added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:21
Türkmenistanda MHM, IIM we häkimlikleriň işgärleri ilat arasynda Günbatara garşy wagyz işlerini geçirýär Türkmenistanda häkimiýetler ilat arasynda Günbatar ýurtlaryna garşy wagyz işlerini geçirmegi dowam etdirýärler. Soňky wagtlarda Lebap welaýatynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de häkimlikleriň ýerli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ilat arasynda Günbatar ýurtlaryna, hususan-da Birleşen Ştatlaryna garşy wagyz işleri geçirilýär. Bu barada Azatlyk Radi
added yesterday at 16:00
Daşoguzda köne okuw egin-eşikleri satylýan ‘Utul bazar' meşhurlyk gazanyp başlady Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň Daşoguz welaýatynda okuw geýimlerini we esbaplaryny köne harytlaryň satylýan bazaryndan satyn alýan raýatlaryňbarha köp göze ilýändigini Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär. Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy bu ýagdaýa il arasynda “Utul bazar” diýlip atlandyrylýan we köne egin-eşik satylýan b
added yesterday at 14:57
Бюджет Туркменистана не отвечает минимальным требованиям финансовой прозрачности, считает Госдеп США Бюджет Туркменистана не отвечает минимальным требованиям финансовой прозрачности, такой вывод содержится в распространенном в среду ежегодном докладе госдепартамента США о бюджетной прозрачности иностранных государств. В документе проанализирована работа 140 правительств, которым США оказывали финансовую помощь с 1 января по 31 декабря 2018 года. 67 правительств не удовлетворяют требованиям мин
added yesterday at 13:05
Количество туркменистанцев в российских ВУЗах в этом году уменьшилось в 5 раз Федеральная служба безопасности России опубликовала статистические данные по числу иностранцев, приехавших с начала года в Россию на учебу. Издание РБК, со ссылкой на погранслужбу ФСБ сообщает, что в этом году из Туркменистана приехало 5815 студентов, это почти в пять раз меньше, чем в прошлом году. По данным Министерства образования и науки России, в 2018 году в российских высших учебных заведениях обучались более 2
added yesterday at 11:57
Stambulyň Beýoglu etrabynda türkmenistanly raýatyň jesedi tapyldy Türkiýäniň Stambul şäheriniň Beýoglu etrabyndaky taşlanan, boş bir jaýda türkmenistanly bir raýatyň jesedi tapyldy. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler. “Hürriýet” neşiriniň 16-njy awgustda çap eden habaryna görä, Beyoğlu etrabyndaky Kalýonju Kullugu etrapçasynyň Kömürjü Zeýnel köçesindäki boş binadan ýakymsyz ysyň ýaýramagy netijesinde etrapçanyň ýaşaýjylary bu barada polisiýa habar berýärler. “Polisiýa işgärleri
added yesterday at 09:00
В Туркменистане снова возник дефицит бензина Автомобилисты в Туркменистане снова столкнулись с дефицитом бензина. Как сообщает корреспондент Азатлыка в Мары в настоящее время на местных заправках пропал бензин марки А-95. "В Мары бензин марки А-95 продают в единственном месте - на заправке, расположенной на трассе Мары-Байрамалы, в других местах этого бензина нет. Везде продают только А-80 и А-92. На бензоколонках вместо А-95 наклеены надписи А-92", - сообщил 19 августа корреспондент Азатлыка
added August 19 at 18:30
Türkmenistanda onlarça raýat ýurduň daşyna okamaga we işlemäge goýberilmeýär Türkmenistanda raýatlaryň daşary döwletlere okamaga we işlemäge gitmekde kynçylyklara duçar bolýandygy, olaryň Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara goýberilmeýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki we daşyndaky habarçylary hem-de çeşmeleri habar berýärler. “Şu ýyl ýurtda diplomlary kabul edilýän daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy çap edildi. Indi şol sanawlarda rugsat berlen döwletlere-de okama
added August 19 at 17:30
Marynyň gowaça meýdanlarynda gowaçalar gunçalaryny döküp başlady. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde pagtaçy kärendeçiler gowaça ideg etmek işleriniň üpjünçiligi bilen bagly problemalardan şikaýat edýärler. Azatlyk Radiosynyň Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylary regionlaryň gowaça meýdanlarynda ideg işlerini talaba laýyk berjaý etmäge doly mümkinçilikleriniň ýokdugyny habar beýärler. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky oba hojalyk işlerinden habarly çeşmesi regionyň käbir gowaça meý
added August 19 at 16:29
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üstaşyr ýükleri daşamak bilen bagly täze kadalary işe girizýär Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üstaşyr harytlary daşamak boýunça täze düzgüni işe girizýär. Turkmenportal.com habar saýtynyň gullugyň resmi websaýtyna salgylanyp, habar bermegine görä, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň üstaşyr deklarasiýasy, mundan beýläk, gulluga täze ornaşdyrylýan utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda awtomatlaşdyrylan usulda
added August 19 at 15:15
Maryda gowaçalar gunçasyny dökýär Döwlet eýeçiligindäki medianyň berýän umytly maglumatlaryna garamazdan, Türkmenistanda bu ýyl hem pagta hasylynyň garaşylyşyndan pes boljagyny aňladýan maglumatlar gelip gowuşýar. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan hünärmen bu sebitde gowaçalaryň köpçülikleýin gunça dökýändigini gürrüň berdi.
Show more
1 572 participants in the group
Suw ýetmezçiliginden kösenýän lebaply pagtaçylar plan borçnamasynyň dolmazlygyndan alada edýärler Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky kärendeçi daýhanlar gowaça meýdanlary üçin suwaryş suwlarynyň ýiti ýetmezçiliginden şikaýat edýärler. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 29-njy iýulda habar berdi. “Welaýatyň Çärjew etrabynyň “Jeýhun” daýhan birleşiginiň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, suw ýetmezçiligi sebäpli gowaça ekişine girişileni bäri bu sebitdäki ekin meýdanlarynda hiç hili agrotehniki çäreleri geçirilmändir” diýip, neşir belleýär. Maglumata görä, Amyderýadan akyp gelmeli suw üçin niýetlenen suwaryş kanallaryndaky galyndylar indi köp ýyllaryň dowamynda arassalanmaýar. Şol sebäpli Amyderýadan kanallara suw gelse-de, gowaça meýdanlaryna akmaýar. Neşir suwaryş suwlarynyň ýetmezçiliginiň Lebabyň Balykçy, Araplar, Uçbaş we Esgiler obalarynda hem duýulýandygyny, agronomlaryň ýagdaý barada çynlakaý alada bildirýändigini aýdýar. “Bu obalaryň ýaşaýjylary Lebap welaýat häkiminiň orunbasaryna, Çärjew etrabynyň häkimine we arçynlyga ýüzlenip, eger suwaryş suwlarynyň ýetmezçiligi baradaky mesele çözülmese, onda döwlet tarapyndan kesgitlenen pagta plan borçnamasynyň dolmajakdygyny aýdýarlar. Muňa garamazdan, ne welaýat, ne-de etrap häkimligi bu meseläni çözmäge synanyşypdyr” diýip, neşir ýazýar. Lebapda suwaryş suwlarynyň ýetmezçiliginiň duýulýandygyny Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri hem tassyklaýar. Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonym şertde söhbetdeş bolan habarçynyň sözlerine görä, gowaça meýdanlaryna seredeniňde, ýap ýa-da ýol ýakalary gök öwsüp dursa-da, ekiniň ortasynda ýa-da aňrybaşynda diňe käbir ýerlerde pagta ösýär. Habarçy pagtaçy daýhanlaryň diňe suw däl-de, tehnika ýetmezçiliginden hem kösenýändigini aýdyp, etraplardaky oba hojalyk tehnikalarynyň aglabasynyň ýokary derejeli döwlet resmileriniň kärende ýerinde işledilýändigini belleýär. “Tehnika ýetmezçiligi sebäpli daýhanlar ekin meýdanlaryny deňläp bilmeýärler. Şol sebäpli käbir kärendeçiler ekiniň beýik ýerinr hem suw ýetirjek bolup, pesdäki pagtany gark edip çüýredýärler. Hökümet işgärleri olara ‘siz kärende ýeriňize gowy seredip bilmeýärsiňiz, ýeriňiz eliňizden alnar’ diýip, haýbat atýarlar. Fosfor döküni hem öz wagtynda berilmeýär. Dökün bolanda-da, daýhanlar ony özi daşamaly. Käbir daýhanlar bu döküni eşek arabasynda birnäçe gezek gatnap, öz ekin meýdanlaryna daşaýarlar. Sebäbi ertire goýsaň, arçynlar, resmiler ony satyp gutarýarlar” diýip, habarçy 30-njy iýulda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, käbir kärendeçiler gowaça ekinlerine suwy, döküni öz wagtynda berip, tehniki çäreleri hem wagtly-wagtynda geçirmek üçin käte üç hepdeläp öýlerine gelmän, ekin meýdanlarynda çatma dikip ýaşaýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Lebap welaýatynyň we Çärjew etrabynyň häkimlikleri bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary netije bermedi. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet resmilerinden “gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi” birnäçe gezek talap edendigine garamazdan, Azatlyk Radiosy pagtaçy daýhanlaryň suw, dökün we tehnika ýetmezçiliginden kösenýändigi barada aprel aýynyň başyndan bäri ençeme gezek habar berdi. Iň soňky gezek 22-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri welaýatyň tas ähli etraplarynda we daýhan birleşiklerinde kärendeçi daýhanlaryň gowaça eken meýdanlaryna ekiş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda amala aşyrmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, olaryň hepdeläp, gije-gündiz ekin meýdanlarynyň üstünde durýandygyny gürrüň berdi. Bu habarlaryň fonunda, 2-nji iýulda “Altyn Asyr” telekanalynda Ahal we Mary welaýatlaryna degişlidigi aýdylýan gowaça meýdanlary, olarda hatarara bejergilerini geçirýän tehniki serişdeler, şeýle-de ekinleriň dökün we suw bilen üpjünçiliginiň öz wagtynda geçirilýändigi barada wideo reportaž görkezildi. Türkmenistanda köpçülikleýin gowaça ekmek işine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda we Daşoguz welaýatynyň daýhanlary biraz giç — 27-nji martda girişdiler. Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30083382.html  
Log in or sign up to add a comment