Радио Азатлык
added May 14 2019 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
Радио Азатлык
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
Радио Азатлык
added today at 18:00
Harasat: “Henizem kömek ýok!”, Mejlisiň başlygy Lebapda, Daşary ýurtlarda protestler geçdi Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde gopan weýrançylykly apy-tupandan bäri bir aýdan hem aşa wagtyň geçmegine garamazdan, zyýan ýeten sebitleriň merkezi künjeklerinden beýleki ýerlerinde heniz hem abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Mejlisiň başlygy Lebaba sapar edip, resmileriň ilata ýeterlik ‘syýasy sowady’ öwretmeýändigini aýdyp nägile boldy. Harasatdan soň dereksiz ýiten adamlaryň ençemesiniň ykbaly heniz
Радио Азатлык
added today at 17:00
Russiýanyň döwlet telewideniýesi koronawirusyň Türkmenistandan sowa geçişi barada ýörite reportaž efire berdi, bilermenler şübheli “Tutuş dünýä COVID-19 bilen göreşe dowam edýän wagty, Türkmenistan wiruslar çölünde oazis bolmagynda galýar. Bu resmi taýdan post-sowet giňişliginde ýokançlygyň sowa geçen ýeke-täk döwletidir” diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Rossiya 24” telekanalynda 30-njy maýda efire berlen gepleşikde aýdylýar. Gepleşikde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
Радио Азатлык
added today at 16:11
Ene-atalar: Banklardaky korrupsiýa studentleri jenaýata itekleýär Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna bankyň üstünden pul iberjek bolýan raýatlaryň öňünde döredilýän emeli kösençlikleriň köpelmese, azalmaýandygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýä​r. "“Senagat bank” Akdepe we Gurbansoltan eje etraplarynyň ilatyna hyzmat edýär. Bu bankda studentlere pul ibermek meselesinde hemişe kynçylyk, problema döreýär" diýip, daşoguzly ene-atalar bilen gürleşen haba
Радио Азатлык
added today at 15:00
Harasat: “Henizem kömek ýok!”, Mejlisiň başlygy Lebapda, Daşary ýurtlarda protestler geçdi Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde gopan weýrançylykly apy-tupandan bäri bir aýdan hem aşa wagtyň geçmegine garamazdan, zyýan ýeten sebitleriň merkezi künjeklerinden beýleki ýerlerinde heniz hem abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Mejlisiň başlygy Lebaba sapar edip, resmileriň ilata ýeterlik ‘syýasy sowady’ öwretmeýändigini aýdyp nägile boldy. Harasatdan soň dereksiz ýiten adamlaryň ençemesiniň ykbaly heniz
Радио Азатлык
added today at 14:00
Berdimuhamedow galla oragyna pata berdi, harasatdan, çekirtgeden 'çekilen' zyýany agzamady Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň 6-njy maýda beren maglumatyna görä, çekirtgeler Türkmenistandan diňe Özbegistana uçup geçmeýär, eýsem Kerki etrabynyň ekin meýdanlaryna, bugdaýa hem hüjüm edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük ýeralma, bugdaý oragy we öz doglan gününiň öňünden guraljak dabaraly çäreler baradaky gürrüňleriniň arasynda, Azatlygyň maý aýynda habar beren çekirtge howpuny gytaklý
Радио Азатлык
added today at 13:13
Aşgabatda meýletinçileriň häkimiýetlerden ýaşyryn bildirýän raýdaşlygy seslenme döretdi Dünýä Türkmenleriniň bu sany paýtagtdan Lebaba meýletinçi raýatlaryň özbaşdak başlangyçlary bilen häkimiýetlerden ýaşyryn iberýän ýardamlary hem-de olara okyjylarymyzyň we diňleýjilerimiziň bildiren seslenmelerine gönükdirilýär.
Радио Азатлык
added today at 12:30
Harasatyň netijeleri baradaky maglumatlar aradan bir aý geçensoň, heniz hem gümürtikliginde galýar Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan tupandan bir aý çemesi wagt soň, onuň netijeleri we pida bolan adamlar baradaky maglumatlar heniz hem gümürtikliginde galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat gümürtikliginiň arasynda harasatyň netijelerini öwrenmäge synanyşýar. 29-njy maýda habarçymyz harasatdan soň Lebapda aradan çykan üç adam we maýyp galan bir adam barada maglumat berdi: Leb
Радио Азатлык
added today at 12:02
Ýeralma talaby güýçlenýär. Azyk nobatyna duranlar tutulýar. Polisiýada häkimiýetlerden nägilelik ösýär “Polisiýa işgärleri gije-gündiziň dowamynda 16-18 sagat işlemäge mejbur edilýär. Olaryň alýan aýlyklary 2000 manada golaý, emma bu serişdäniň ýarysy iş bilen bagly çykdajylara gidýär. Hiç bir üpjünçilik ýok, hemme zerur zady özüň satyn almaly" diýip, ofiser aýtdy. Türkmenistanda kornowirus pandemiýasy sebäpli goňşy ýurtlar bilen aradaky serhetleriň baglanmagy, ykdysadyýetiň ýeterlik diwersika
Радио Азатлык
added today at 11:38
HRW призывает Туркменистан освободить популярного артиста, приговоренного к тюрьме за то, что он гей Хьюман Райтс Вотч (Хьюман Райтс Вотч) сообщает, что популярный артист и его партнеры в Туркменистане были приговорены к тюремному заключению за то, что они геи, и призвали власти «немедленно снять» все обвинения против мужчин. HRW отмечает, что шоумен был приговорен к двум годам тюрьмы 7 мая после того, как суд признал его виновным в содомии. В апреле независимое СМИ сообщило со ссылкой на нес
Радио Азатлык
added May 30 at 17:30
Hepdäniň jemi #21 (30.05.2020 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanyň daşary ýurt banklarynda saklanylýan walýuta serişdeleri we olaryň harçlanyşyndaky aýdyňlyk meselesi; Lebapda we Maryda gopan güýçli harasatdan soňky hökümet dymyşlygy barada gurnan söhbetlerimizi diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Show more
22 May
2 057 participants in the group
Aşgabadyň mekdeplerinde okuw ýylynyň soňunda dabaralar ýatyryldy, býujet işgärleri saglyk barlagyndan geçýär Aşgabadyň mekdeplerinde okuw ýylyň tamamlanmagy mynasybetli göz öňünde tutulan dabaralar ýatyryldy. Şol bir wagtda-da, döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri paýtagtyň saglyk edaralarynda hökmany edilen saglyk barlagyndan geçmek üçin nobata durýarlar. Türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň dowamynda amala aşyrýan bu çärelerine resmi düşündiriş bermeýärler. Resmileriň sözlerine görä, ýurtda COVID-19 keseli ýok. Azatlygyň habarçysy mekdeplerde okuw ýylyň tamamlanmagyny dabaralamak üçin geçirilýän çäreleriň ýatyrylmagy baradaky kararyň 20-nji maýda paýtagtyň bilim edarasynda geçirilen maslahatda mälim edilendigini aýdýar. "Şu gün şäher bilim bölüminde ýygnak boldy. 25-nji maýda soňky jaň kakylmaly. 7:30-dan 9 çenli çagalar bilen ýygnak geçirmegi, soň olary klaslara eltip, adaty tertipde sapak geçirmegi tabşyrdylar. Olary klaslarda ýöne saklarlar. Soň çagalary öýlerine goýbererler we şäheriň içinde hiç hili gezelenç bolmaz" diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri 20-nji maýda habar berdi. Habarçylarymyzyň ýene biri şu ýyl mekdebi tamamlaýan okuwçylara okuwyň gutarmagyny bellemek boýunça dabaralaryň bolmajagynyň eýýäm habar berlendigini aýdýar. "Mekdebi gutarýanlara eýýäm yglan ediler 25-nji maýda hiç hili dabaralar bolmaz diýip. Ene-atalara olaryň şol gün mekdebe öz çagalary bilen bile gelmelidigini, soňra olary öýlerine alyp gitmelidigini duýdurdylar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 21-nji maýda habar berdi. Şu ýyl okuwyň soňundaky baýramçylyk dabaralaryň ýatyrylmagynyň sebäpleri nämälim. Şeýle-de, habarçylarymyz soňky hepdelerde paýtagtyň mekdeplerinde okuwçylaryň sapaklara gatnaşygyna uly üns bilen çemeleşilendigini aýdýarlar. "Maý aýynyň ikinji ýarymynda bilim synaglarynyň ençemesi geçirildi we hatda keselläp öýlerinde gyzdyryp ýatan çagalaryň mekdebe gatnamagy berk talap edildi, ählisiniň mekdepde bolmagyny berjaý etmek üçin" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz habar berýär. Bu aralykda döwlet edaralaryň işgärleri paýtagtyň keselhanalarynda hökmany saglyk barlagyndan geçmek üçin nobatlara düzülýärler. "Paýtagtyň keselhanalaryna býujet işgärleri çozdy, olary goşmaça saglyk barlagyndan pully geçmäge borçly etdiler. Ýüzlerçe adam nobatlarda durýar. Adatdakysy ýaly bu saglyk barlagy ýüzleý geçirilýär. Ilatdan pul almagyň nobatdaky usuly. Käbir edaralarda ýaşy 60-dan geçen işgärleri bu saglyk barlagyndan geçmekden boşatdylar" diýip, habarçymyz paýtagtyň döwlet edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, habar berdi. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden saglyk barlagyndan geçmek talaby hökmany bolup, doly olaryň öz hasabyna geçirilýär. Býujet işgärleriniň köpçülikleýin saglyk barlagyndan geçmek talaby hökümetiň tutuş ýurduň ilatynyň saglygyny barlamak planyny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi. Apreliň ortalarynda ýurduň okuw jaýlarynda okuwçylaryň we çagalar baglarynda körpeleriň saglygyny barlamak boýunça çäreler geçirildi. 5-nji maýda hökümet ilatyň saglygyny barlamagyň ikinji tapgyrynyň döwlet-edara kärhanalaryň işgärleriniň arasynda geçiriljegini, ondan soň üçünji tapgyrda ýaşy uly adamlaryň arasynda geçirmegi planlaşdyrýandygyny yglan etdi. Emma şu çaka çenli geçirlen barlaglaryň netijeleri köpçülige mälim edilmedi. Döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň şu günler saglygyny barlatmaga mejbur edilmeginiň hökümetiň köpçülikleýin saglyk barlagyny geçirmek planlary we COVID-19 keselini anyklamak boýunça çäreleri bilen bagly bolup-bolmazlygyny Türkmenistanyň resmilerinden anyklap bolmady. Türkmenistanyň ýolbaşçylary ählihalk saglyk barlagy baradaky kararyny 5-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda yglan etdi. Türkmen hökümeti şol maslahatda ýurduň COVID-19 keseline garşy strategiýasyna seredipdi. Saglyk barlagynyň maliýe üpjünçiliginiň çeşmesi anyklaşdyrylmandy. Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýarlar. Şol bir wagtda-da, bu keseliň ýaýramazlygy üçin "ählitaraplaýyn taýýarlygyň ýokary derejede" görlendigini öňe sürýärler. Üstesine, ýurt resmileri COVID-19 keseliniň öňüni almak üçin üpjünçiligiň doly berjaý edilýändigini ençeme gezek yglan edipdi. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30625699.html 
Log in or sign up to add a comment