added May 14 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
added yesterday at 18:21
Türkmenistanda MHM, IIM we häkimlikleriň işgärleri ilat arasynda Günbatara garşy wagyz işlerini geçirýär Türkmenistanda häkimiýetler ilat arasynda Günbatar ýurtlaryna garşy wagyz işlerini geçirmegi dowam etdirýärler. Soňky wagtlarda Lebap welaýatynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de häkimlikleriň ýerli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ilat arasynda Günbatar ýurtlaryna, hususan-da Birleşen Ştatlaryna garşy wagyz işleri geçirilýär. Bu barada Azatlyk Radi
added yesterday at 16:00
Daşoguzda köne okuw egin-eşikleri satylýan ‘Utul bazar' meşhurlyk gazanyp başlady Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň Daşoguz welaýatynda okuw geýimlerini we esbaplaryny köne harytlaryň satylýan bazaryndan satyn alýan raýatlaryňbarha köp göze ilýändigini Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär. Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy bu ýagdaýa il arasynda “Utul bazar” diýlip atlandyrylýan we köne egin-eşik satylýan b
added yesterday at 14:57
Бюджет Туркменистана не отвечает минимальным требованиям финансовой прозрачности, считает Госдеп США Бюджет Туркменистана не отвечает минимальным требованиям финансовой прозрачности, такой вывод содержится в распространенном в среду ежегодном докладе госдепартамента США о бюджетной прозрачности иностранных государств. В документе проанализирована работа 140 правительств, которым США оказывали финансовую помощь с 1 января по 31 декабря 2018 года. 67 правительств не удовлетворяют требованиям мин
added yesterday at 13:05
Количество туркменистанцев в российских ВУЗах в этом году уменьшилось в 5 раз Федеральная служба безопасности России опубликовала статистические данные по числу иностранцев, приехавших с начала года в Россию на учебу. Издание РБК, со ссылкой на погранслужбу ФСБ сообщает, что в этом году из Туркменистана приехало 5815 студентов, это почти в пять раз меньше, чем в прошлом году. По данным Министерства образования и науки России, в 2018 году в российских высших учебных заведениях обучались более 2
added yesterday at 11:57
Stambulyň Beýoglu etrabynda türkmenistanly raýatyň jesedi tapyldy Türkiýäniň Stambul şäheriniň Beýoglu etrabyndaky taşlanan, boş bir jaýda türkmenistanly bir raýatyň jesedi tapyldy. Bu barada türk media serişdeleri habar berýärler. “Hürriýet” neşiriniň 16-njy awgustda çap eden habaryna görä, Beyoğlu etrabyndaky Kalýonju Kullugu etrapçasynyň Kömürjü Zeýnel köçesindäki boş binadan ýakymsyz ysyň ýaýramagy netijesinde etrapçanyň ýaşaýjylary bu barada polisiýa habar berýärler. “Polisiýa işgärleri
added yesterday at 09:00
В Туркменистане снова возник дефицит бензина Автомобилисты в Туркменистане снова столкнулись с дефицитом бензина. Как сообщает корреспондент Азатлыка в Мары в настоящее время на местных заправках пропал бензин марки А-95. "В Мары бензин марки А-95 продают в единственном месте - на заправке, расположенной на трассе Мары-Байрамалы, в других местах этого бензина нет. Везде продают только А-80 и А-92. На бензоколонках вместо А-95 наклеены надписи А-92", - сообщил 19 августа корреспондент Азатлыка
added August 19 at 18:30
Türkmenistanda onlarça raýat ýurduň daşyna okamaga we işlemäge goýberilmeýär Türkmenistanda raýatlaryň daşary döwletlere okamaga we işlemäge gitmekde kynçylyklara duçar bolýandygy, olaryň Aşgabadyň halkara aeroportunda uçara goýberilmeýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki we daşyndaky habarçylary hem-de çeşmeleri habar berýärler. “Şu ýyl ýurtda diplomlary kabul edilýän daşary döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy çap edildi. Indi şol sanawlarda rugsat berlen döwletlere-de okama
added August 19 at 17:30
Marynyň gowaça meýdanlarynda gowaçalar gunçalaryny döküp başlady. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde pagtaçy kärendeçiler gowaça ideg etmek işleriniň üpjünçiligi bilen bagly problemalardan şikaýat edýärler. Azatlyk Radiosynyň Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylary regionlaryň gowaça meýdanlarynda ideg işlerini talaba laýyk berjaý etmäge doly mümkinçilikleriniň ýokdugyny habar beýärler. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky oba hojalyk işlerinden habarly çeşmesi regionyň käbir gowaça meý
added August 19 at 16:29
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üstaşyr ýükleri daşamak bilen bagly täze kadalary işe girizýär Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üstaşyr harytlary daşamak boýunça täze düzgüni işe girizýär. Turkmenportal.com habar saýtynyň gullugyň resmi websaýtyna salgylanyp, habar bermegine görä, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň üstaşyr deklarasiýasy, mundan beýläk, gulluga täze ornaşdyrylýan utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda awtomatlaşdyrylan usulda
added August 19 at 15:15
Maryda gowaçalar gunçasyny dökýär Döwlet eýeçiligindäki medianyň berýän umytly maglumatlaryna garamazdan, Türkmenistanda bu ýyl hem pagta hasylynyň garaşylyşyndan pes boljagyny aňladýan maglumatlar gelip gowuşýar. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan hünärmen bu sebitde gowaçalaryň köpçülikleýin gunça dökýändigini gürrüň berdi.
Show more
1 572 participants in the group
Bagyrda jaýlary ýykylan onlarça maşgala mekdepleriň sport zallarynda ýaşaýar Ahal welaýatynyň Bagyr obasynda howly jaýlary ýykylan onlarça maşgala mekdepleriň sport zallarynda ýaşaýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär. “Geçen we ondan öňki ýyl Bagyr obasynda ýerleşýän Nusaý galasynyň golaýyndaky howly jaýlaryň ençemesi ýumruldy. Şondan bäri ýaşaýjylaryň köpüsine ne kompensasiýa tölediler, ne-de ýykylan jaýlaryna derek başga jaý berdiler. Şol sebäpli indi bir ýyldan gowrak wagt bäri jaýy ýykylan adamlaryň onlarçasy Bagyr obasyndaky mekdepleriň sport zallarynda ýaşaýar. Olaryň arasynda Çoganlyda jaýy ýykylan bir sany maşgala hem bar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy 29-njy iýulda gürrüň berdi. Mekdepleriň sport zallarynda ýaşaýan ýaşaýjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçynyň sözlerine görä, jaý ýykyşlyk amala aşyrylan mahalynda, ýaşaýjylara täze kwartiralaryň beriljekdigi wada berlipdir. Şondan soňra käbir ýaşaýjylar täze ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilen bolsa-da, olaryň aglabasyna kwartira berilmändir. Azalyk Radiosynda gürrüňi edilýän mekdepleriň ýerleşýän ýeri barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar. Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylan maglumatlar barada Ahal welaýat häkimligi we mekdepler bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi. Soňky ýyllaryň dowamynda Aşgabatda “şäheri abadanlaşdyrmak” çäreleriniň çäginde howly we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesi ýykyldy. Bu habarlaryň fonunda, Azatlyk Radiosy we hukuk guramalary hususy jaýlaryny, emlägini ýitiren käbir adamlara ençeme ýyllap ýeterlik kompensasiýa ýa-da hiç hili jaý berilmeýändigini birnäçe gezek habar berdi. Şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri paýtagtyň häkimiýetleriniň hususy eýeçilikdäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýene ençemesiniň ýykyljakdygy barada emläk eýelerine duýduryş berendigini aýtdy. “Aşgabadyň aeroportunyň golaýyndaky etrapçalaryň ýaşaýjylaryna ýene bir aýdan jaýlarynyň ýykyljakdygyny duýdurypdyrlar. Bu ýerde onlarça ýaşaýyş jaýynyň ýykylmagyna garaşylýar” diýip, habarçy bu ýerde ýaşaýan ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi. Şonda habarçy Aşgabadyň häkimiýetleriniň hususy ýaşaýyş jaýlary ýykyljak ýaşaýjylara başga ýerlerden kwartiralaryň beriljekdigi barada wada berendigini, ýöne onuň nähili esasda beriljekdiginiň aýdyň bolman galýandygyny belläpdi. Türkmenistanda ýykylýan ýaşaýyş jaýlarynyň deregine köplenç uly-uly binalar, kongres zallary, Ak öýler, sport desgalary, myhmanhanalar, kitaphanalar, Medeniýet öýleri ýa-da ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi şol gurulýan desgalaryň bir toparynyň köplenç boş durýandygy aýdýarlar. Ýurtda käbir binalaryň boş durandygyny Türkmenistanyň prezidenti hem 12-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda tassyklady. 22-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy gurluşygy dowam edýän Halkara kongres merkeziniň edil garşysynda başga bir “Maslahatlar merkeziniň” eýýäm bardygyny habar berdi. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30081680.html 
Log in or sign up to add a comment