Радио Азатлык
added May 14 2019 at 12:34
Самые актуальные новости на телеграм канале Азатлык! @azatlykradiosy +420 773 797 383 t.me/azatlykradiosy !!!! ПОДПИСЫВАЙТЕСЬ !!!!
Радио Азатлык
added April 5 2017 at 14:14
Уважаемые участники группы Радио Азатлык! В этой группе мы будем стараться давать самые свежие новости, сообщения, видео и фото репортажи о событиях, происходящих в Туркменистане и не только. В нашей группе вы найдёте эксклюзивные материалы, которые нельзя найти в других медиа каналах. Но нам также нужна ваша помощь! Приглашайте своих друзей в группу Радио Азатлык и активнее учавствуйте в дискуссиях. Также через группу вы можете отправлять нам сообщения о проишствиях и событиях, о которых в
Радио Азатлык
added yesterday at 18:00
Hepdäniň jemi #12 (28.03.2020 ý.) Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Dünýäniň koronowirus aladalarynyň fonunda Türkmenistanda köpçülik çärelerine görülýän güýçli taýýarlyk we ‘çäreçilik’ syýasatynyň mümkin bolan sebäpleri; owgan türkmenlerinden hiç bir wekiliň “Talyban” bilen gepleşjek hökümet toparyna goşulmazlygy we bu ýagdaýyň döreden reaksiýasy baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Радио Азатлык
added yesterday at 17:21
Prezidentler telefonda gürleşdi: TDH COVID-19 barada dymýar, UzA onuň maslahatlaşylandygyny aýdýar Döwlet eýeçiligindäki medianyň tassyklamagyna görä, döwlet baştutanyny soňky wagtlarda öz galam hakyny harçlap, regionlarda sadaka bermek praktikasyny has ýygjamladana meňzeýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji martda ýurduň demirgazyk welaýatyna iş saparyna baryp, Daşoguzdaky uly metjitde sadaka berdi we özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşdi. TDH bu
Радио Азатлык
added yesterday at 14:37
Туркменских фермеров обязали вырастить шелкопрядов или заплатить деньги Арендаторов государственных земель в дайханских объединениях Терс, Зарпчи, Мес Керкинского и Койтендагского этрапов Лебапского велаята в этом году заставляют выращивать шелкопряд или заплатить деньги. Похоже, что туркменские дайхане и в этом году снова будут подвергаться давлению со стороны властей, принуждающих их выращивать шелкопряда. Многолетний опыт показывает, что желающих добровольно выращивать шелкопряд не много, т
Радио Азатлык
added yesterday at 09:30
Elleri ykjam ýuwmagyň ähmiýeti Koronawirusa garşy iň netijeli we iň aňsat usul: bu eliňi ýuwmakdyr. Lukmanlar mümkin infeksiýany aýyrmak üçin elleriňizi sabyn, ýyly suw bilen ykjam ýuwmagy maslahat berýärler.
Радио Азатлык
added March 27 at 19:00
Türkmenabadyň döwlet azyk haryt dükanlaryna 3-4 gün bäri un getirilmeýär Soňky bir hepde bäri Türkmenabadyň döwlete degişli un we çörek önümleri satylýan dükanlarynda çörek gytaldy, alyjylar çörek satyn almak üçin dükanlaryň öňünde nobata garaşmaly bolýarlar. Hususy dükanlarda çörek döwlet bahasyndan has gymmat satylýar. Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti 26-njy martda ýurtda azyk üpjünçiligini kadalaşdyrmak maksady bilen döredilen pudagara toparyň düzümini tassyklady. Azatlyk Radiosynyň tür
Радио Азатлык
added March 27 at 18:00
Çeşme: Türkmenistana Azerbaýjandan paromly baran 10 adamda koronawirus tapyldy Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyna degişli ýagdaý barada dymmagyny dowan etdirýärler. DIM-niň 5-nji martda ýurtda keseliň ýokdugyny aýtmagyndan başga türkmen resmilerinden beýanat bolmady. Azatlygyň ýagdaýdan ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanda birnäçe keselläniň hasaba alnandygyny we sanlaryň artýandygyny aýdýarlar. 27-nji martda Azatlyk Radiosyna Azerbaýjandan Türkmenistana baradan paromyň ýolag
Радио Азатлык
added March 27 at 16:00
Источник: коронавирус обнаружен у 10 пассажиров парома, прибывшего в Туркменистан из Азербайджана Власти Туркменистана продолжают замалчивать ситуацию с распространениям коронавируса, других заявлений, кроме сообщения МИД страны 5 марта об отсутствии в стране заболевших, от туркменского руководства не было. По данным осведомленных источников Азатлыка в Туркменистане, непосредственно знакомых с ситуацией, в стране зафиксировано несколько случаев заболеваний, число которых растет. 27 марта Радио
Радио Азатлык
added March 27 at 15:30
COVID-19: Gazagystan çäklendirmeleriň gerimini artdyrýar; Özbegistanda ilkinji adam öldi Dünýäde koronawirusdan heläk bolanlaryň sany 24 müň adamdan geçdi, şeýle-de wirusa 534 müň adam ýolugdy. Hökümetler täze respitator hassalygynyň ýaýramagynyň öňüni aljak bolup tagalla edýärler. AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär. Gazagystan Gazak hökümeti ýurduň iň iri iki şäherinde çäklendirmeleriň gerimini artdyrdy. Häkimiýetler wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maks
Радио Азатлык
added March 27 at 15:00
В государственных магазинах Туркменистана не хватает продуктов, в банкоматах денег В то время, как правительство Туркменистана неустанно повторяет об обеспечении продовольственного изобилия в стране, ситуация с нехваткой продуктов в государственных магазинах и повышением цен в частной торговле продолжает ухудшаться. Кроме того, отсутствие денег в банкоматах и платёжных терминалах в торговых точках усугубляет проблемы населения. - Люди начинают собираться перед государственными магазинами с 6 ч
Радио Азатлык
added March 27 at 14:00
Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile Lebap welaýatynyň Kerki, Köýtendag etraplarynyň Ters, Zarpçy, Mes daýhan birleşiklerinden gelip gowşan maglumata görä, kärendeçilerden bu ýyl hem ýüpek gurçuklaryny idetmek ýa-da pul bermek talap edilýär. Türkmenistanda bu ýyl hem daýhanlara edilýän "pile sütemi" dowam etdiriljege meňzeýär; öňki ýyllaryň tejribeleri oba adamlarynyň bu işden köplenç zyýan çekýändiklerini, tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi, döwlet satyn
Show more
1 938 participants in the group
"Kesele ýoluganlaryň köpüsinde, başda düýpli alamat bildirmeýär". Biolog COVID-19 barada COVID-19 koronawirus infeksiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän pandemiýadan häzire çenli 20 müň çemesi adam ýogaldy, dünýäniň ähli böleginde 430 müň adamyň şol kesele ýolugandygy hasaba alyndy. Olardan diňe 116 müň adam keselden saplandy. Alymlar häzire çenli-de oňa garşy waksini taýýarlamagyň üstünde işleýärler hem ony öwrenmäge çalyşýarlar. Wirus näçe wagt ýaşap bilýär we ol nämeleriň üstünde saklanýar? Onuň ýaýramagyna howanyň täsiri bolýardy, ony ýaýratmazlygyň peýdaly usullary nämede? Bu barada ABŞ-yň Ostin şäheriniň Tehass uniwersitetiniň statistika hem biologiýa baradaky professory Loren Ensel Maýer bilen «Amerikanyň sesi» gürrüňdeşlik geçirdi. – Biz ABŞ-da bolýan häzirki ýagdaýlara, şeýle hem Italiýa we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna seredip, bu wirus barada täze nämeleri bilýäris? – Şol wirus bütin dünýä ýaýraly bäri, biz onuň örän çalt ýokuşýandygyna, ýagny ýaýraýandygyna gowy göz ýetirdik. Mundan daşary-da, onuň ýokuşan ýagdaýynda nähili agyr heläkçilige alyp barýandygyna düşündik. Oňa ýoluganlar keselhana düşmeli bolýarlar hem has ýaramaz ýagdaýlara-da garaşyp bolar. Şeýlelikde, biz wirusyň gaty çalt ýaýraýandygyna, köp halatda bildirgisiz artýandygyna göz ýetirdik. Ony başgalara ýokuşdyranlaryň köpüsi owal başda özüniň näsagdygyny, onuň alamatlaryny bilmändir hem keseli başgalara bilmezlikden ýaýradypdyr. Mundan daşary-da, garry – ýaşy gaýdyşan adamlaryň başgalara garanda has agyr keselleýändigini bildik. – Siz bilen öňki gezek gepleşenimizde, häzirlikçe ýogalan adamlar barada takyk statistika ýok diýipdiňiz. – Bu keselden ýogalanlaryň statistikasy barada biz entegem köp zady bilemzok. Onuň agyr netijelere alyp barýan örän howply wirusdygy belli, bu keselden ýogalýanlaryň sany bolsa barha artyp barýar, şeýle-de bolsa, ýogalanlaryň sanyny takyk kesgitläp bilmeýäris. Kesellän adamyň ahyrky netijede hut nämeden ölendigi bir mesele bolup galýar. Şonuň üçinem bizde hut wirusdan ölenleriň sany bilen oňa ýokuşanlaryň näçedigi barada takyk maglumat ýok. Bagyşlaň, men muny ýene-de aýdýan, ölýänleriň statistikasy bilen baglanyşykly entek köp zat nämälim, ony takyk kesgitlemek kyn, sebäbi onuň hut şol wirusdan ölendigini ýa-da başga bir nämälim dertden ýogalandygyny takyklap bolanok. – Näme üçin häzir ol wirusyň haýallaýandygyna ähmiýet berilýär? Biz bu infeksiýanyň adamlaryň gündelik durmuşyna nähili agyr täsir edýändigini şu ýerde – ABŞ-da görýäris. Berk çäreleri girizmek şeýle möhümmi? – Biz bu keseliň gaty agyr netijelere eltýändigini aýtdyk, käbir ýaşlardaky adamlarda onuň howpy aşa ýokary bolýar. Biz adamlary goramaga, olaryň bu derde uçramazlygyna borçludyrys. Şeýle-de bolsa, biz ony saklap bilemzok, sebäbi wirus gaty çalt ýaýraýar. Şoňa görä wirusyň başgalara geçmeginiň öňüni almak üçin, adamlar arasyndaky kontakty çäklendirmek zerur bolýar. Bu ýerde başga howply ýagdaýlar hem bar, diňe bir uly ýaşdakylar bu keseli agyr başdan geçirmän, eýsem, başgalara-da ýeňil däl, keselhanalarda näsaglar üçin orunlar ýetmeýär, näsaglara möhüm ýardam etmeli doktorlar işine ýetişenoklar. – Bu wirus yssy howa şertlerine çydamsyz bolar diýen pikirler aýdylýar. Bu barada size nämeler mälim? – Bizde häzirlikçe tomusda howanyň gyzmagy ýa-da çyglylygyň ýokarlanmagy bilen ol wirusa nähili täsir etjekdigi barada ynamly maglumat ýok. Ýöne respirator epidemiýanyň howanyň belli möwsümlerinde öjügýändigi bize mälim. Meselem, tomsa garanda, okuw ýyly möwsüminde ol has ýaýragyç bolýar. Gripp meselesinde-de şeýle, onuň ýaýramagyna howanyň täsir edýändigine maglumat bar, hususan, tomusda onuň ýaýramagy haýallaýar. Ýöne iň möhüm faktor – biziň özümizi alyp barşymyz. Wirusyň tomusda däl-de, aýratyn gyşda ýaýramagynyň sebäbi, tomusda çagalar mekdebe gitmeýärler, gyşda bolsa olar biri-birine ýokaşdyrýarlar. – Doktorlar koronawirus ýokuşanlar bilen kontaktda bolanlaryndan soň, nähilidir bir özgerişlik döräp bilermi? Bütindünýä Saglyk Guramasy bejeriş işleri geçirilende, käbir ýagdaýda wirusyň howa arkaly ýaýrap biljekdigini mälim etdi. – Biz bu wirusyň ýaýraýyşy barada täze maglumatlary alýarys, şol maglumatlaryň görkezişi ýaly, medisina edaralarynda oňa ýoluganlaryň sany artýar. Indi biz wirusyň gaty zatlaryň üstünde-de ýaýrap biljekdigine düşünýäris. Ol köp sagatlap, bir gije-gündizden gowrak gaty jisimleriň üstünde saklanyp bilýär. Şonuň üçin diňe medisina işgärlerine däl, tutuş millete möhüm bolan ähli çäreleri görmegi sargaýarys. Bu ýerde gürrüň şol kesele ýoluganlar bilen göni gatnaşykda bolýanlar barada däl, eýsem haýsydyr bir umumylykda ulanylýan serişdeler arkaly kontaktda bolýanlar hakda-da gidýär. – Golaýda Allergiýa we infeksiýa keselleriniň Milli instituty ol wirus daşarda açyk howada hem-de gaty jisimleriň üstünde birnäçe sagat ýaşap bilýär diýen maglumaty mälim etdi. Siz oňa kommentariýa berip bilermisiňiz? Alymlar SARS-CoV-2 koronawirusynyň örän ýiti respirator sindromyny berýändigini, howada 4 sagada çenli, karton kagyzyň ýüzünde 24 sagatlap, poslamaýan hem plastiki jisimleriň üstünde 2-3 günläp saklanmaga ukyplydygyny kesgitläpdirler. – Meniň pikirimçe, bu açyşyň örän möhüm aýgytlaýjy ähmiýeti bar. Biz indi töwekgelçilikli şertlerde işleýan medisina işgärlerini goramak üçin, goşmaça çäreleri nazarda tutmaly bolýarys. Bize wirus ýokuşan adamlar bilen kontaktda bolanymyzda, örän seresaply bolmagy nazarda tutmagymyz gerek. – Ol wirusyň ýaýramagyny peseltmek üçin, amerikanlylar mümkin bolan çäreleri görýärlermi? Ýene nämeleri etmek zerur? Kim gürlese, şu meseläni ulaldýan ýaly bolup dur. – Meniň pikirimçe, ABŞ bu howpa örän çynlakaý çemeleşýär. Ençeme möhüm çäreler lokal ýagdaýda çözülýär; şäher öz ýaşaýjylarynyň arasynda ol keseliň artýandygyny bilse, goşmaça çäreleri girizýär. Bu ýagdaýy ulaldyp görkezmek däl, hakyky ýagdaý şeýle, ol agyr. Kesellänleriň köpüsini keselhanalara ýerleşdirmeli bolýar. Şonuň üçinem zerur wagtynda möhüm çäreleri görmeli. – Ýagdaýyň mundan beýlägem ýaramazlaşmagyna garaşyp bolarmy? Biz häzir nämä bil baglamaly? – Ertirki gün näme boljagyny çaklamak örän kyn. Ýöne biz zerur çäreler görlende, wirusyň ýaýramagyny çäklendirip bileris. Beýleki ýurtlarda keselçiligiň dörän ojaklarynyň berk gözegçilikde saklanýandygyny görýäris. Olar bu wirusa ýoluganlary çalt aýan edýärler hem ony başgalardan üzňeleşdirýärler, onuň bilen kontaktda bolanlaryň ählisini karantine alýarlar, adamlardan bolsa köpçülik bolup jemlenmezligi talap edýärler. Meniň pikirimçe, şol ýurtlarda, şol halklarda alnyp barylýan çäreler bizde ýagşy ynam döredýär. Bizem haýal etmezden, şeýle ynamly hereket etsek, gysga wagt içinde ol wirusyň ýaýramagyny çäklendirip bileris. https://www.azathabar.com/a/30510415.html 
Log in or sign up to add a comment