NÄME ÜÇIN DÜÝŞÜME GIRÝÄÑ...😢
Yşgymyzyñ bägülleri solanda,
Sen nämüçin meniñ düýşime girýäñ?
Gideniñde, diýmänmidim, ''dolanma''
Indi näme meniñ düýşüme girýäñ?
Öñ aýymdyñ, sowgat etdiñ tümleri,
Ezýet bilen kän geçirdim günleri,
Indi başga üçin bogýan gülleri,
Sen nämüçin meniñ düýşüme girýäñ?
Ynam bar ýerinde söýgi, ýakym bar,
Çeşme bar ýerinde, dury akym bar,
Sen indi meñki däl, näme hakyñ bar?
Sen nämüçin meniñ düýşüme girýäñ?
Her gün, başga gyzlar bilen söz alşyp,
Ýürek jäjek däldir ,oýnara çalşyp,
Etmeýän halyña, huşumda oñşuk,
Sen nämüçin meniñ düşüme girýäñ?
Saña bagly däldir, pelegiñ çarhy,
Sen bolduñ, bolmadyñ indi ýok parhy,
Nola ýetenden soñ ,söýginiñ nyrhy,
Sen nämüçin meniñ