Радио Азатлык
added May 14 2019 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
Радио Азатлык
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
Радио Азатлык
added yesterday at 18:00
Hepdäniň jemi #12 (28.03.2020 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Dünýäniň koronowirus aladalarynyň fonunda Türkmenistanda köpçülik çärelerine görülýän güýçli taýýarlyk we ‘çäreçilik’ syýasatynyň mümkin bolan sebäpleri; owgan türkmenlerinden hiç bir wekiliň “Talyban” bilen gepleşjek hökümet toparyna goşulmazlygy we bu ýagdaýyň döreden reaksiýasy baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Радио Азатлык
added yesterday at 17:21
Prezidentler telefonda gürleşdi: TDH COVID-19 barada dymýar, UzA onuň maslahatlaşylandygyny aýdýar Döwlet eýeçiligindäki medianyň tassyklamagyna görä, döwlet baştutanyny soňky wagtlarda öz galam hakyny harçlap, regionlarda sadaka bermek praktikasyny has ýygjamladana meňzeýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji martda ýurduň demirgazyk welaýatyna iş saparyna baryp, Daşoguzdaky uly metjitde sadaka berdi we özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşdi. TDH bu
Радио Азатлык
added yesterday at 14:37
Туркменских фермеров обязали вырастить шелкопрядов или заплатить деньги Арендаторов государственных земель в дайханских объединениях Терс, Зарпчи, Мес Керкинского и Койтендагского этрапов Лебапского велаята в этом году заставляют выращивать шелкопряд или заплатить деньги. Похоже, что туркменские дайхане и в этом году снова будут подвергаться давлению со стороны властей, принуждающих их выращивать шелкопряда. Многолетний опыт показывает, что желающих добровольно выращивать шелкопряд не много, т
Радио Азатлык
added yesterday at 09:30
Elleri ykjam ýuwmagyň ähmiýeti Koronawirusa garşy iň netijeli we iň aňsat usul: bu eliňi ýuwmakdyr. Lukmanlar mümkin infeksiýany aýyrmak üçin elleriňizi sabyn, ýyly suw bilen ykjam ýuwmagy maslahat berýärler.
Радио Азатлык
added March 27 at 19:00
Türkmenabadyň döwlet azyk haryt dükanlaryna 3-4 gün bäri un getirilmeýär Soňky bir hepde bäri Türkmenabadyň döwlete degişli un we çörek önümleri satylýan dükanlarynda çörek gytaldy, alyjylar çörek satyn almak üçin dükanlaryň öňünde nobata garaşmaly bolýarlar. Hususy dükanlarda çörek döwlet bahasyndan has gymmat satylýar. Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti 26-njy martda ýurtda azyk üpjünçiligini kadalaşdyrmak maksady bilen döredilen pudagara toparyň düzümini tassyklady. Azatlyk Radiosynyň tür
Радио Азатлык
added March 27 at 18:00
Çeşme: Türkmenistana Azerbaýjandan paromly baran 10 adamda koronawirus tapyldy Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyna degişli ýagdaý barada dymmagyny dowan etdirýärler. DIM-niň 5-nji martda ýurtda keseliň ýokdugyny aýtmagyndan başga türkmen resmilerinden beýanat bolmady. Azatlygyň ýagdaýdan ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanda birnäçe keselläniň hasaba alnandygyny we sanlaryň artýandygyny aýdýarlar. 27-nji martda Azatlyk Radiosyna Azerbaýjandan Türkmenistana baradan paromyň ýolag
Радио Азатлык
added March 27 at 16:00
Источник: коронавирус обнаружен у 10 пассажиров парома, прибывшего в Туркменистан из Азербайджана Власти Туркменистана продолжают замалчивать ситуацию с распространениям коронавируса, других заявлений, кроме сообщения МИД страны 5 марта об отсутствии в стране заболевших, от туркменского руководства не было. По данным осведомленных источников Азатлыка в Туркменистане, непосредственно знакомых с ситуацией, в стране зафиксировано несколько случаев заболеваний, число которых растет. 27 марта Радио
Радио Азатлык
added March 27 at 15:30
COVID-19: Gazagystan çäklendirmeleriň gerimini artdyrýar; Özbegistanda ilkinji adam öldi Dünýäde koronawirusdan heläk bolanlaryň sany 24 müň adamdan geçdi, şeýle-de wirusa 534 müň adam ýolugdy. Hökümetler täze respitator hassalygynyň ýaýramagynyň öňüni aljak bolup tagalla edýärler. AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär. Gazagystan Gazak hökümeti ýurduň iň iri iki şäherinde çäklendirmeleriň gerimini artdyrdy. Häkimiýetler wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maks
Радио Азатлык
added March 27 at 15:00
В государственных магазинах Туркменистана не хватает продуктов, в банкоматах денег В то время, как правительство Туркменистана неустанно повторяет об обеспечении продовольственного изобилия в стране, ситуация с нехваткой продуктов в государственных магазинах и повышением цен в частной торговле продолжает ухудшаться. Кроме того, отсутствие денег в банкоматах и платёжных терминалах в торговых точках усугубляет проблемы населения. - Люди начинают собираться перед государственными магазинами с 6 ч
Радио Азатлык
added March 27 at 14:00
Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile Lebap welaýatynyň Kerki, Köýtendag etraplarynyň Ters, Zarpçy, Mes daýhan birleşiklerinden gelip gowşan maglumata görä, kärendeçilerden bu ýyl hem ýüpek gurçuklaryny idetmek ýa-da pul bermek talap edilýär. Türkmenistanda bu ýyl hem daýhanlara edilýän "pile sütemi" dowam etdiriljege meňzeýär; öňki ýyllaryň tejribeleri oba adamlarynyň bu işden köplenç zyýan çekýändiklerini, tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi, döwlet satyn
Show more
1 938 participants in the group
Birleşen Ştatlar we Russiýa isleg bildirýän raýatlaryny Aşgabatdan çykarmaga taýýarlanýar Birleşen Ştatlaryň we Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanalary isleg bildirýän raýatlaryny Türkmenistandan çykarmaga taýýarlanýarlar. Bu barada iki ýruduň ilçihanalarynyň websaýtlarynda habar berilýär. Bu waka dünýäde koronawirus pandemiýasy bilen bagly, türkmen häkimiýetleriniň halkara we ýerli uçar gatnawlaryny çäklendiren mahalyna gabat geldi. "Türkmenistanyň hökümeti ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, Türkmenistandan gitmek isleýän amerikan raýatlaryna Stambula uçjak uçarda çäkli möçberde ýer hödürlemekçidigini aýtdy. Bu uçar gatnawynyň haçan amala aşjakdygy häzirlikçe belli däl. Ýolagçylar uçar gatnawynyň töleglerini özleri tölemeli bolarlar, ýöne onuň näçe möçberde boljakdygy häzir belli däl" diýlip, amerikan ilçihanasynyň 20-nji martda çap eden maglumatynda aýdylýar. Şeýle-de, onda ABŞ-nyň ilçihanasynyň Aşgabatdan gitmäge gyzyklanma bildirýän amerikan raýatlarynyň sanawyny düzüp, olar barada maglumat ýygnaýandygy hem bellenilýär. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hem Türkmenistana wagtlaýyn gelen rus we beýleki ýurtlaryň​ raýatlarynyň Moskwa gitmegini guramalaşdyrmak üçin iş alyp barýar. "2020-nji ýylyň 17-nji martyndan Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda uçar gatnawlary togtadyldy. Munuň bilen baglanyşykly Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistana wagtlaýyn gelen rus raýatlaryny öz watanyna alyp gitmek mümkinçiligine seredýär" diýlip, rus ilçihanasynyň websaýtynda berlen maglumatda aýdylýar. Türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan "Orient.tm" neşiri ​24-nji martda ç​ap eden habarynda häzirki wagtda rus ilçihanasynyň Russiýanyň we beýleki birnäçe ýurduň raýatlarynyň Moskwa gitmegi üçin uçuş gatnawyny gurnaýandygyny habar berdi. "Muňa gyzyklanma bildirýänleriň umumy sany takmynan 100 adamdyr. Uçuş senesi barada soňra goşmaça maglumat berler" diýip, neşir rus ilçihanasynyň bu maglumatlary sişenbe güni mälim edendigini hem belleýär. Mundan ozal, has takygy 16-njy martda Belarusyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň websaýtynda Türkmenistandaky belarus raýatlaryny Russiýanyň üsti bilen Belarusa alyp gitmek boýunça Russiýanyň we Belarusyň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň özaralarynda ylalaşandygy habar berlipdi. Koronawirus pandemiýasy bilen bagly, dünýäniň onlarça ýurdy, şol sanda Türkmenistan öz gury ýer serhetlerini we deňiz postlaryny ýapyp, uçar gatnawlaryny çäklendirdi. 20-nji martda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, Türkmenistanyň 20-nji martdan 20-nji aprele çenli öz döwlet serhetlerini ýapandygyny habar beripdi. "Bu wagt aralygynda Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtlular we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistana gelip ýa-da ondan gidip bilmezler" diýlip, rus ilçihanasynyň habarynda aýdylypdy. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda maglumat göze ilmeýär. Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär. https://www.azathabar.com/a/30508278.html 
Log in or sign up to add a comment