kadalary işe girizýär Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üstaşyr harytlary daşamak boýunça täze düzgüni işe girizýär. Turkmenportal.com habar saýtynyň gullugyň resmi websaýtyna salgylanyp, habar bermegine görä, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň üstaşyr deklarasiýasy, mundan beýläk, gulluga täze ornaşdyrylýan utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda awtomatlaşdyrylan usulda
added August 19 at 15:15
Maryda gowaçalar gunçasyny dökýär Döwlet eýeçiligindäki medianyň berýän umytly maglumatlaryna garamazdan, Türkmenistanda bu ýyl hem pagta hasylynyň garaşylyşyndan pes boljagyny aňladýan maglumatlar gelip gowuşýar. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan hünärmen bu sebitde gowaçalaryň köpçülikleýin gunça dökýändigini gürrüň berdi.
Show more
1 572 participants in the group
Şaýatlar: 10-njy etrapçadaky partlama netijesinde azyndan 20 adam wepat boldy Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň şaýatlara salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, 16-njy iýulda paýtagtyň 10-njy etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýda bolan partlama zerarly azyndan ençeme adam heläk bolupdyr. Partlan jaýyň we goňşulykdaky jaýlaryň ýaşaýjylarynyň gürrüň bermegine görä, partlamanyň yzýany diňe birinji günüň dowamynda halas edijiler harabalykdan azyndan 20 jeset çykarypdyr. Halas ediş işleri bäş günüň dowamynda geçirilipdir. - Adamlar haltalara salnan jesetleriň çykarylandygyny gördüler, soňam ýene tapyp çykardylar. Golaýda Daşoguz bazary bar, köpler şol ýerde resmi we resmi bolmadyk görnüşde işleýärdi. Birinji gatda toýa gelen myhman köpdi. Gelin hem heläk bolupdyr. Jaýyň bir tarapynda uly weýrançylygy görmek mümkin, beýleki tarapynda 1-nji we 3-nji gatlarda köp görünmeýär. Soňky jesedi bäş günden çykardylar - diýip, habarçymyz 29-njy iýulda habar berdi. Azatlyk Radiosy partlamaly wakanyň alty şaýady bilen gepleşip bildi. - Jaýyň bir böleginiň aşagynda uzak wagtlap bir çaganyň aglandygyny gürrüň berdiler, emma ony halas edip bilmediler. Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň ukyby ýeterlik bolmandyr - diýip, habarçymyz jaý partlamasyna şaýat bolan adamlara salgylanyp habar berdi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň häkimliginden we Içeri işler ministrliginden resmi maglumat almak boýunça eden ençeme synanyşygy häzirlikçe netije bermedi. Aşgabadyň 10-njy etrapçasynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýda partlama 16-njy iýulda boldy. Şonda turkmen.news neşri adam pidalarynyň bolandygyny habar beripdi. Soňra partlama dörän öýüniň eýesiniň aradan çykandygy, onuň aýalynyň ýagdaýynyň agyrdygy mälim boldy. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, betbagtçylyk ýüze çykansoň ýaşaýjylardan jaýy terk etmek soralypdyr. - Diri galanlar üçin howluda çadyrlary dikdiler, emma sowadyjy bolmansoň, olaryň içinde galar ýaly däldi. Goňşy jaýlaryň ýaşaýjylary olara suw, azyk we geýim eltip berdiler. Köpler öz emläginden mahrum boldy - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar. ​Mundan öň Türkmenistanyň hökümetçi saýtlarynyň biri parlamadan ejir çeken ýaşaýjylara döwlet tarapyndan kömek we jaý berlendigini habar berip, wideo ýerleşdirdi. Emma şol reportažda partlamanyň pidalary we weýrançylygy agzalmady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri, partlamada heläk bolanlary gözlemek işleriniň jaýda resmi hasaba alynmadyk adamlaryň ençemesiniň ýaşandygy sebäpli agyrlaşandygyny aýdýarlar. Häzirki wagtda Aşgabadyň häkimiýetleri ýerli ýaşaýjylary hasaba almak boýunça çäre geçirýärler. - Häzir tutuş etrapçada "ilat ýazuwy" ýaly barlag geçirýärler we propiskasyz ýaşaýanlary anyklaýarlar. Ejir çeken maşgalanyň resmi nikadan geçmändigi anyklanypdyr we indi resmi nikadan geçmedik maşgalalary hem gözlemek işlerine has çynlakaý girişdiler. Ýagdaýlaryň birinde çagaly zenany öýünden çykardylar, şol bir wagtyň özünde-de onuň graždan adamsy we çagalarynyň kakasy häzir türmede, onuň özi bolsa, indi çagalary bilen köçede galdy - diýip, habarçymyz aýdýar. Garaşsyz habar serişdeleri ýaşaýyş jaýda bolan partlamanyň bolup biljek sebäpleriniň arasynda gazyň syzmagyny öňe sürüpdi. Aşgabadyň 10-njy etrapçasynda ýaşaýyş jaýda bolan partlamanyň käbir şaýatlary partlama dörän öýüň eýeleriniň mundan öň birnäçe gezek gazyň ysynyň gelýändigini aýdyp, gaz edarasyna jaň edendiklerini, emma hiç kimiň gelmändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda-da, habarçylarymyzyň sözlerine görä, partlamadan soň Aşgabadyň häkimiýetleri ýaşaýyş jaýlardaky gaz ölçeýjilere öz gözegçiligini güýçlendiripdir. - Öýlerde gaz ölçeýjileriň ýagdaýyny barlaýarlar munuň bilen bir wagtda-da "nädogry oturdylandygy" üçin jerime salýarlar, ýagny ölçeýjileri goýmaga zor bilen mejbur edilen wagtynda ussalaryň gurallary gyssagara pes hilli oturdandygy üçin ýaşaýjylara jerime salýarlar - diýip, habarçylarymyzyň ýene biri aýdýar. Türkmenistanda gaz ölçeýjileriň köpçülikleýin oturdylmagy, geçen ýylyň güýzünde ilata mugt gaz bermek boýunça ýeňillikleriň doly ýatyrylmagyndan soň başlanypdy. Şondan bäri ýaşaýyş jaýlarda gazyň syzmagy we ilatyň gaz edarasyna köpçülikleýin ýüz tutmagy barada ençeme gezek habar berilidi. Türkmenistanyň häkimiýetleri gazyň syzmagy bilen bagly ýagdaýlary, partlamalary we beýleki pajygaly wakalary açyk agzaman gelýärler. Bu ýagdaýlar barada döwlet mediasy hem habar bermeýär. Emma häzirki wagtda döwlet telewideniýesinde ilata gaz gurallaryny ulanmakda seresaply bolmak we gaz edaralaryna wagtynda ýüz tutmak barada yzygiderli duýduryş berilýär. 24-nji iýulda Aşgabatda we onuň eteginde bir gije-gündiziň dowamynda hem partlama, hem-de ýangyn boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we garaşsyz media serişdeleriniň habar bermegine görä, 11-nji etrapçada gaz turbasy ýarylypdyr, Aşgabadyň eteginde kagyz-karton öndürýän kärhana ýanypdyr. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30083408.html 
Log in or sign up to add a comment